Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda şäherara awtobuslaryň täze gatnaw ugurlary ýola goýuldy
Ýazylan wagty: 26 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanda şäherara awtobuslaryň täze gatnaw ugurlary ýola goýuldy

Türkmenistanda şäherara awtobuslaryň täze gatnaw ugurlary ýola goýuldy

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat hem-de Kerki şäherleriniň aralygynda «Ýutong» kysymly amatly awtobuslaryň gatnawy ýola goýuldy. Türkmenabat şäheriniň demir ýol menzilinden Kerki şäherine ugraýan awtobus her gün ir sagat 7-de hereket edip başlaýar. Kerkiden Türkmenabada bolsa gündiz sagat 14-de ugraýar. Ýol nyrhy her ýolagçy üçin 14 manat 40 teňňe.

Marydaky ýolagçy awtoulag kärhanasy bolsa welaýat gazetiniň üsti bilen täze“Hyundai Unuwerse Luxury” kysymly, ýokary amatlyklary bolan şäherara awtobuslarynyň şu günden — 26-njy ýanwardan başlap, Mary—Türkmenabat ugry boýunça gatnawyň ýerine ýetirilip başlanýandygyny habar berdi. Awtobus Marydan ir sagat 8-de we 10-da, Türkmenabatdan 14:30-da we 15:30-da ugraýar.

Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07646 sek. ýüklenen baýt: 30400