Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ählumumy energetika howpsuzlygynyñ we abadançylygyñ hatyrasyna hyzmatdaşlyk.
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM
Ählumumy energetika howpsuzlygynyñ we abadançylygyñ hatyrasyna hyzmatdaşlyk.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde iri energetika döwletleriniñ hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy we häzirki döwürde özüniñ energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanda alnyp barylýan daşary syýahat hoşniýetli ýörelgä esaslanyp, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiñ köptaraply we ygtybarly ýollaryny döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu daşary syýasatyñ çäklerinde iri kompaniýalar, uly halkara guramalar, zeminiñ çar künjünde ýerleşýän döwletler bilen özara bähbitli işjeñ hyzmatdaşlygy alyp barmagy dowam etdirýär.

Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiñ döreýändigini alamatlandyrýan «Türkmenistan-Hytaý» hem-de «Türkmenistan-Eýran» halkara gazgeçirijileri guruldy. Hytaýa akdyrylýan gaz Gündogar Aziýanyñ bazaryna ýol açdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyñ Ýewropa ykdysady toparynyñ Durnukly energetika boýunça komitetiniñ wisse başlyklygyna, şeýle hem Energetika Partiýasynyñ başlyklygyna saýlanyldy.

Bulardan başga-da Aziýa sebitinde syýasy we ykdysady durnuklylygy   has-da pugtalandyrjak «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gazgeçirijisiniñ taslamasyny durmuşa geçirmegiñ ýollary kesgitlendi. 2010-njy ýylyñ dekabrynda Aşgabatda oña gatnaşýan döwletleriñ sammiti boldy. Şonda bu gaz geçiriji hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga we TOPH gazgeçirijisiniñ taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyna gol çekildi. Häzir bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda giñ möçberli işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, golaýda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniñ, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniñ we energiýa geçirijileriniñ taslamalarynyñ durmuşa geçirilişiniñ netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriñ utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyñ Prezidenti Karara gol çekdi.

«Galkynyş» käni halkara derejesi boýunça ägirt uly goruñ nobatdaky sybutnamasydyr. Onuñ özleşdirilmegine daşary ýurtlaryñ iri kompaniýalary gatnaşýarlar. Bu käniñ ilkinji nobatdakysyna degişli bolan harytlyk gazy taýarlamak boýunça zawodlar toplumy gurlup ulanmaga berildi.

Bu käni işläp taýarlamak boýunça ägirt uly taslamanyñ durmuşa geçirilmegi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin hem örän ähmiýetlidir. «Galkynyş» käni bu taslamanyñ esasy çig mal gory bolup hyzmat eder. TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek meselesine bagyşlanyp ýörite halkara bilermenleriñ gatnaşmagynda pikir alyşmalaryñ guralýandygyny hem aýtmalydyrys, onda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar ilkinji çeşmelerden anyk maglumatlary alyp bilýärler.

«Gündogar-Günbatar» gazgeçirijisi zerur ugurlara gazy üznüksiz ibermegi üpjün etmek üçin içerki gazgeçirijileri ösdürmägi göz öñünde tutýar. Şonuñ üçin hem Türkmenistanyñ öñünde diñe bir nebitgaz pudagyny ösdürmek däl, eýsem önümleriñ satylyşyny hem sazlaşykly ýola goýmak wezipesi durýar.

Biziñ ýurdumyzda «mawy ýangyjyñ» ummasyz köp gorlary bar. Bilermenleriñ deslapky hasaplamalaryna görä, «Galkynyş» känindäki tebigi gazyñ möçberi 26 trillion 200 milliýard kub metre barabardyr. Bu bolsa tebigy gazyñ gorlary boýunça biziñ ýurdumyzy dünýäde dördünji orna çykarýar. Bu baýlyklar diñe bir halkymyzyñ däl, eýsem tutuş adamzadyñ bähbitlerine hem hyzmat edip, ýurdumyzyñ ykdysadyýetini ösdürmekde, ilatyñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda we dünýäniñ ykdysady ulgamyna işjeñ gatnaşmakda uly ähmiýete eýedir.                

Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05463 sek. ýüklenen baýt: 33531