Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hormatly Prezidentimiz «Sanly Türkmenistan» atly döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy
Ýazylan wagty: 10 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Hormatly Prezidentimiz «Sanly Türkmenistan» atly döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat- kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.

Bu maksatnama ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagy çaltlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmegi üpjün etmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek babatda hem ep-esli mümkinçiligi bar.

Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06764 sek. ýüklenen baýt: 30264