Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy
Ýazylan wagty: 26 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň yl­my­nyň we­kil­le­ri­niň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy. Onuň gün ter­ti­bi­ne TYA-nyň ýol­baş­çy dü­zü­mi­ni saý­la­mak me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di hem-de stra­te­gi­k döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da ýur­du­my­zyň yl­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

TYA-nyň mas­la­hat­lar za­ly­na bel­li alym­lar, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de hü­när­men­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Ýyg­na­ga gat­naş­mak üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň hem-de mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ça­gy­ryl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­gyň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, Aka­de­mi­ýa­nyň Ter­tip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da giz­lin ses ber­mek ar­ka­ly onuň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­ny saý­la­ma­gy, şu mak­sat bi­len ha­sa­ba alyş to­pa­ry­ny saý­la­ma­gy tek­lip et­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, TYA-nyň ozal­ky ýol­baş­çy­sy pen­si­ýa çyk­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­laş­gär­ler bo­ýun­ça tek­lip­le­riň be­ýan edil­me­li­di­gi­ni aý­dyp, özü­niň tek­li­bi­ni be­ýan et­di we bu we­zi­pä Sa­par­dur­dy Toý­ly­ýe­wi gör­kez­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Sa­par­dur­dy Toý­ly­ýew ba­şar­jaň ýol­baş­çy, ol Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň bi­lim, ylym, sport we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry hök­mün­de ýur­du­my­zyň hö­kü­me­tin­de uly iş tej­ri­be­si­ni top­la­dy.

Soň­ra giz­lin ses ber­mek çä­re­si ge­çi­ril­di.

Giz­lin ses ber­mek ge­çi­ri­len­den we ses­ler sa­na­lan­dan soň, ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri yg­lan edil­di. Ses ber­mä­ge Aka­de­mi­ýa­nyň 17 ag­za­sy gat­naş­dy. Olar Sa­par­dur­dy Toý­ly­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­mak ba­ra­da bi­ra­gyz­dan ses ber­di­ler.

Aka­de­mi­ýa­nyň ag­za­la­ry ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri­ni şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­nyň bu çöz­gü­di­ni tas­syk­la­dy we S.Toý­ly­ýe­wi baş­ga işe geç­me­gi se­bäp­li Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­mak ha­kyn­da­ky Per­ma­na hem-de ony Türk­me­nis­ta­nyň Ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­ýän adat­dan da­şa­ry to­pa­ry­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den bo­şat­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da yl­my hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň we onuň ga­za­nan­la­ry­ny yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň, şeý­le hem jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-bi­lim müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Yl­myň tä­ze, has ýo­ka­ry sep­git­le­re çy­ka­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ma­ga şert dö­re­der, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň me­de­ni de­re­je­si­ni we mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ylym jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji hök­mün­de ýur­duň dur­mu­şyn­da örän mö­hüm or­ny eýe­le­ýär, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gyň esa­sy şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hut şo­ňa gö­rä-de, biz yl­my ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn, stra­te­gi­k äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Ony kä­mil­leş­dir­mek, hil taý­dan ös­dür­mek we gol­da­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li çä­re­le­ri gör­ýä­ris. Ýur­du­myz­da göz öňün­de tu­tu­lan äh­li ägirt uly öz­gert­me­le­riň ýe­ter­lik de­re­je­de, düýp­li yl­my esa­sy­nyň bol­ma­gy üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Şu mak­sat bi­len, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da yl­myň düýp­li we yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.Yl­my we onuň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça Hö­kü­me­tiň ka­rar­la­ry­ny ka­bul et­dik. Ýa­ňy-ýa­kyn­da ka­bul edi­len Türk­me­nis­ta­nyň re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­na er­kin yl­my we teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga hu­kuk be­ril­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa­nyň mad­da­la­ryn­da döw­le­tiň şeý­le dö­re­di­ji­li­gi hö­wes­len­dir­ýän­di­gi we onuň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri­niň ýaý­ra­dyl­ýan­dy­gy, yl­my ös­dür­mä­ge we hal­ka­ra yl­my gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­ril­ýän­di­gi bel­len­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz TYA-nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­läp, ýur­du­my­zyň baş yl­my mer­ke­zi bo­lan Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň hä­zir­ki dö­wür­de düýp­li we ama­ly bar­lag­la­ry ös­dür­me­gi üp­jün et­me­li­di­gi­ni, jem­gy­ýe­tiň yl­my we in­že­ner-teh­ni­ki müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ly­dy­gy­ny, mil­le­ti­mi­ziň aň-bi­lim taý­dan ösen to­pa­ry­ny — tä­ze döw­rüň alym­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­me­li­di­gi­ni, yl­my dö­re­di­ji­li­ge has ukyp­ly ýaş­la­ry çek­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow alym­la­ry di­ňe bir ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry, ola­ryň dün­ýä ülňülerine we ýur­du­myz­da­ky anyk şert­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni sel­jer­mä­ge däl-de, eý­sem tas­la­ma­la­ry, çöz­güt­le­ri we me­ýil­na­ma­la­ry sel­jer­mä­ge hem giň­den çek­me­giň, ola­ryň pi­kir­le­ri­ni na­za­ra al­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Yl­my iş­ler we tek­lip­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da hem-de hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne giň­den peý­da­lan­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 19-njy ýan­war­da bo­lan mej­li­si­ne ün­si çek­di. On­da 2018-nji ýyl üçin pu­dak­la­ýyn iş me­ýil­na­ma­la­ry yla­la­şyl­dy hem-de wi­se-prem­ýer­le­re ola­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da ýe­ne-de bir ge­zek sel­jer­mek we tas­syk­la­mak tab­şy­ryl­dy. Esa­sy bel­le­me­li zat, haý­sy ug­ra de­giş­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yl­myň ga­za­nan­la­ry­na, aý­ra­tyn hem öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, in­no­wa­si­ýa­la­ra, nou-hau­la­ra da­ýan­ma­gyň ze­rur­dy­gy ba­ra­da gür­rüň edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym iş­gär­le­ri­niň bu me­ýil­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di.

Ýyg­na­gyň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na, alym­la­ra, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry­na ýüz­le­nip, ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­ri gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak, ýaş­la­ry yl­my işe hem-de hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän tä­ze yl­my ugur­la­ry öz­leş­dir­mä­ge giň­den çek­mek üçin äh­li ta­gal­la­lar edi­ler.

Şeý­le­lik­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ös­me­gi­ni üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň se­na­gat taý­dan ös­me­gi üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan iri tas­la­ma­la­ry yl­my taý­dan esas­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek hä­zir­ki gü­nüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­le­ti­mi­ziň bu işe hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga bag­ly bo­lan pu­dak­la­ry yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ýag­daý­da ös­dür­mek aý­ra­tyn wa­jyp­dyr. Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da iş­le­ri yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ýag­daý­da ge­çir­mek, hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da how­psu­zly­gy üp­jün et­mek, yl­myň iň ýo­ka­ry ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ýa­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn çe­me­leş­mek wa­jyp­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu iş­de tä­ze yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýer ka­dast­ry­ny düz­mek­de, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, to­hum­çy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da iş­le­ýän alym­la­ra esa­sy orun de­giş­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Şeý­le­lik­de, oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri yl­my esas­da üs­tün­lik­li çöz­mek, ýo­ka­ry hü­när­li ag­ro­nom­la­ry taý­ýar­la­mak hem-de eke­ran­çy­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hä­zir­ki döw­rüň esa­sy ta­lap­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Milli Liderimiz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň geog­ra­fi­ki taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, mö­hüm hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak işi­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ýol­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da ýo­ka­ry hil­li ýol-gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ulan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Alym­lar ýol-gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň hi­li­niň hal­ka­ra stan­dart­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge iş­jeň gat­naş­ma­ly­dyr­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu iş­le­ri yl­my taý­dan öw­ren­mä­ge hem-de esas­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­gi tab­şyr­dy.

Hä­zir­ki wagt­da yl­my açyş­la­ra, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri yl­my taý­dan esas­lan­dy­ryp çöz­mä­ge, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­na yl­myň hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň yl­my bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu ugur­da ge­çi­ril­ýän äh­li iş­le­ri hä­zir­ki za­man ýö­rel­ge­le­ri hem-de ösen hal­ka­ra tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da ýa­kyn wagt­da ýur­du­my­zyň alym­la­ry bi­len du­şuş­ma­gy göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şol du­şu­şyk­da ge­çen ýyl bo­lup ge­çen Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da ma­kul­la­nan, ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler anyk kes­git­le­ni­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp hem-de Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­na iş­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.

Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05346 sek. ýüklenen baýt: 46620