Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT—SAGLYGYŇ GIREWI
Ýazylan wagty: 13 февраля 2018 Ýazan Mayichka


 SPORT—SAGLYGYŇ
GIREWI



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş
ýörelgesini wagyz etmekde, sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Sport
we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen baglydyr.  Oňa “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen
jümleler hem şaýatlyk edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi esasy üç sany wajyp düzgüni
özünde jemleýär. Olar ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, dogry iýmitlenmek we sport
bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Raýatlarymyzyň sagdynlygy, türgenleriň
halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary almagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bizem
sport bilen meşgullanmagyň
birnäçe sebäplerini size ýetirmegi 
makul  bildik.



1. Saglyk. Sport bilen yzygiderli  meşgullanmak
– sagdyn we bagtly durmuşyň girewidir. Saglyk adamyň iň uly baýlygydyr. Bagtly
we üstünlikli durmuşa diňe saglyk bilen ýetip bolýar.



2. Özüňe bolan ynam. Sport bilen meşgullanyp başlaýan adamyň özüne bolan
ynamy artýar. Bu  bolsa  saglyga zyýanly endiklerden gaça durmaga  ýardam berýär.



3. Özüne çekijilik. Sport bilen meşgullanýan bedeni berk adamyň özüne
çekijiligi güýçli bolýar.  



4. Sagdyn ruh. Sport bilen meşgullanýan  adamda 
özüne bolan  buýsanç duýgulary
döreýär, şähdi açylýar.



5. Gözellik. Sport bilen meşgullanýan adamyň bedeninde artykmaç
ýaglar bolmaýar. Munuň özi  adamyň
gözelligine oňyn täsir edýär.



6. Içki güýç (energiýa). Sport bilen yzygiderli meşgulanýan adamlaryň içki güýji
köpelýär. Onuň kömegi bilen durmuşda üstünlige ýetip bilýär. Sport bilen  meşgullanmak 
çydamlylygy  artdyrýar.



7. Aň derejesi güýçlenýär. Adamlaryň geçiren 
barlaglaryna görä, sport bilen  
yzygiderli  meşgullanýan adamyň
  derejesi we ýatkeşligi birnäçe esse
güýçlenýär.



8. Erjellik. Sport bilen meşgullanmak bilen durmuşda täze  belentliklere çykmak mümkin. Öz  arzuwyňa ýetmek üçin erjel bolmak gerek.
Sport  hem erjel bolmaga ýardam  berýär.



9. Sylag-hormat. Başga adamlaryň seni sylamagy üçin, ilki bilen, özüni
sylamaly. Öz saglygyňa seretmeli, sport bilen 
meşgullanmaly.



10. Bagtyýarlyk.  Sport bilen  meşgullanýan 
adamlaryň bedenine  bagtyýarlyk we
şatlyk  garmonlary  peýda bolýar. Bu  duýgular adama  durmuşdaky islendik  arzuwyna 
ýetmäge  ýardam  berýär. Işde, durmuşda üstünlige ýetmäge uly
goşant goşýar.




Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13477 sek. ýüklenen baýt: 39345