Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Belarusly myhmanlar "Nowruz ýaýlasynyň ak öýi" binasyna baryp gördüler
Ýazylan wagty: 26 января 2018 Ýazan NEXTTM

Belarusly myhmanlar "Nowruz ýaýlasynyň ak öýi" binasyna baryp gördüler

Belarusly myhmanlar "Nowruz ýaýlasynyň ak öýi" binasyna baryp gördüler

25-nji ýanwarda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmaga gelen döredijilik işgärleri Ahal welaýatynyň "Nowruz ýaýlasynyň ak öýi" binasyna baryp gördüler. Binanyň golaýyndaky giň ýaýylyp ýatan meýdanda myhmanlaryň gelmegi mynasybetli toý dabarasy geçirildi. Belarusly myhmanlar dabara gatnaşyp, türkmen halkynyň asylaryň dowamynda geçip gelýän edim-gylymlary, milli mirasy bilen tanyşdylar. 

Myhmanlar dabaranyň geçýän ýeriniň golaýyndaky çopan goşuna hem bardylar. Giň sähradaky mal sürüsini, çopanyň ýakyn kömekçisi we ýoldaşy bolan alabaý itini synladylar. Olar dabaranyň ajaýyp pursatlaryny we giň sähranyň gözelligini, çarwa durmuşyny ýadygärlik surata düşürdiler.

Myhmanlar ýoluny Nowruz ýaýlasyna tarap dowam etdiler. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasy bilen tanyşlyk dostlukly ýurtdan gelen myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Geçen ýylyň güýzünde dabaraly ýagdaýda açylan bu desga binagärlik keşbi bilen alamatlanýar.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet günlerine gatnaşyjylaryň uly topary welaýatyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Köwata” ýerasty kölüne baryp gördüler. Myhmanlaryň köle gyzyklanmasy uly boldy. Bu ýerde olara kölüň döreýiş taryhy, onuň täsin aýratynlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler berildi. Syýahat myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05004 sek. ýüklenen baýt: 31695