Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bilmek gyzykly.
Ýazylan wagty: 14 февраля 2018 Ýazan Mayichka
Du­zuň gan ba­sy­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy mä­lim­dir. Hut şu se­bäp­li hem ony ýa­ňy-ýa­ky­na çen­li da­mar­la­ryň ke­sel­le­me­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­dy­lar. Em­ma go­laý­da ABŞ-nyň Kor­nell uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da du­zuň öte köp ula­nyl­ma­gy­nyň im­mun öý­jük­le­ri­niň kö­pel­me­gi­ni tizleşdirýänligi ze­rar­ly huş­suz­ly­ga, kü­tek­li­ge we in­fark­ta alyp bar­ýan­dy­gy bel­li bol­dy. Bu öý­jük­ler beý­ni we ýü­rek üçin ze­rur bo­lan azot oki­si­niň eme­le gel­me­gi­niň öňü­ne bö­wet bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bi­ler­men­ler adam­la­ryň duz­dan ýüz öw­rüp bil­meýändiklerini bel­läp geç­ýär­ler. Onuň ujyp­syz muk­da­ry nerw öý­jük­le­ri­niň we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­ne ýar­dam ber­mek üçin ze­rur bo­lup dur­ýar.
Alym­lar gem­ri­ji­ler­de sy­nag ge­çir­di­ler. Sy­çan­la­ryň iý­mi­ti­ne bol­ma­ly­syn­dan 8-16 es­se ar­tyk muk­dar­da duz goş­du­lar. Bir­nä­çe hep­de­den soň, jan­dar­la­ryň be­de­nin­de ýüze çykan üýt­geş­me­ler bel­li­ge alyn­dy. Ola­ryň beý­ni­ji­gi­ne barýan ga­nyň ýygnanmasy bir­den pe­se dü­şüp, ga­nyň ba­sy­şy ýo­kar­la­nyp­dyr, ola­ryň özü­ni alyp bar­şyn­da bol­sa, huş­suz­ly­gyň il­kin­ji ala­mat­la­ry ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Ola­ryň beý­ni­ji­gi­niň gan aý­la­nyş ul­ga­myn­da haý­sy­dyr bir çiş ýa-da beý­le­ki bo­zul­ma­lar ýü­ze çy­ka­ryl­ma­dy. Içe­gä­niň mik­rof­lo­ra­synda ana­liz edi­len­den soň­ra, kä­bir ýag­daý­lar aý­dyň­laş­dyryldy. Du­zuň in­çe içe­ge­de aý­ry im­mun öý­jük­le­ri­niň iş­jeň kö­pel­me­gi­ne mej­bur ed­ýän­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Öý­jük­ler in­ter­leý­kin-17 iş­läp çy­kar­ýar. Ha­çan-da ol içe­gä­niň öý­jük­le­ri­ne dü­şen­de, azo­tuň mo­noo­ki­si­niň iş­läp çyk­ma­gy­ny bir­ne­me bas­ýar. Bu bir­leş­me be­de­niň wa­jyp pro­ses­le­ri­niň gi­den top­lu­my­ny saz­la­ma­ga gat­naş­ýar. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, mu­ňa iki ýol ar­ka­ly gar­şy du­rup bol­ýar: ýa du­zy ulan­ma­gy azalt­ma­ly ýa-da duza ar­gi­nin goş­ma­ly. Onuň mo­le­ku­la­la­ryn­dan be­de­niň öý­jük­le­ri azo­tuň mo­noo­ki­si­ni ön­dür­ýär.
Okalan sany: 157   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05361 sek. ýüklenen baýt: 31080