Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Ýazylan wagty: 13 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy


 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarlydyr. Döwletimiziň netijeli daşary syýasaty, onuň halkara giňişliginde tutýan parahatçylykly, döredijilikli orny Bitaraplyk derejesiniň düzgünlerinden ugur alýar. Türkmen Lideriniň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän hut şu parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hem Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamagyň işjeň guraly boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli Ýaragoly Güýçlerimiziň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň harby kuwwatynyň diňe parahatçylykly maksatlara gulluk edýändigini hem-de hiç bir beýleki döwlete howp salmaýandygyny aýratyn nygtady. Bitarap Türkmenistan hiç hili harby birleşiklere we toparlara girmeýär, aýry-aýry hem-de sebit dawalaryna goşulyşmaýar, şol bir wagtyň özünde hem ýurdumyz halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň hem-de adamzada howp salýan beýleki wehimleriň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar.

Türkmen halky ruhy gymmatlyk hökmünde Watany goramak, onuň araçäkleriniň eldegrilmesizligini hem-de ildeşlerimiziň parahatçylykly durmuşyny üpjün etmek ýaly nesilden-nesle geçirlip gelinýän ata-babalarymyzyň mukadees ündewlerine wepalydyr. Ýurdumyzda gadymy asylly däpler Ýaragly Güýçlerimize öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, harby işgärleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi görnüşinde kuwwatly goldawa eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaragly düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de özgertmegiň barşyny yzygiderli gözden geçirýär, harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň ýagdaýyny öwrenýär, täze tehnikalaryň nusgalaryny synlaýar, harby gullukçylaryň gulluk etmegi üçin we ýaşaýyş durmuşynyň mynasyp şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Balkan welaýatyna bolan saparlarynyň birinde Döwlet serhet gullugynyň düzüminiň üstüni ýetiren “Awaza” serhet galasynyň binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem söweşjeň we gorag gämileri, katerler, Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyna niýetlenen ýörite tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Geçen aýda milli Liderimiz harby awiasiýanyň maddy-enjmlaýyn kuwwatyny berkitmek boýunça işleriň barşy bilen tanşyp, täze harby dikuçaryny özi gözden geçirmek bilen, onda uçuş amala aşyrdy.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Howa hüjüminden goranyşyň wagtllaýyn okuw meýdançasyna gelip, goşunyň tehniki taýdan täzelenişi we tehnologiki derejesi bilen tanyşmagyny dowam etdi.

Ir säherde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şturwalyň başynda täze söweşjeň ulagy howada özi synagdan geçirip, dikuçarda bellenen ýere geldi, soňra bolsa ýörite ulagyň başyna geçip, ýakyn ýerlerdäki töwereklere aýlandy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew şahsy düzümiň hem-de täze harby we ýörite tehnikalaryň nusgalaryny gözden geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi. Dünýäniň iň oňat öndürijilerinden gelip gowşan öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar Watynymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça söweşjeň nobatçylygy alyp barmakda ulanylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, goranyş ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň geljekde hem Ýaragly Güýçleri iň täze ýörite tehnikalar ýokary derejeli anyk toplumlar we intellektual ulgamlar bilen enjamlaşdyrmak bolup galýandygyny hem-de serkerdeleriň we esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi we abadan durmuşy üçin şertlerii üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, goranyş ulgamynyň ýolbaşçylygyna ýaş esgerleriň hünär ussatlyk derejesini, amaly, jemgyýetçilki-syýasy we beden taýdan taýýarlygyny ýokarlandurmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Olar watançylyk, merdana türkmen harbylarynyň iň oňat däpleriniň ruhunda terbiýelenilmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy. Bu tehnikalaryň her bir görnüşi ýokary söweşjeň häsiýetlere eýe bolup, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň kepili bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän taktiki okuwlaryň barşynda harby gullukçylaryň häzirki zaman söweş ýaraglaryny dolandyrmakdaky ukyplaryna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Gözden geçirmegiň barşynda milli Liderimiz harby ulgama degişli köpugurly ulag serişdesiniň täze nusgasyny—ýolsuz ýerlerde ulanylýan ulagy ýokary tizlikli häsiýetleri, bat alyp bilşi hem-de özboluşly aýratynlyklary boýunça örän çylşyrymly çarkandakly ýerlerde synag etdi.

Milli Liderimiz ýokary ýol geçijilikli ulagyň mümkinçiliklerine baha berip, meýdançadaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna onuň käbir tehniki aýratynlyklary babatda belliklerini aýtdy. Ol bellikler goşunyň zerurlyklary üçin ulag serişdeleriniň nobatdaky tapgyry satyn alnan wagtynda göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olaryň döwrebap tehniki serişdeler bilen yzygiderli enjamlaşdyrylyp durulýandygyny belläp, özbaşdak Watanymyzyň araçäklerini goraýjylaryň, öz halkynyň ykbaly, asmanymyzyň asudalygy üçin uly jogapkärçilik çekýän serkerdeler toplumynyň hünär ussatlygyny hemişe ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly okuwlary taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ähmiýetini nygtady.

Söweş ýaraglarynyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň goranyş ukybyny degişli derejede üpjün etmäge gönükdirilen harby özgertmäniň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýörişinde Milli goşunyň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnika herekete girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilen kuwwatynyň görkezilişi boldy. Şeýle hem dürli goşun görnüşleriniň esgerleriniň harby lybas we harby goşlar bilen üpjün edilişine uly üns berilýär.

Çylşyrymly söweş tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman goşunyny ylymdan we harby işiň sungatyndan baş çykarýan sowatly hünärmenlersiz göz öňüne getirmek kyndyr.

Milli goşun üçin işgärler taýýarlanylýan wagtynda diňe bir söweşjeň kämillige däl, eýsem, terbiýeçilik-watançylyk işine, ýaş hünärmenleriň umumy bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna-da ilkinji nobatda üns bermek zerurdyr. Olaryň öňünde häzirkizaman çylşyrymly tehnikalaryny ussatlarça dolandyrmakdan başga, guramaçylyk, taktiki meseleleri çözmek wezipesi-de durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Watanymyzy, onuň Garaşsyzlygyny goramakda edermen esgerlerimiziň öz borçlaryny päk ýürekli, bir kemsiz ýerine ýetirmekleri parahatçylykly ýaşaýyşyň, halkyň abadançylykly we döredijilikli zähmetiniň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäk bitewliginiň kepilidir.

Ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri öz döredilmeginiň 26 ýyllygyny hem-de Watan goragçylarynyň gününi belläp geçdi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen on ýyl mundan ozal esaslandyryldy we her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilýär. Onda Watan we goşun düşünjeleriniň biri-birinden aýrylmaz bir bitewi manyny aňladýandygy buýsançly ýagdaýdyr. Bu sene türkmen döwletiniň harby gullukçylara we olaryň türkmen halkynyň parahatçylykyly zähmetini hem-de asuda durmuşyny, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň üýtgewsizdigini goramakda örän äogapkärli işleri ýerine ýetirýändigine goýulýan sarpanyň nyşaynydyr, şeýle hem Watan goragçylary hakyndaky hemişelik aladanyň subutnamasydyr.

Goşunda gulluk etmek belent mertebe hasap edilýär, häzirki wagtda ol ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň hakyky mekdebidir, döwlet Baştutanymyz sesden tiz uçýan uçary ýada dikuçary dolandyrmakda, awtoulaga ussatlarça erk etmekde, ýaraglaryň häzirki zaman görnüşlerini ulanmakda ... ajaýyp başarnyklary esasynda şahsy göreldesi bilen ýaş nesli ruhlandyrýar.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýörite harby tehnikany synlamagy tamamlady hem-de ýurdumyzyň harby gullukçylaryna öňdebaryjy tehnologiýalary üstünlikli özleşdirmegi, döwletiň aladasyna mynasyp jogap berip, öz mukaddes borçlaryny abraýly ýerine ýetirmegi arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de dikuçaryň şturwalynyň başyna geçdi we bu ýerden ugrady.

Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05243 sek. ýüklenen baýt: 42789