Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HEZRETI PYGAMBERIMIZIŇ AHLAGY
Ýazylan wagty: 25 января 2018 Ýazan NEXTTM
HEZRETI PYGAMBERIMIZIŇ AHLAGY

بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ

Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz Hezreti Pygamberimiziň ahlagy barada bolar.

Pygamberleriň iberliş maksady mukaddes kitabymyz bolan Kurany Kerimde şeýle nygtalýar: 
وَمَا نُرْسِلُ الْمُرْسَل۪ينَ اِلَّا مُبَشِّر۪ينَ وَمُنْذِر۪ينَۚ فَمَنْ اٰمَنَ وَاَصْلَحَ فَلَا خَوْفٌ عَلَيْهِمْ وَلَا هُمْ يَحْزَنُونَ وَالَّذ۪ينَ كَذَّبُوا بِاٰيَاتِنَا يَمَسُّهُمُ الْعَذَابُ بِمَا كَانُوا يَفْسُقُونَ
“Biz pygamberleri gowulyklary buşlaýyjylar we azaplary duýduryjylar edip iberendiris. Iman getirip, özüni düzedenlere gorky ýokdur, olar gynanmazlar-da. Aýatlarymyzy inkär edenlere bolsa edýän pyssy-pyjurlyklary sebäpli azap ýolugar.” 
Şol sebäpli hem her bir kowum Allatagala tarapyndan özlerine iberilen Pygambere boýun bolmaly, ony özlerine görelde edinmelidirler.

*Hojaýynlara hyzmatgärlerini öz iýip-içýän zatlaryndan naharlamalaryny ündärdi hat-da ölüm ýassygyna başyny goýanda-da: “Eliňiziň aşagyndaky hyzmatçylara we işgärlere gowy serediň, olaryň haklaryny iýmäň we namazyňyza berk boluň” diýip sargyt edipdi;
*Hemişe saçagyň başyndan doly doýman, ýarym aç ýagdaýda turardy;
*Tämizlige örän ähmiýet bererdi we ony berjaý ederdi;
*Hususy işlerini özi ederdi;

*Asla dünýä malyna göz dikmezdi. Hat-da öz ýanynda dünýä maly barada gürrüň edenlerinde: “Eşitmänmidiňiz, sada durmuş imandandyr” diýipdi.
*Köplenç iýýäni arpa we hurmady, Allanyň huzuryna gowşanynda hem öýünde arpadan başga hiç bir iýmit ýokdy;
*Hiç kimiň aýybyny ýüzüne urmazdy;
*Örän adalatlydy;

*Musulmanlary zähmet çekmäge, ylym öwrenmäge höweslendirerdi.
*Elmydama hakykatyň tarapdarydy;
*Zulum we süýthorlygyň duşmanydy;
*Ynsanlaryň bähbidi üçin öz bähbidini terk ederdi;
*Adamlara baýlygyna we mertebesine görä däl-de takwalygyna we ahlagyna görä baha bererdi;

Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam ähli tarapdan hem görelde alarlyk kämil we ajaýyp ynsandyr. Çünki Allatagala ony iň kämil ahlagy tamamlamak üçin iberendir. Ahlaklylyk bolsa jennetlik adamlaryň sypatlaryndan biridir. Şol sebäpli hem her bir adam Hezreti Pygamberimizi ahlak-syraty, ýaşaýyş-durmuşy, emir-nesihatlary bilen doly tanamaklyga, ony öwrenmeklige, özüne görelde edinmeklige, emir we maslahatlaryny berjaý etmeklige borçludyr. Çünki onuň ahlagy Kurany Kerimiň ahlagydyr. Hezreti Aýşa enemizden özüne Resulallanyň ahlagy barada soranlarynda: “Siz Kuran okamaýarsyňyzmy?! Alla resulunyň ahlagy Kurandy” diýip jogap beripdi.

Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam dünýäde dogrulygy we dogruçyllygy, amanada wepalylygy, asylly ahlak we häsiýeti, dürüslik we halallygy gazanmagy başaranyň, gazanyp bilmedik başga zatlary üçin gynanmazlygyny sargyt edipdir.
Wagzymyzy Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemiň şu bereketli dogasy bilen tamamlalyň: “Eziz Allam! Hormat duýmaýan kalbdan Saňa sygynýan, makbul bolmaýan dogadan Saňa sygynýan, doýmak bilmeýän nebisden Saňa sygynýan, peýdasy bolmaýan ylymdan Saňa sygynýan, bu dört zatdan Saňa sygynýan!” 

Bereketli on iki dirhem
Hezreti Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem bir köýnek satyn almasy üçin Hezreti Alyny bazara iberipdi. Hezreti Aly bazara gidip, on iki dirheme bir köýnek satyn alyp geldi. Şonda Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam bilen Hezreti Alynyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik geçdi

Hezreti Pygamber: Bu köýnegi näçä aldyň?
Hezreti Aly: On iki dirheme.
Hezreti Pygamber: Bu köýnegi kän bir halamadym, mundan has arzanyny alasym gelýär. Satyjy muny yzyna almaga kaýyl bolarmyka?
Hezreti Aly: Şeýlelikde köýnegi alyp täzeden bazara bardym we satyja Hezreti Pygamber alaýhyssalamyň arzuwyny ýetirdim. 

Satyjy muny kabul edip, on iki dirhemi yzyna berdi. Puly alyp Hezreti Pygamberiň ýanyna gaýdyp geldim. Bir köýnek almak üçin Hezreti Pygamber alaýhyssalam bilen bazara tarap ýola düşdük. Ýarty ýola baranymyzda Allanyň Pygamberiniň gözi aglap oturan bir gyrnaga düşdi. Rasulullah bu gyrnagyň ýanyna baryp: “Näme üçin aglaýarsyň?” diýip sorady. Ol gyrnak bolsa, “Hojaýynym elime dört dirhem berip, bir zatlar almagym üçin meni bazara iberdi. Ýöne men puly nädip ýitirenimi hem bilemok. Indi öýe gaýdyp barmaga gorkýaryn” diýdi. Şeýdip Rasululla bu on iki dirhemden dört dirhemini bu gyrnaga berip: “Isleýän zatlaryny alyp, öýe gaýdyp bar” diýdi.

Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun.

Okalan sany: 87   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09928 sek. ýüklenen baýt: 37046