Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI, ASUDALYGYŇ, ERKANALYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE BOLELINLIGIŇ ÝURDY”
Ýazylan wagty: 13 февраля 2018 Ýazan NEXTTM
“TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI, ASUDALYGYŇ, ERKANALYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE BOLELINLIGIŇ ÝURDY”

Mähriban we Gahryman Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan bäri geçen çärýek asyrynyň dowamynda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ahli halklarynyň aklyna-oýuna gelmejek beýik ösüşlere ýetdi. Dünýäde iň bir baý energiýagöterijileriň eýesi bolan Ata Watanymyz energiýa göterijilerini eksport edýän öňdebaryjy döwletleriň hataryna girdi. Aslynda agrar döwlet bolan Ata Watanymyz Türkmenistan  senagat taýdan ösen döwletler bilen bäsleşmäge ykyply döwlete öwrüldi. 

Mähriban Prezidentimiz indi biziň öňümizde döwletiň azyk garaşsyzlygyny doly üpjün edip, döwletimizi azyk we oba hojalyk önümlerini eksport edýän döwlete öwürmek baradaky meseläni öňde goýup, bu ugurda ähli oba hojalyk pudagy bilen telekeçilere we hususyýetçilere atalyk hemaýatyny we goldawyny edip gelýär. Muňa jogap edip we Mähriban Arkadagymyzyň hemaýatyndan ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri, telekeçiler we hususyýetçiler şu günki güne türkmen topragyna we klimatyna mahsus däl diýlip, daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk, miwe, gök we bakja önümlerini öndürmegi doly ýola goýdular. Ýurdumyzda ýyladyşhanalaryň sany günsaýyn artyp, olarda miwe, gök we bakja, sitrus ekini bolan limon, hat-da aralyk klimatly ýurtlaryň miwesi bolan banan hem telekeçileriň we hususyýetçileriň erjelligi bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Biz berk ynanýarys, ýakyn wagtlarda daşary ýurtlardan getirilýän sitrus ekinlerinden apelsiniň, mandariniň we kiwiniň hem biziň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirijekdigine. 

Öňler bazarlarymyzda janly gülleriň söwdasy edilmeýärdi. Indi bolsa, telekeçileriň we hususyýetçileriň ýyladyşhanalarynda ösdürip ýetişdiren dünýäniň dürli künjeginde ösýän dürli görnüşli gülleri ýurdumyzyň bazarlarynda we dukanlarynda satuwa çykarylyp, aňryujy bezeg edilip gurşalan gül-çemenleri toýlarymyzy, dabaralarymyzy, seýilgählerimizi bezäp, mähribanlarymyzyň iň bir halan sowgatlarynyň birine öwrüldi. 

Şeýle hem öňler diňe teleýaýlymlarda we kinofilmlerde gören, soňra bolsa daşary ýurtlardan getirilen dürli miweli we gazlaşdyrylan içgileriň ýerini tutýan, hili boýunça hem ol içgilerden ýokary bolan dürli gaplara gaplanan şerbetli içgiler, indi özümizde öndürilip, daşary ýurtlara hem ugradylýar. Daşary ýurtlaryň önümlerinden hili we tagamy boýunça üstün gelmese, astyn gelmeýän süýji-kökelerimiz daşary ýurtlaryň ençemesiniň ilatynyň ýokary isleg bildirýän önümine öwrüldi. 

Mähriban Arkadagymyz çöregiň mukaddesdigini, çörekden özüni üpjün edýän döwletiň doly azyk garaşsyzlygyna eýedigini nazara alyp, dänäniň öndürilişini has-da artdyryp, ýurdumyzy öz-özüni däneden üpjün edýän döwletden, dänäni daşary ýurtlara eksport edýän döwlete öwürmek, eksport edilýän dänäniň mukdaryny mundan beýl äkde artdyrmak barada öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýän döwründe, ilimiz bolelinligiň hözirini görüp, Bagtyýar döwrümizde erkana we asuda durmuşda ýaşaýar. 

 Mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladasy, hemaýaty bilen, Ata Watanymyz dünýäde azyk bolçulugynyň ýurdy hökmünde mundan beýläkde has-da giňden tanalmagy üçin, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny has-da berkitmek üçin, bereketli türkmen topragyna yhlasymyzy siňdirip zähmet çekmek biziň her-birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 
Biz berk ynanýarys, Mähriban Arkadagly ýurdumyzyň geljekde dünýäniň ösen söwda we syýahatçylyk merkeziniň boljakdygyna.

Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06626 sek. ýüklenen baýt: 33199