Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
KEMENÇELI SAZ GURALLARY
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM
KEMENÇELI SAZ GURALLARY

Baý saz medeniýete eýe bolan türkmen halky eýýam gadymy döwürlerde dürli saz gurallaryny döredipdi. Türkmen halky geçmişde 72 guralyny döreden gadymy halklygy bilen tanalýar. Kalby aýdym-saza ýugurlan türkmen taryhda dürli saz gurallary döredip, nesillere baý medeni mirasy galdyrypdyr. Bu saz gurallar uzak taryhy döwür içinde dürli görnüşlere we atlara eýe bolýar. Olardan dutar we gyjak saz guraly türkmen halkynyň durmuşyna has berk ornaşandyr.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy eserlerinde, halk eposlarynda, sazşynaslaryň, folklorçylaryň ylmy işlerinde we köp sanly syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň saz gurallary barada gymmatly maglumatlary bar. Alymlar türki halklarynyň arasynda ýaýran uzyn saply, kiçi kädili saz gurallarynyň ählisi gözbaşyny gadymy tanbur saz gurallaryndan alyp gaýdýar – diýip, netije çykarýarlar.

Gyjak kirişli, kemençeli saz guraly bolup, ol tut agajyndan, tabak görnüşli şekilinde ýasalýar. Gyjagyň kemençesi göni ýa-da ýarym aýlaw görnüşde agaçdan ýasalýar, oňa atyň saçlary berkidilýär. Geçmişde “gyjak” sözi peýda bolmazyndan öň, bu saz guralynyň başgaça atlandyrylan bolmagy hem mümkin.

Türkmen gyjagynyň göwrümi we ses hatary dutaryň ses hataryndan tapawutlanmaýar. Gyjagyň ortaky kirşi dutaryň aşaky taryna meňzeşdir. Onuň ýokarky kirşi dutaryň ýokarky tarynyň ornuny tutmak üçin niýetlenendir.
Dutar saz guralynyň ir wagtlarda tanbur, tamdyra, saz, gazma atlarynyň bolandygyny dürli çeşmelerden bilýäris. Bu atlaryň gelip çykyşy hakynda dürli çaklamalar bar.

Türkmen dilinde “saz” sözi köp manyda ulanylýar. “Saz” sözi sazlaşmak diýen manyda bolup, birnäçe zadyň özara sazlaşmagyna, tertipleşmegine, gelişmegine aýdylyp, saz guralynda onuň sazlaşykly ýasalmagyna, kirişleriniň sazlaşykly düzülmegine aýdylýar. “Görogly”, “Nejep oglan” ýaly dessanlarda dutaryň ady “saz” görnüşinde ulanylýar.

Dutaryň “saz” ady nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde duş gelip bolýar. Goşgylarda dutaryň ýasalyşyna salgylanyp, onuň “saz” diýip atlandyrylmagyny ýerlikli hasaplasa bolar. Dutar tut agajyndan ýasalýar  hem-de oňa tar birikdirilýär. Şu aýratynlyklar sebäpli-de ata-babalarymyz “Tut-tar” diýen özboluşly at döredipdirler. Soňra, wagtyň geçmegi bilen bu söz halkyň gepleýiş dilinde özgerip “dutar” görnüşinde adygyp galypdyr.

Türkmen dutarynyň täze, kämilleşdirilen prima, sekunda, bas, kontrobas ýaly görnüşleri bilen birlikde plektrli, ýagny kiriş kakar çalynýan görnüşleri-de peýda boldy. Ilki saz gurallarynyň döwlet orkestrinde, soňra ýurdumyzyň çeper höwesjeňler toparlarynda giňden ulanylyp başlanan bu görnüşi geçen ýüz ýyllygyň ortalaryndan soň has mäkäm ornaşdy.

Okalan sany: 227   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05760 sek. ýüklenen baýt: 32002