Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dil öwrenmek, dünýäni açmak
Ýazylan wagty: 26 января 2018 Ýazan NEXTTM

Dil öwrenmek, dünýäni açmak

Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin degişli konsepsiýada göz öňünde tutulan. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.

Häzirki wagtda dil bilimine berlýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Bu ugurda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerinde, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir.

Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Bilim ojaklarynda dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanalyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy – geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biridir.


Okalan sany: 73   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06240 sek. ýüklenen baýt: 31027