Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝEŇŞE ÝETIREN HYJW.
Ýazylan wagty: 13 февраля 2018 Ýazan Mayichka


Ýeňşe ýetiren hyjuw



Bedew üstde tolkun atýan gara saçlar



Gara saçlar tolkun atar mar kibi



 



Şamyrat aga
ertirligini edinip, egnine ýektaý donuny atdy. Ol daşary çykyp, öýleriniň
gündogar gapdalynda ýerleşýän kiçiräk kümä girdi. Törde diwardan asylgy at
esbaplaryny eline alyp,  at ýatagyna
tarap ädimläp ugrany hem şoldy welin, gulpaklaryny tasadyp Senemjik onuň
gapdalyndan atlylyp çykdy.



— Ata menem
şu gün aýlawa äkidäý-dä. Men  täze
doglanja taýçanajygy göresim gelýär. Oňa ot beresim gelýär— diýdi. Şamyrat aga
agtygynyň jedirdäp saýraýan diline guwanyp, onuň başyny sypady. Ata mähri
bilen:



— Bolýa
gyzym, häzir sen mekdebiňe git. Maňa bäşlik bahalar sowgat getir, onsoň men
seni öýleden soň taýçanak görmäge äkiderin.



— Çynyňmy
ata? Men hökman bu gün bäş sany bäş alaryn — diýip ýylgyrdy. Şonda Senemjigiň
akja guzy dişleri ýalpyldap gitdi. Ol begenjinden bökjenekläp öýlerine girip
gitdi.



     Senem
okuwdan gelen dessine el sumkasyny öýde goýup, gök çaý süzüp oturan atasynyň
ýanyna geldi. Ol bu günki alan bäşliklerini ýeke-ýekeden gündeligini açyp
atasyna görkezdi. Ýaşuly uly guwanç bilen agtygyna beren sözünde tapyljakdygyny
aýtdy. Şamyrat aga agtygy bilen gürleşip, günortan naharyny  edindiler. Öýleden soň ol Senemiň elinden
tutup, ony aýlawa   alyp gitdi. Atlary öz maýdalyna gezelenç
etdirip ýören Şamyrat aganyň şägirdi Sanjar, halypa seýisgäre uzakdan gözi
düşenden atynyň böwrüne depsiläp olara garşy çapyp gaýtdy.



— Salawmaleýkim
Şamyrat aga! Atlary aýdyşyňyz ýaly edip aýaklaryny ýazdyrdym. Indi öýlänki
çapuw türgenleşigine taýýar diýsegem boljak — diýip,  ýaş ýetginjek Sanjar ýaşula höwes bilen
hasabat berdi.  Köpi gören Şamyrat aga ýiti
nazary bilen atlara göz aýlady. Eýesine gözi düşen atlar hamala oňa gulak asýan
kibi hokranyşyp, gamyş gulaklaryny keýertdiler.   «Atlar mazaly dynçlaryny alypdyrlar. Indi
oglanlary çagyryp öýleki türgenleşige başlabermeli» diýen karara geldi. Şol wagt
Sanjar gara gözlerini tegeläp, eljagazyny kölegeledip dikanlap garap duran
naşyja gyzjaga  seredip çalaja ýygyrdy.



— Senem,
jigim sen näme taý
çanajyk münmäge geldiňmi?



— Hawa, sen
ony maňa görkezjekmi? Atam maňa ullakan gyz bolansoň, seniň münüp oturan atyň
ýaly bedew münersiň diýýär.



— Hä,
şeýlemi. Asyl sen çapyksuwar bolasym gelýär diýsene?



— Hawa —
diýip, Senem çyna berimsiz edip jogap berdi.



Şamyrat aga
bilen Sanjar Senemiň gürrüňlerine myssa ýylgyrdylar.   Senemiň
 bolsa çaga bolsa-da hakykatdanam çynydy.



Şondan bäri
birnäçe ýyl geçdi. Senem indi 9–nji synpda okaýar. Onuň indi tazap duran
gulpagy ýokdy. Sagrysynda owsun atýan iki örüm gara saçlary bar.  Çagalykdan bedew münmek  höwesi gursagynda barha örk aldy. Bir günem
ol «Galkynyş»
at üstündäki milli
oýunlar toparyna geldi. Ony ilkinji bolup garşylan hem halypa tälimçi Pygy
Baýramduryýew boldy. Senem üçin at münmek geň zat däldi. Ol atasynyň yzyna
düşüp aýlawa gelen gününden bäri kä wagtlar ýeke özi  gelip at münmäni öwrendi. Oňa Sanjar ýakyndan
kömek-goldaw berdi. Olar şonda birek-birege has hem öwrenişdiler.



 Senemiň atda ykjam oturyşyna,  jylawa berk erk edişine Pygy Baýramduryýewiň
syny oturdy. Senem tiz wagtda at üstünde oýunlary hem ýerine ýetirip başlady. Olar
kähalatda aýlawa hem gelip, türgenleşik geçdiler. Şonda ol bu ýerde Sanjary hem
görýärdi. Sanjar Seneme gözi düşenden onuň ýanyna ylgap geldi:



— Senem
salam! Tüweleme, at münmäni gowy öwrenipsiň, seniň sirkde



türgenleşik
geçýäniňi eşitdim, begendim. Şamyrat aga bolan bolsa saňa guwanardy.



Senemiň
gözüne ýaş aýlandy. Ol al
a gözlerini tegeläp 
mawy asmana seretdi.



— Atam bizi
görüp durandyr Sanjar! Onuň ruhy häzir hem şatlanýandyr. Senem onuň şägirdi,
kesbini, ýoluny ýitireňok. Onuň bütin ömrüne zähmet, söýgi, mähir siňdiren
bedewlerine seredýärsiň. Sen bilýäň-ä, ol atlary jany-teni bilen gowy görerdi.
Ýadyňdamy bir gezek Gara gaýçak çalarak ýaramanda nähili biynjalyk boldy.
Gijäniň ýarynda gidip mal lukmanyny alyp geldi, senem gije turuzyp, şoňa
seretdiripdi. Sen atamyň yhlasyny, höwesini hormatlaýaň. Sag bol, Taňry
ýalkasyn! Ýogsa-da   talyp bolupsyň
diýip, eşitdim. Men seni gutlaýan!



 — Sag bol, Senem! Nesip bolsa ik-üç ýyldan
senem talyp bolarsyň — diýen
inde Sanjaryň sesi birhili sandyrap gitdi. Sandyramazça hem
däldi. Indi onuň garşysynda birwagtky çepiksije Senem däl-de, uzyn  örüm gara saçlaryny tolkun atdyryp duran peri
sypat näzenin durdy. Bu ýagdaýy duýan Senem birhili uýaljyrady, aljyrady. Onuň
ýaňaklary gyzardy, ilkinji gezek gyzlyk dünýäsinde täsin tolgunmalar bolup
geçdi. Olar sözsüz sözleşdiler, soňam syrly garaýyşlar bilen hoşlaşdylar. Şol
günden beýläk  Sanjar her gün Senem
dagynyň toparynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen 
garaşdy. Ýöne olar geler ýerde gelmediler. Bu günem bir baha
na bilen Sanjar
Senemleriň öýüne bardy. Ol gapydan ätlän
inden Şarmyrat aganyň 
at esbap goýýan külbesine gözi düşdi. Şol pursat halypasy göz öňünde
janlandy. Egnine ýek taý donuny atyp, ýylgyryp, özüne garşy agras ädimläp  gelýän ýaly duýuldy. Sanjar  «Öýde kim bar» diýen äheň bilen çala
ardynjyrady. Gapynyň tutusy iki tarapa syryldy. Senemiň aý kibi ýüzleri
ýalpyldap gitdi. Iki ýaş juwan bir-birlerine garap, dymyp galdylar. Bir pursat
Sanjar näme üçin şu ýere gelendigini unutdy. Serinde dagynyk pikirler bahana
araýardy. «Allajanlarym, näme diýsemkäm?» diýip, alasarmyk duýgulara
basmarlanyp durka, Senem onuň serini dumanladyp duran pikirlerden halas etdi.



— Wiý,
Sanjar bolup durşuň näteňet? Gel gir öýe, ejem bilen salamlaş!



— Salam Senem,
öňümizdäki şenbe güni aýlawda üç, iki ýaşar atlaryň bäsleşigi bolýar. Men şoňa
seni çagyryp geldim. Çeper daýza bilenem salamlaşaýyn — diýip, öýe girdi. Ol
Çeper ejä hormat bilen salam berdi.



— Älik salam
ogul, tüweleme goç ýigit bolupsyň. Atalary barka, kiçiräk oglankaň görenim.
Ondan bäri birnäçe ýyl geçipdir. Tüweleme, henizem gaýyn atamyň kesbini dowam
etdirip ýörmüň. Eliň-gözüň dert görmesin. Kesbiňden kemal tap ogul — diýip, Çeper
eje hamsykdy. Sanjar bilen Senem ýerli-ýerden göwünlik berip, Çeper ejäni
köşeşdirdiler. Olar bir salym öten-geçeni ýatlap gümür-ýamyr etdiler. Sanjar
Çeper eje bilen Senemi şenbe güni geçjek baýramçylyk  ýaryşyna çagyrdy. Senem şol gün öz toparlarynyň
hem aýlawda çykyşlarynyň bardygyny, şol ýerde görüşjekdiklerini aýdan
ynda Sanjaryň depesi
Göge ýetdi. Ýigidiň aşyk gözleri Senemiň ala gözlerine bakyp, sabyrsyzlyk bilen
garaşjakdygyny duýdurdy. Ol mähirli sabollaşyp çykyp gitdi.



Bu gün
paýtagtyň gündogarynda ýerleşýän aýlawyň mähellesiniň şowhunyndan gep-
üýn alşar ýaly däldi. Gün naýza
boýy ýokary galanda eýýäm çapyksuwarlar lybaslaryny geýip, ýaryşa gatnaşýan atlaryň
töwereklerinde gyr-gyr aýlanýardylar. Seýisgärler olara ýoluň orta gürpüne
çenli atyň başyny çekip gitmelidigini, pellehana aýlawyna öwrülende atyň
jylawyny doly goýbermleidigini, atlara gamçy çalmaly däldigini öwran-öwran
nygtaýardylar. Olaryň arasynda Sanjar hem bardy. Eýýäm birinji çapyşykda Sanjar
öz Gara
gaýçagy bilen gatnaşýardy. Ýöne
ol birhili biynjalykdy, ýygy-ýygydan Aýlawyň demirgazyk burçuna seredýärdi. Şol
tarapdan  Senem öz topary bilen
gelmelidi. At çapyşyk başlandy. 
Märekäniň şüweleňi has hem artdy. Her kim öz janköýerlik edýän atynyň
adyny tutup gygyrýardy. Sanjaryň jylawyny tutan atlarynyň birnäçesi ýeňiji
boldy. Ýaryş tamamlandy, baýrak  gowşurylyşyk
dabarasy başlandy. Märekäniň çetinde bu pursaty synlap duran Senem Sanjara
buýsançly nazaryny dikýärdi. Ýigit bu garaýşy duýan ýaly şol tarap
a ýalt edip seretdi. Onuň
gözleri özüne bakyp owadan ýylgyrýan Seneme düşdi.



Az wagtdan uly şowhun turuzyp atly jigitler, çapyp barýan atyň üstünde
dört-bäş sanysy Piramida bolup, käsi bolsa atyň aşagyndan geçip, süýnüp barýan
bedewiň üstüne ylgap münüp, garaz oýun baryny görkezip, märekäniň kalbyny
joşdurdylar. Ruhy göterilen märeke, olara öz minnetdarlyklaryny bildirip,
joşgunly el çarpdylar.  Ine-de, iki örüm  saçlaryny tolkun atdyryp dal bedewiň üstündäki
gözelleriň görkezme çykyşlary başlandy. Görsene nähili gözellik! Inçe bil
bedewler üstünde, galam gaş, gara göz, mar kibi towlanýan iki örüm saçly
türkmen gözelleri! Gözelllik içre gözellik ýaraşar eken. Bu ne ajaýyplyk. Atlar
her gezek Sanjaryň deňinden öwrüm edenlerinde aşyklar bir-biri bilen
didarlaşýardylar.
Olaryň gözlerinde
bolsa söýgi ody uçganaklaýardy.



Okalan sany: 61   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05027 sek. ýüklenen baýt: 49332