Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Küştdepdi-asyrlaryň mirasy
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM
Küştdepdi-asyrlaryň mirasy


Halkymyzyň has gadymy taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan küştdepdi bu günki gün ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Şu ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Arkadagymyzyň kalplary joşduran bu buýsançly habary heňňamlaryň heňini özüne siňdiren küştdepdini has içgin öwrenmäge mümkinçilik berdi. Sebäbi Hormatly Prezidentimiziň geçmiş toýlarymyzyň hem-de şu günki toý-baýramlarymyzyň gelşigi, şowhuny bolan halk döredijiliginiň bu görnüşiniň taryhy bilen içgin gyzyklanmaga giň ýol açdy. Halk döredijiliginiň her bir görnüşini içgin öwrenmek, yzarlamak, köplenç ýagdaýlarda türkmen halkynyň başdan geçiren gyzykly we gymmatly taryhy maglumatlarynyň hem üstünden eltýär.


Halk döredijiliginiň bu görnüşi häzirki döwürde has-da giň gerim bilen ösýär. Ol ýurdumyzda bellenip geçilýän her bir toýlarynyň, baýramçylyklarynyň bezegi bolmak bilen, halkyň göwnüni göterýär. 

Umuman, küştdepdi bentleriniň hiç birinde-de adamy sussypeslige düşürýän    ýa-da şoňa meňzeş pikirlenmelere iterýän bentler duşmaýar. Sebäbi, küştdepdiler gursagy hyjuwdan doly ýaşlar we dili çeper ýaşulular tarapyndan döredilýär. Ol setirlerde halkyň bagtly, medeniýetli durmuşy, arassa ahlagy, halal zähmet çekişi, adyl syýasaty wasp edilýär.
   




Okalan sany: 114   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09135 sek. ýüklenen baýt: 30307