Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütleri kabul etdi
Ýazylan wagty: 27 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütleri kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Bedimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda:

Muhammetmyrat Hojalyýewiç Aýdogdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesine;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Pürli Nurmämmedowiç Agamyradow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesine bellenildi;

Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinden;

Öwezmyrat Islamowiç Enermyradow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesinden;

Rustam Jorakulyýewiç Hamraýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy;

Halbibi Taçmuradowna Taçjanowa Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi;

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Bäşim Hemraýewiç Klyçew “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy;

Orazberdi Gurbanberdiýewiç Nuryýew Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi;

Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi;

Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça orunbasary Amanmuhammet Atageldiýewiç Myradow Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Komitetiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Çolukow Serdar Gurbanberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04910 sek. ýüklenen baýt: 33280