Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň ilçisi TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlanyny ara alyp maslahatlaşdylar
Ýazylan wagty: 10 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň ilçisi TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlanyny ara alyp maslahatlaşdylar

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli sözlerini we ähli ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygy barada aýdanlaryny ýetirdi. Şunda, Hindistanyň hormatly Prezidetimiz tarapyndan geçirilýän we sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýändigi we ony goldaýandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen asylly işinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Günorta Aziýa döwletleri, aýratyn-da, sebit möçberdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolan Hindsitan bilen däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän täze hile eýe bolýandygyny we onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň köprüsine öwrüler.

Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara türkmen-hindi toparyna möhüm ähmiýet berilýändigini, şeýle hem deňhukuklylyk we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde esasy orun eýeleýän dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygilerli dowam etdirilmelidigini nygtadylar.

Energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlardaky tagallalaryň utgaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Türkmenistan bu babatda ýük daşamak üçin has amatly ugurlary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugur bolmagynda galýar. Yzygiderli esasda Medeniýet günleriniň geçirilmegi, wekiliýetleri alyşmak, ylmy we döredijilik maslahatlary hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýär.

Ýoga we adaty lukmançylyk merkezleriniň açylmagy, şeýle hem hindi halkynyň ruhy ýolbaşçysy hasaplanylýan Mahatma Gandiniň Aşgabatda ýadygärliginiň oturdylmagy iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny has aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ilçi türkmen-hindi gatnaşyklary meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Jenap Azar Abul Hasan Han ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Okalan sany: 79   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05636 sek. ýüklenen baýt: 35386