Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Keremli, sahawatly ýylyň ýylysy ýürekleri ýyladar
Ýazylan wagty: 25 января 2018 Ýazan NEXTTM

Keremli, sahawatly ýylyň ýylysy ýürekleri ýyladar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşyl Tuguny belentde parladyp bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Keşbiniň tanalmaz derejede özgerýändigi, ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen kämil, köpugurly gatnaşyklary ýola goýýandygy bilen tanalýan Türkmenistan döwletimizde günüň günden, aýyň aýdan, ýylyň ýyldan parhynyň kändigini her ädimde duýýarys. Watanymyzyň taryhyna şanly sahypalary ýazan 2017-nji–Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlandy. 

Bu ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen şanly wakalar Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belentliklere çykardy. Bu ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda türkmeniň Ak Öý binasynyň açylmagy we onda  geçirilen Ýaşulular maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatyndan dörän, dürdäne setirleri bilen her bir okyjyny özüne bendi eden ,,Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’’ atly ajaýyp kitaby halkyň eline gowuşdy. Bu kitap türkmen halkynyň gecmişinden şu gününe şöhle saçýan şamçyraga öwrüldi. Türkmenleriň kitaba, pähim-parasata goýýan hormaty aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu barada türkmeniň beýik akyldar şahyry  Magtymguly Pyragy: ,,Kitap okan gullar magnydan dokdur’’ diýip belläp gecýär. Her bir kitap okaýan adamyň kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy artyp, gözýetimi giňeýär. 

Kitapda ägirt uly taryhy miras bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy döwürlerden bäri  halklary, ýurtlary özara ýakynlaşdyrandygy, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirendigi barada gürrüň berilýär.  Şeýle-de bu ajaýyp kitap Beyik Ýüpek ýoly baradaky we gözelligi hem-de beýikligi bilen hayrana galdyran uly-uly şäherleriň, aýry-aýry binalaryň her biri hakyndaky rowaýatlary, taryhymyz baradaky takyk ylmy maglumatlary,  gymmatly ýazuw çeşmeleri özünde jemleýär. 

Bu kitaba ,,Turkmenistan – Beýik Ýupek ýolunyn ýuregi’’ diýlip dakylmagy ýöne ýerden däldir. Hytaýdan gelen tajirler Türmkenistanyň çäklerinde ýerleşen, has dogrusy Amulda, Merwde, Nusaýda, Köneürgençde gurlan uly bazarlarda öz söwdalaryny edipdirler. Irki döwürlerde söwda – satyk işlerinde iň esasy we iň gymmatly haryt ýüpek bolupdyr. Biziň ýurdumyza ýüpegiň- ýüpek gurçugynyň getirilendigi barada gyzykly hem täsirli rowaýatlar bu kitapda öz beýanyny tapypdyr.

Bir hakykaty bellemelidiris. Biziň ata Watanymyz – Türkmenistan gadymy-taryhy ýadygärlikleriň mekany. Gadymy şäherlerde we Dehistan, Nusaý galasy, Yzmykşyr, Köneürgenç, Merw ýadygärlikler toplumy, Seýitjemaletdin ýadygärligi, Ilarslan, Tekeş, Törebeg hanym kümmetleri, Gutluk Temiriň minarasy, Astanababa kümmeti, Mälik Pälwan ýaly taryhy ýadygärliklerde haýran galarlykly täsinlikleri görmek bolýar. Ol ýerlerden tapylan tapyndylar özüniň taryhylygy, binagärlik gurluşynyň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp taryhy merkezleriň bolmagy Türkmenistanyň gadymyýete juda baý ýurtdugyny görkezýär. Watanymyzy magrypdan–maşryga aýlanyp çykanyňda hem, alym–arheologlaryň işlerini okanyňda hem, suratkeşleriň bu ugurda çeken suratlaryny synlanyňda hem bu hakykata göz ýetirmek bolýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň güllän döwürleri uzak dowam edip, içerki hem-de daşarky söwda babatynda Günbataryň hem-de Gündogaryň  özara gatnaşygynda uly orny eýeläp, harytlaryň söwdasyna, ylmyň we bilimiň, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryň ýaýramagyna uly itergi beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugurlary syýasy ylalaşygyň, özara düşünişmegiň, ykdysady diplomatiýanyň  möhüm serişdesi bolupdyr.   Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan bu gün dünýä uzaýan ýollary gurýar, olary birleşdirýär. Beýik Ýüpek ýoluny täze, döwrebap derejedäki halkara hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürýär. Bu babatda milli Liderimiziň başlangyçlary iň iri halkara bileleşiginiň – BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ýaňlandy we ýkrar edildi.   
 Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda şeýle sözler bar: ”Toý-dabara bilen garşy alýan 2018-nji ýylymyz hem, nesip bolsa döredijilikli zähmetiň uly üstünlilkleriň ýyly bolar. 

Biz 2018-nji ýyla ,,Türkmenistan –– Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’’ diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär.

 Halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly goşant goşýar”.

Öz halkyny gün kimin çoýýan Hormatly Prezidentimiziň aýdan senaly jümleleri geçmişimize sarpa, şu günümize buýsanç, aýdyň ertirlerimize uly ynam döretdi. Işlemegi, gurmagy, döretmegi başarýan halkymyz halk hojalygymyzyň ähli ulgamlarynda joşgunly zähmet çekýär. 
 
Merdana ata-babalarymyzyň ruhy köklerinden ylham almak, halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Her bir ýyl bilen bagly aýdylan pähimler hem dilden-dile geçip şu günlerimize gelip ýetipdir. It ýylyna hem Gut ýyly diýipdirler. “Gut” sözi “bagt” sözi bilen manydaşdyr.
 
2018-nji ýyl – It ýyly - Gut ýyly, bagtly ýyllaryň biri bolar. Ol türkmen halkynyň taryhyna täze altyn sahypalary ýazar. Keremli, sahawatly ýylyň ýylysy ýürekleri hem ýyladar. Watanymyzyň şan- şöhratyny has belende göterer. Başlary buýsançly, ýürekleri hyruçly ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza  bolan söýgüsi hiç haçan kemelmez. Mähriban Watanymyz, agzybir halkymyz biziň üçin mukaddeslikdir. Bu gün şol mukaddeslikleriň şuglasy bütin äleme nur paýlaýar. Ol nur ýüreklerden- ýüreklere barýar. 

Okalan sany: 180   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05448 sek. ýüklenen baýt: 36046