Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gadymy aramgäh.
Ýazylan wagty: 14 февраля 2018 Ýazan Mayichka
Mü­sür­li ar­heo­log­lar ga­dy­my Mü­sü­riň fa­ra­on­la­ry­nyň bä­şin­ji di­nas­ti­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ran wag­ty­nyň (mi­la­dy­dan öň, tak­my­nan 2504-2347 ýyl­lar) ýo­ka­ry we­zi­pe­li emel­dar­la­ry­nyň bi­ri­niň aram ta­pan ýe­ri­ni meş­hur Gi­za pi­ra­mi­da­sy­nyň go­la­ýyn­dan ýü­ze çy­ka­ran­dyk­la­ry­ny Mü­sü­riň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nist­ri Ha­led al-An­na­ni ha­bar ber­di. Aram­gäh­den ha­syl ýyg­na­ly­şy, aw awlamak, ba­lyk tut­mak ýa­ly irki döwürleriň gün­de­lik dur­mu­şy­ny beýan edýän öz­bo­luş­ly reňk­li şe­kil­ler ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ol ýer­den haý­sy­dyr bir gym­mat ba­ha­ly zat ýa-da mu­myýa ta­pyl­ma­dy. Aram­gä­hiň ir za­man­lar­da ta­la­nan bol­ma­gy müm­kin, sebäbi bu ýer­den ta­py­lan när­se­le­re meň­zeş kä­bir zat­la­ry XX asy­ryň baş­la­ryn­da baş­ga bir ýer­den ta­pyp­dy­lar. Olar hä­zir­ki wagt­da Ber­lin mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar.
Okalan sany: 103   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05637 sek. ýüklenen baýt: 28867