Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
,,Amul-Hazar 2018’’ atly halkara bäsleşik buýsanjymyz
Ýazylan wagty: 12 февраля 2018 Ýazan Meret

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni il ýurt ähmiýetli tutumly işleriň rowaç alýan şowly başlangyçlaryna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde ,,Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna uly ýardam etmelidigini belläp geçdi. Bu guralan ýaryş Türkmenistanly sürüjilere uly synag bolmak bilen olaryň öňünde uly borjuň durýandygyna düşünýärler. Bu ýaryş taryhy bir ýatdan çykmajak hadysadyr.

2018-nji ýylda geçiriljek bu uly bäsleşigiň halkara derejesinde geçirilýän uly sport çäreleriň sanawyna girýänligi sport söýüjilere ýene bir gezek buýsandyrdy.

Beýik Ýüpek ýoly asyrlaryň dowamynda halkara dostlukly gatnaşyklara getiren bolsa,bu gün ol ýol Türkmenistanly awtosürüjileri kämilleşdirýän, kynçylykly uzak ýollarda, çarkandakly ymgyr çöllerde päsgelçilikleri ýeňip geçmekde synag ýaryşy bolup durýar. Uly üstünlikler gazanmagyna ynam we ýeňiş uçgunlaryny, tutaşyp alawlamagyna ruhy taýdan berk sütün bolup durýar. Bilşimiz ýaly türgenler dost-doganlygyň ilçileri bolup, häzirki wagtda gaýdatan täze görnüşde dikeldilýän şöhratly Beýik ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň, onuň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky bitirýän halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokary galdyrýar.

Halkymyzyň “Amul-Hazar 2018” bäsleşigine gatnaşyjy awtosürüjilere bolan deňsiz-taýsyz guwanjy söýgüsi olaryň uly ýeňişleri gazanmagyna ýardam eder. Bu biziň ,,Sagdyn durmuş” ýörelgämiziň netijesinde uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň Ýurdumyzyň syýasy, medeni, ykdysady ösüşleriniň ýene bir gezek ilerlemegine tarap gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň biri bolan bu bäsleşik hasda ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirer.

Bu ýaryşyň geçirilmegi Watanymyzda awtosportyň durnukly ösdürilýändigini,onuň halkara derejesine ýetirlmegine mümkinçilik döreder.

“Amul-Hazar 2018” bäsleşigine ak pata berip türgenlerimiziň ýeňişe bolan ynamyny berkitmäge we Beýik Ýeňişleriň eýesi bolmaga ruhy goldaw berýän Hormatly Arkadagymyzyň başlan tutumly işleri rowaç alsyn! Jany sag, belent başy aman bolsun! 

Okalan sany: 219   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05237 sek. ýüklenen baýt: 31062