Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň ýyly
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM

Beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň ýyly

Agzybir türkmen halkymyz Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze 2018-nji ýyly hoş habarlar bilen garşy aldy. Eziz Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde ýene-de artdyrjak bu ýakymly hoş habar Italiýadan gelip gowuşdy. Italiýanyň döwlet teleradio koorporasiýasynyň medeniýet baradaky gepleşiklere aýratyn üns berýän “Rai3” teleýaýlymynyň Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrmagy biziň buýsanjymyzy artdyrdy.

 Türkmenistanyň taryh derejesinde ýeňiji bolmagy, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän döwründe eziz Watanymyz üçin uly mertebedir. Daşary ýurtly syýahatçylar, jahankeşdeler biziň ýurdumyza gelip görseler, arzuwlary, islegleri hasyl bolar. Myhmansöýerligi, güler ýüzlüligi açyk göwünligi, üýtgeşik däp- dessurlary, datly tagamlary, gadymda jahana meşgur bolan Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan ýaly ýerleri gören syýahatçylar gelenlerine ökünmezler. Ýurdumyz üçin syýahatçylyk pudagy girdeýjili pudaga öwrüler. “Awaza” syýahatçylyk zolagy has-da öser. Täze atly “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly eziz diýarymyz beýik ösüşlere beslener, dünýädäki abraýy has-da artar. Berkarar döwletimiz açyk bitaraplyk, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen gidip, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanper, gatnaşyklary ösdürer.

Merdana halkymyzyň eşretli, abadan, asuda, bol-elin durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin mähriban Arkadagymyz uly aladalar edýär. Halkymyzyň ýaşaýyş şertleri, durmuş taýdan goraglylygy howandar Prezidimiziň hemişe üns merkezinde. 1-nji ýanwardan aýlyk zähmet haklarymyz, döwlet pensiýalarymyz, kömek pullarymyz... 10 göterim ýokarlandy. Hal-ýagdaýymyzy, durmuşymyzy gowulandyrmak üçin halk bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmen halkyny aýdyň ýollardan alyp barýan, il-gününi yzygider begendirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik başlangyçlary, tutumly işleri rowaç bolsun! 

Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06608 sek. ýüklenen baýt: 30717