Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri.
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM

Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk pudagy ýokary depginler bilen ösýär. Prezident maksatnamasyna laýyklykda,   welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerinde, şäherçelerinde hem-de obalarynda gurluşyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar.

Dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen, Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda hem alnyp barylýan durmuş ähmiýetli gurluşyk işleri barha ýokary depginlere eýe bolýar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, ýaşamaga oňaýly,ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler yzygiderli gurulýar. Bulardan başga-da gurlup ulanylmaga berlen we gurulýan bilim ojaklary, edara-binalary, stadionlar we beýleki desgalar paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. 

Ak şäherimiz Aşgabat ak mermerli binalary bilen dünýä ýalkym saçýar.Paýtagt şäherimiz diňe Türkmenistanda däl, eýsem ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem tanalýar. Aşgabat ak mermerli gözel binalary, döwrebap inženerçilik ulgamynyň ählisini özünde jemleýän myhmanhanalary, täsin suw çüwdwrimleri we beýleki özboluşly desgalary bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolýar. Ak mermere beslenýän  beýik binalary bilen Ginnesiň täsinlikler kitabyna girizilen Aşgabat bu gün täze sepgitleri nazarlap ösýär, özgerýär, gözelleşýär.

Ak şäherimizi toplumlaýyn ösdürmek göz öňünde tutulyp, ony gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerine yzygiderli seredilip geçilýär. Her bir gurulýan täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary, häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Paýtagt şäherimizde alnyp barylýan gurluşyklar işlenip taýýarlanylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän örän wajyp we möhüm ähmiýetli taslamalar sanardan köp. Ajaýyp taslamalar bolsa, paýtagtymyzyň nurana geljeginden habar berýär.Ýurdumyzyň taslamaçylary, binagärleri,  gurluşykçylary milli Liderimiziň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler. 

Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan täze taslamalar ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigini, onuň ilatynyň sanynyň artýandygyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýar. Olar adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bildirilýän ýokary talaplara we häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýär. Şonuň ýaly giň möçberli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerip, müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän has oňaýly öýlere göçüp bardylar.

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip,  binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde has-da gözel görnüşe, gaýtalanmajak keşbe eýe bolýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar toplumy ulanmaga berildi. Häzirki döwürde16-njy tapgyryň taslamalary boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Golaýda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Aşgabat şäheriniň häkimi ugurdaş desgalar toplumyny we işewürlik merkezini özünde jemleýän täze myhmanhananyň gurluşygynyň taslamasy hakynda hasabat berdi. Myhmanhana A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýär. Munuň özi paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň howa menziliniň ýakynynda ýerleşmäge oňaýly mümkinçilikleri döredýär. 6,9 gektar meýdanda ýerleşjek täze myhmanhana dokuz gatdan ybarat bolup, onda 90-na golaý myhman otaglaryndan başga-da, iş otaglary, söwda merkezi, restoran we milli toý-dabaralaryny, dessur çarelerini geçirmäge niýetlenen zallar göz öňünde tutulan. Bu ýerde görkezilen taslamalarda täze desganyň özboluşlulygy, milliligi we döwrebaplygy has aýdyň duýulýar.   Myhmanhananyň binagärlik çözgüdinde Türkmenistanyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň tebigy ayratynlyklary öz beýanyny tapypdyr. 

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegini nazarda tutup, täze myhmanhananyň “Garagum” diýlip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem bu özboluşly toplumyň Halkara howa menzilinden görünmelidigini nygtady. 

Aşgabat şäheriniň häkimi Köpetdagyň etginde ýene-de bir täze kaşaň myhmanhananyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini hem habar berdi.

Aşgabat häzirki döwürde Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilip, ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň we beýleki işewür adamlaryň sany gün-günden artýar. Munuň özi paýtagtymyzda halkara maslahatlary, beýleki iri möçberli çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz şäher häkimine dürli maslahatlary, kongresleri we beýlekileri ýokary derejede guramak üçin döwrebap halkara işewürlik merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary hem berdi. Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin iň oňaýly şaherleriniň birine öwürmäge ýardam berýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň tiz durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny hem hygtady.

Okalan sany: 132   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05731 sek. ýüklenen baýt: 35752