Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar
Ýazylan wagty: 10 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar

 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2018-nji ýylda:

ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Okalan sany: 69   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06950 sek. ýüklenen baýt: 30726