Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Tema: Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy barha ösdürilýär
Ýazylan wagty: 13 февраля 2018 Ýazan NEXTTM
Tema: Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy barha ösdürilýär
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, ulag-aragatnaşyk, salygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryny ösdürmek bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistan döwletimiziň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, taryhymyzy, medenýetimiz, ýadigärliklerimiz we gaýtalanmaýan tebigy gözeliklerimiz ýurdumyz üçin täze pudak bolan syýahatçylygy ösdürmeklige giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, halkara syýahatçylykdan girdeýji almak meselesine ýokary derejede üns berilýär we ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak, täze syýahatçylyk ýol ugurlaryny açmak hem-de olara edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak syýahatçylygy ösdürmekde esasy wezipeler bolup durýar.

Syýahatçylyk, munuň özi ilki bilen ýurduň at-abraýynyň, halkyň medenýetiniň, däp-dessurlarynyň bütin dünýä ýaýylmagy üçin örän oňaýly mahabat serişdesi bolmak bilen birlikde ykdysady nukdaýnazaryndan möhüm girdeýji çeşmesi hem bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlary boýunça häzirki wagtda her ýylda bütin dünýä boýunça 1milliarddan gowrak adam dürli ýurtlara syýahat edýär we syýahatçylyk pudagynyň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 10 göterime barabar bolmak bilen ol iň girdeýjili pudaklaryň birine öwrüldi. Biziň güneşli ýurdumyzda daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni çekip biljek gözel ýerlerimiziň, täsin künjeklerimiziň we taryhy ýadigärliklerimiziň sany sanardan örän kändir.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galasy we Altyndepe, Maşat –Misserian ýaly taryhy ýerlerimiziň, Bathyz, we beýleki Goraghanalarymyzyň hem-de Arçman, Mollagara, Baýramaly, Farap, Berzeňňi ýaly birnäçe Şypahanamyzyň türkmen syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly goşant goşjakdygy mälimdir. Gojaman Hazaryň ýakymly kenarynda ýerleýän “Awaza” milli syýahatçylyk  zolagynyň we Köýtendagyň uly geljegi bolup, olara diňe Türkmenistanyň däl, eýsem bütin dünýäniň genji-hazyna öwrülip, ýene-de sanlyja ýyldan bütin dünýäde tanalýan syýahatçylyk  merkezlerine öwrüljekdigine hiç-hili şek-şühbe bolup bilmez. Häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk işlerini ýola goýmak bilen meşgullanýan syýahatçylyk gulluklarynyň onlarçasy hereket edýär we olaryň  sany barha artýar.

Bu gulluklardan her welaýatdaky  Welaýat syýahatçylyk gulluklaryny, “ Grant Türkmen syýahat”, “Aşgabat syýahat” , “Zehin”, “Owadan”, “Türkmen syýahat”, “Dag Syýahat”, “Atlas syýahat”, “Hatyr Syýahat “ we başgada birnäçe syýahatçylyk gulluklaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk gulluklary Hytaý, Hindistan, Rossiýa, Ukraina, Özbegistan, Ýewropa ýurtlaryna we dünýäniň beýleki ýurtlaryna syýahata gidýän raýatlarymyza wizalary taýýarlamak hem-de myhmanhanalarda ýer bellemek, awiapetekleri almak hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Şeýle hem Syýahatçylyk gulluklarymyz we daşary ýurtlardan ýurdumyza gelýän syýahatçylary getirmek bilen meşgullanyp, ýurdumyza gelýän jahankeşdelere syýahatçyny myhmanhanalara ýerleşdirmek we naharlamak, ulag we ýolbeletleri bilen üpjin etmek, ekskursiýa hyzmatlaryny, maglumat-mahabat hyzmatlaryny hem Syýahatçylaryň talaplaryny gönükdirmäge gönükdirilen beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýärler.

Paýtagtymyz Aşgabatda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýat merkezlerinde gurulýan döwrebap we kaşaň myhmanhanalar ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeleri ýokary derejede kabul etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň bir bölegi gözel “Awazanyň” kaşaň myhmanhanalarynda bolup, goja Hazaryň jana ýakymly howasyny we suwuny peýdalanmak bilen dynç alsalar, taryh bilen gyzyklanýan syýahatçylar bolsa Nusaý galasyna, Törebeg hanymyň we Soltan Sanjaryň aramgählerine, Goňurdepe şäherine, Köýtendagyň täsin jülgelerine, gowaklaryna hem-de dinozawrlaryň aýak yzlaryna syýahat edýärler. Şonuň üçin hem uçar bilen ýurdumyzyň islendik welaýat merkezine uçanymyzda Ewropa, Aziýa we beýleki daşary ýurt döwletlerinde gelen syýahatçylaryň uly toparyna duşmak bolýandygy bolsa, daşary ýurtly jahankeşdeleriň gadymy türkmen topragyna bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeler ak mermere örtülen Aşgabat şähermize, Türkmenistanyň gözel ýerlerine, tebigy we taryhy ýadigärliklerine, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we milli taryhy-medeni muzeýlerimize örän ýokary baha berýäler.

Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek barada alyp barýan başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar we olara ýokary derejedäki syýahatçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek bilen eziz Diýarmyzyň at-abraýyny, medenýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmak barada ýadawsyz işleri alyp barýan Milli Liderimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.       

Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07707 sek. ýüklenen baýt: 34787