Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TARYHY WAKANYŇ GUWANJY
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM
TARYHY  WAKANYŇ  GUWANJY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň Baş edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy göwünleri galkyndyrdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşigine agza ähli ýurtlar tarapyndan goldanylmagy göwünleri galkyndyrdy. Ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Mähriban Arkadagymyzyň bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Milli Liderimiziň netijeli teklipleri diňe biziň ýurdumyz we sebitimiz üçin däl-de, eýsem tutuş dünýä üçin hem strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň tagallalary esasynda BMG-niň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça täze hukuk we guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe çäreler geçirildi. Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi, onuň awtordaşlary hökmünde 74 döwlet çykyş etdi.

Bu taryhy waka Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň gürrüňi edilýän mesele babatda öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň guwançly netijesi boldy. Ýene belläp geçmeli zat bolsa, döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň barha rowaç alýanlygydyr. Şeýle başlangyçlaryň düýp maksady hem bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.

“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan Täze 2018-nji ýylyň ilkinji günlerinde welaýat adalat edaralarynyň işgärlerinde ýokary ruhubelentligi we guwanç duýgusyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda welaýat adalat bölüminde Birleşen Milletler Guramasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmeginde Türkmenistanyň tutýan möhüm orny barada maslahat geçirildi.

Biz eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki şeýle belent abraýyna çäksiz guwanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz gülläp össün!

Okalan sany: 76   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05206 sek. ýüklenen baýt: 31974