Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy dörediler
Ýazylan wagty: 10 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy dörediler

 

Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew hökümetiň mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik beketleriniň jemi 13 sanysy işleýär. Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Şol sanda Ahal we Balkan welaýatlarynyň energoulgamlaryny birleşdirýän 220 kW kuwwaty bolan iki halkaly elektrik geçirijisini we kuwwaty 220 kW bolan elektrik bekedini, şeýle hem Balkanabat şäherinde 500 kW kuwwaty bolan bir halkaly elektrik geçirijisini we kuwwaty 500 kW bolan elektrik bekedini hem-de Daşoguz şäherinde 500 kW we 200 kW kuwwaty bolan elektrik beketlerini hem-de kuwwaty 220 kW bolan olary birleşdirýän elektrik geçirijileri gurmak maksat edinilýär. Şeýle hem Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem bu pudagyň kuwwatyny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine uly üns berjekdigini nygtady. Döwlet energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary we has ýokary ölçeglerde işleýän döwrebap elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen energiýa çeşmeleriniň hem-de türkmen energoulgamynyň has amatly iş düzgünini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen elekrik energetika pudagynda amala aşyryljak düzümleýin taslamalaryny ilerletmek boýunça iş depginlerini artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmak baradaky teklibi makullap, hojalygy dolandyrmagyň kämil görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10144 sek. ýüklenen baýt: 31279