Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy—2017-nji ýyl
Ýazylan wagty: 30 января 2018 Ýazan NEXTTM

Berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy—2017-nji ýyl

Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerine baha berip, ony, umuman, ýurdumyz üçin üstünlikli ýyl diýip häsiýetlendirdi. 

Bu üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyndan we ähli derejelerde netijeli dolandyrmakdan başlap, ýerlerde işleri göwnejaý guramaga hem-de batyrgaý çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge çenli köp ugurlary öz içine alýar. 

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy — 2017-nji ýyl” diýen umumy sözbaşy bilen TDH-nyň şu gün çap edilip başlanýan ýörite makalalar toplumy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ulgamlary babatynda geçen ýylyň möhüm wakalarynyň synyndan ybaratdyr. 

2017-nji ýyl türkmen halkynyň iň täze taryhynda mynasyp orny eýeledi. Okyjylara hödürlenilýän makalalar toplumy diňe bir bellenilen meýilnamalary ýetilen sepgitler bilen deňeşdirmäge däl-de, ýurdumyzyň ösüşindäki nobatdaky okgunly hereketine taýýarlygyň özboluşly gözden geçirilişi, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady, intellektual we ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýene bir möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Öňde ýakyn geljek ýedi ýyl üçin Prezident maksatnamasynda kesgitlenilen täze giň möçberli taslamalar, has-da uly wezipeler durýar. 2018-nji ýyl hem diňe bir şol maksatnamalaryň amala aşyrylmagy başlanylmagyny alamatlandyrman, ähli ugurlarda okgunly ösüş döwrüne öwrüljekdigine umyt döredýär. 

Geçen döwürde biziň toplan tejribämiz ýurdumyzda barha okgunly häsiýete eýe bolýan oňyn özgertmeleriň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň esasyny emele getirýär, onuň binýadynda hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyksöýüjilik ýörelgeleri bardyr, muny geçen ýylyň wakalary doly derejede tassyklaýar. 

1. “Açyk gapylar” we oňyn bitaraplyk syýasaty 

Ählumumy ähmiýetli wakalara baý bolan 2017-nji ýyl Türkmenistanyň iň täze taryhyna girdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu syýasatyň netijeli häsiýeti dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe boldy. 

Eýýäm 2017-nji ýylyň başynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan tutuş halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde boldy. 12-nji fewralda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň saýlawlary tutuş dünýäde ýokary gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 548-si, daşary ýurtlarda—Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda 39-sy döredildi. 

Daşary ýurt metbugaty Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda geçendigini belledi, çünki ýokary döwlet wezipesine 9 adam dalaşgär boldy. “Türkmenistanda saýlawlaryň taryhynyň tutuş dowamynda bu iň köp sandyr” diýip, hususan-da, Russiýanyň iri “Interfaks” habarlar agentligi belledi. Agentlik 2007-nji ýylda ýokary döwlet wezipesine 6 adamyň, 2012-nji ýylda bolsa 8 dalaşgäriň görkezilendigini belledi. 

2017-nji ýylyň geçen saýlawlarda ýurdumyzyň häzirki Prezidenti ynamly ýeňiş gazandy. Döwlet Baştutanymyza raýatlaryň 97,69 göterimi öz seslerini berdiler. Dünýäniň ähli yklymlaryndan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary köp sanly gutlag jaňlarynda, telegrammalarynda we hatlarynda şeýle ynamly ýeňşiň milli Lider hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly abraýynyň ykrarnamasynyň, döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistany pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň hem-de dünýäde eýeleýän ornunyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny biragyzdan nygtadylar. 

Şeýlelikde, geçirilen saýlawlar jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň agzybir halky ýene-de özüniň jebisligini hem-de milli Lider — Arkadag bilen raýdaşlygyny görkezdi. Türkmenistanlylar milli Liderimiziň ady we işi bilen özleriniň nurana geljegini baglaýarlar. 

Prezidentiň wezipesine girişmek dabarasy tamamlanan badyna, 18-nji fewralda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Bitarap Türkmenistanyň 2017—2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu resminama orta möhletli geljek üçin döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Täze konsepsiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri halkara maslahatlarynda we ýokary derejeli forumlarynda eden çykyşlarynda beýan edilen hem-de BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge we dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryna hem-de tekliplerine esaslanýar. 

Türkmenistan abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns bermek bilen, Milletler Bileleşigi bilen ysnyşykly, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu şu konsepsiýada öz beýanyny tapdy. Oňa şeýle-de milli Liderimiziň dünýäde emele gelýän çylşyrymly ýagdaýlary çözmek maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň we syýasy-diplomatik serişdeleriň gurallaryny giňden ulanmaga degişli başlangyçlary we teklipleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi, YHG we beýleki guramalar bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. 

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ileri tutulýan garaýyşlary we täze başlangyçlary beýan edildi. Bu başlangyçlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, adamyň hukugyny goramak, ekologiýa ýaly derwaýys ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bu teklipler häzirki wagtda dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. 

13-nji iýunda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşikler hem oňyn syýasatyň giňden ykrar edilýändigini we goldanylýandygynyň hem-de ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we halkyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyny aýdyň subutnamasydyr. 

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly strategik ulgamlar bar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Ol yzygiderlilik, ahyrky netije üçin garaýyşlaryň we ýörelgeleriň meňzeşligi esasynda alnyp barylýar. 

Hususan-da, Türkmenistanda hemişelik esasda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň hem-de edaralarynyň ençemesi — BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Halkara Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary işleýär. Bilelikdäki iri maksatnamalar hem-de taslamalar amala aşyrylýar. Olar ýurdumyza ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň kuwwaty örän uludyr, ýylsaýyn täze geljegi uly ulgamlar peýda bolýar. 

Türkmenistana saparynyň çäklerinde Antoniu Guterres “BMG-niň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejeli hyzmatdaşlyk” atly duşuşyga hem gatnaşdy. Ýygnananlaryň arasynda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan ministrler, ýokary wezipeli adamlar hem-de terrorçylyga garşy agentlikleriň düzümleriniň we milli howpsuzlyk edaralarynyň ýolbaşçylary boldy. Gün tertibine Birleşen Milletler Guramasynyň bu strategiýasynyň hereket etmek meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň synyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi duşuşygyň möhüm netijesi boldy. 

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda agzalygynyň 25 ýyllygy bilen bilelikde, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilendigini aýtmalydyrys. Bu merkeziň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm wakadyr. Sebit merkeziň işlän döwründe özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly merkezi hökmünde görkezip, Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda köp möhüm meseleler boýunça ysnyşykly gatnaşyklar üçin wajyp gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda suw-energetika, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de häzirki döwrüň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy durmak, durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa meseleleri bar. 

Merkeziň ýubileý senesi mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. Bu waka halkara bileleşigi tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň hakyky taryhy waka bolandygyny bellemelidiris. 

Geçen ýylyň ahyrynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Milli Liderimiziň başlangyçlaryna laýyklykda, 20-nji dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm ugurlarda we beýleki wajyp ulgamlarda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli kararnamalary hem muňa şaýatlyk edýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) mejlisinde geçen ýyl Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça topara saýlanandygyny bellemelidiris. 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) hem abraýly halkara guramasy bolup durýar. Onuň esasy wezipeleri sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, onuň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna tapgyrlaýyn goşulyşmagyndan ybaratdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Yslamabatda (Pakistan) geçirilen ýokary derejeli XIII sammitine gatnaşdy. 

Forumyň gün tertibine ygtybarly ulag-üstaşyr ulgamyny, bitewi energiýa ulgamyny we umumy ykdysady giňişligi döretmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, serhetýaka söwdasyny höweslendirmek, energiýa serişdelerini netijeli ulanmak meseleleri girizildi. 

Milli Liderimiz sammitde eden çykyşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek, aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýetli bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiliginiň bardygyna berk ynam bildirdi. Onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistan howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýär. Biziň üçin bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar. Olar biri-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bütewüligi emele getirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Lideriniň öňe sürýän, üçünji müňýyllykda durnukly parahatçylyk üçin berk esasy döretmäge gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlarynyň örän derwaýysdygyny belledi. Pakistanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň forumda YHG-niň işine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy hakynda öňe süren teklibine ýokary baha berdi. 

Yslamabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýip Ärdoganyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary, gurluşyk senagaty hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Türkiýäniň döwletimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigi we milli Liderimiziň döredijilikli halkara teklipleriniň ählisini, şol sanda YHG-niň şu sammitinde beýan eden tekliplerini goldaýandygy bellenildi. Hususan-da, bu ulag ýaly möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge degişlidir. Bu ulgamda Türkmenistan “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar —Günbatar” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça halkara taslamalarynyň başyny başlaýar. 

Ulag-logistika meselesi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2017-nji ýylyň mart aýynyň birinji ongünlüginde taryhy ähmiýetli wakanyň bolandygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de şol günlerde ýurdumyzda döwlet saparynda bolan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geostrategiki taýdan örän ähmiýetli Türkmenabat—Farap awtomobil hem-de demir ýol köprüleri açyldy. 

Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre, demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre barabardyr. Desgalaryň ikisi hem halkara ölçeglerine kybap gelýär. Olar iň döwrebap serişdelerden guruldy we tehnik hem-de ulanyş howpsuzlygy babatda zerur serişdeler bilen üpjün edildi. 

Şeýle giň möçberli desgalary gurmaga girişmek bilen, biz, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň çäginiň dünýä ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezleriň birine öwrülýändiginden ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän dünýäniň hut şu sebiti asyryň ählumumy ykdysadyýetiniň kemala gelýän ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. 

Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşikleriniň barşynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi taslama gatnaşýan ähli döwletleriň ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. 

Iki döwletiň baştutanlary Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onuň ady Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine hem dakyldy. 

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-nji maýda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda iki ýurduň Liderleri syýasy ulgamda, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny, şeýle hem sebitde we Aziýa yklymynda, hususan-da, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen ençeme resminamalar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagyna täze itergi berdi. 

Soňky ýyllarda döwletimiz arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň mart aýynyň ortalarynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Uly üstünlige eýe bolan ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri taraplaryň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýandygyny tassyklady. 

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani häzirki döwürde iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk ädimleri kesgitlediler. 

Taraplar sebit we ählumumy syýasatynyň meseleleri, şeýle hem halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini bellediler. Döwlet Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň we hyzmatlaryň görnüşleriniň möçberleriniň artdyrylmagynyň, ykdysady hyzmatdaşlygynyň, işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ýöriteleşdirilen işewürler maslahatlarynyň, sergileriň hem-de Türkmenistanda we Katarda öndürilen harytlaryň ýarmarkalarynyň, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýleriniň açylmagynyň wajypdygyny bellediler. 

Döwlet saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Maýa goýum palatasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy. Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalary, daşary ýurtly maýadarlar üçin has oňaýly şertleriň döredilmegini we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegini nazara almak bilen özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini dowam etmek bilen, şu ýerde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Kuweýt Döwletine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemelidiris. 

Geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde kuweýt tarapynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady, energetika ulgamy, döwrebap düzümi döretmek ýaly geljegi uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň başyny başlan giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň noýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen mejlisinde hem şeýle ugurlar barada gürrüň edildi. Hususan-da, Saud Arabystanynyň hökümetiniň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Patyşalygyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, dag-magdan we beýleki ulgamlarda işleýän iri kompaniýalary üçin maýa goýum babatda gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň goldanylýandygy aýdyldy. 

Belarus Respublikasy hem Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mart aýynyň ahyrynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde taraplaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. 

Geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. 

Saparyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binalar toplumynyň açylyşy boldy. 

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Merkezi Aziýada iri kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygy boýunça bilelikdäki uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk mysalyna öwrüldi. Bu ägirt uly senagat desgasynyň açylyşy hem iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. 

18-19-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Dostlukly ýurtlaryň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nursultan Nazarbaýew gol çekmek bilen Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany, türkmen-gazak döwlet serhedinde demakirlemek işlerini geçirmek hakynda Ylalaşygy berkitdiler. 

Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Hazar deňzinde özara hereket etmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek ýaly meseleler hem boldy. Iki döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym, bilim we sport aragatnaşyklaryny has-da giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. 

Energetika we ulag ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa serişdelerini öndürmegiň möçberi boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Iki ýurduň gatnaşmagynda iri möçberli taslamalar—bir bölegi Gazagystanyň çäklerinden geçen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Gazagystan—Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy amala aşyryldy. 

Hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary berkitmäge, parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak işine hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy — birinji derejeli “Dostlyk” ordeni bilen sylaglanyldy. 

Dostlukly ýurtda 2017-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabr aralygynda “Astana EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň geçirilendigini hem bellemek gerek. Sergide Türkmenistanyň bölümi hem görkezildi. Bu gözden geçirilişiň esasy mazmuny “Geljegiň energiýasy” diýen ugry özünde jemledi. Ol halkara bileleşiginiň Ýer ýüzüne has uly täsir edýän energiýa sarp edilişiniň meselesi baradaky aladasyny beýan etdi. 

Ykdysady kuwwaty artdyrmakda ýurdumyzyň üstünliklerini hem-de gazananlaryny görkezen milli sergimiz Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde kemala gelşini beýan etdi. Ol energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hem ýurdumyzyň mümkinçiligini açyp görkezdi, şeýle hem Gazagystanyň raýatlaryna we Astananyň myhmanlaryna halkymyzyň baý milli medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. 

Hormatly Prezidentimiz “Astana EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Türkmen Lideri Astanada Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen gepleşikleri geçirdi. Iki ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür, ynsanperwer hem-de ylmy aragatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. 

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada sapar bilen bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilişiniň yzygiderli depginini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň, milli bähbitleri hem-de Aziýa sebitiniň geljegi babatda umumy garaýşy nazara alyp, ony ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Taraplar energetika ulgamynda bilelikde işlemek tejribesine eýe bolup, Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý demir ýol geçelgesiniň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, ulag logistikasynda özara hereketleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar. 

3-nji iýulda Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde bolup geçen türkmen-owgan gepleşikleriniň barşynda hem ulag ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, şeýle iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem, sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir eder. 

Goşmaça elektroenergetiki kuwwatlyklaryň bina edilmegi Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine Türkmenistanyň uly goşandy bolup durýar. Bu taslamalar Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmäge kömek eder. 

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň Mary welaýatynda serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoluny çekmek boýunça işleri depginli alyp barýandyklaryny bellemek gerek. Goňşy ýurt üçin bu örän wajyp taslama 29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berip, Türkmenistanyň hem-de onuň üsti bilen tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna Owganystanyň goşulyşmagyna uly mümkinçilikleri açýan demir ýol şahasynyň gurlup başlanmagyna ak pata berdi. 

Owganystanyň çäklerinde ugurdaş düzümleri bolan demir ýoly çekmäge öz serişdelerini we güýçlerini gönükdirip, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň teklibi bilen Aşgabatda noýabryň ortalarynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty bolup geçdi. Maslahatda tutuş sebit üçin ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. RECCA VII-niň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Jarnamada gatnaşyjy döwletleriň hem-de halkara guramalaryň sebit we sebitara möçberde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy beýanyny tapdy. 

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — “Lýapis Lazuli” halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi bu forumyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini, Hazar hem-de Gara deňiz giňişliklerini, Ortaýer deňziniň sebitlerini goşmak bilen, giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

Kawkaz ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek hem döwletimiziň daşary syýasat ýörelgesiniň strategiki taýdan möhüm ugurlarynyň biridir. 

Awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana bolan resmi sapary uly üstünlige beslendi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi munuň şeýlediginiň subutnamasy boldy. 

Taraplar gepleşikleriň barşynda halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmek, bilelikdäki energetiki we ulag-üstaşyr taslamalaryny amala aşyrmak, ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ylham Aliýew özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meselelerine üns berdiler, Hazar meseleleri, medeni-ynsanperwer, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna resmi saparyna hem netijelilik mahsus boldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe bank ulgamy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlary möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň geljegi uly diýlip atlandyryldy. 

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de hereketleri utgaşdyrmagyň gazanylan ýokary derejesini nygtadylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. 

2017-nji ýyl Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň täze gözýetimlerini açdy. 2-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy. Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny anyklaşdyrdylar, şeýle hem gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä möçberindäki birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Gepleşikleriň barşynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Russiýa Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýada strategiki durnuklylygyň mäkäm halkasy, dünýä derejeli ähmiýete eýe bolan iri möçberli energetika, ulag, ekologiýa taslamalarynyň amala aşyrylýan ýeri hökmünde görýärler. 

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassykladylar. Senagat, energetika, ýokary tehnologiýalar, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş, obasenagat toplumy, tehnologiýalar, medeniýet hem-de sport ýaly strategiki ulgamlar gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. 

Umuman, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mazmunyna ýokary baha berip hem-de Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ösýändigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti türkmen Liderine Russiýanyň ýokary döwlet sylagyny—döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly şahsy goşandy üçin Aleksandr Newskiý ordenini gowşurdy. 

Döwlet Baştutanymyz, öz nobatynda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi, parahatçylygy üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge saldamly goşandy üçin Russiýanyň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglady. 

Russiýanyň Lideri işine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. “Biz köp ýyllar bir döwletiň düzüminde boldyk, indi gatnaşyklarymyzy özbaşdak ýurtlaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalarynyň derejesinde ýola goýýarys. Meniň pikirimçe, biz bu işleri örän mynasyp amala aşyrýarys, ýollarymyzda duşýan hemme kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçýäris. Biziň mundan beýläk-de şeýle netijeli hereket etjekdigimize ynanýaryn” diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy. 

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hem netijeli gatnaşyk edýärler. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, işjeň orny eýeläp, açyk we deňhukukly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini iş ýüzünde tassyklaýar, däp bolan ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge täze anyk çemeleşmeleriň başlangyjy bilen çykyş edýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. 

Türkmen Lideri maslahatda çykyş edip, GDA ýurtlarynyň arasynda özara ynanyşmagyň derejesini artdyrmak üçin daşary syýasat edaralarynyň uly serişde mümkinçiligini peýdalanyp, syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek gerek, häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň öňde durýan maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmek boýunça çäreleri görmek zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan, häzirki zaman düzümleri, sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşyklary döredilýän giňişlik hökmünde ägirt uly mümkinçiligi bolan Arkalaşygyň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna has işjeň we doly bahaly goşulyşmagynyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda anyk çäreleri görmek babatda pikirini aýtdy. Munuň özi umumy bähbitlere hem-de aýry-aýrylykda her ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär. 

Wekilçilikli maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezident Putin bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Liderini ýakynda bolup geçen doglan güni bilen gutlap, oňa sowgat hökmünde Aziada 2017-niň şekili bolup hyzmat eden Wepaly lakamly alabaýyň güjüjegini sowgat berdi. Soňra Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Okalan sany: 88   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09429 sek. ýüklenen baýt: 93344