Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Sanawa girip bilmediler.
Ýazylan wagty: 15 февраля 2018 Ýazan Mayichka
2016-njy ýy­lyň ahy­ryn­da umu­my baý­ly­gy 4,4 tril­li­on dol­la­ra go­laý bo­lan dün­ýä­niň iň gurp­ly 500 ada­my­nyň baý­ly­gy soň­ky bir ýyl­da 1 tril­li­on dol­lar ar­typ­dyr. “Bloom­ber­giň” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň do­wa­myn­da ola­ryň baý­lyk­la­ry 23 gö­te­rim ar­typ, 5,3 tril­li­on dol­la­ra ýe­tip­dir. Baý­ly­gy­ny iň köp art­dy­ran elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we do­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zos bo­lup­dyr. Ol öz em­lä­gi­ni 34,2 mil­liard dol­lar art­dy­ryp, 99,6 mil­liard dol­la­ra ýe­tir­di. Şeý­le­lik­de, Be­zos 2013-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň baý ki­şi­si ha­sap­lan­ýan we 91,3 mil­liard dol­la­ra eýe­çi­lik ed­ýän Bill Geýts­den oz­du­ryp, bi­rin­ji bas­gan­ça­ga çyk­dy. Sa­na­wa gi­ren­le­riň ara­syn­da 49 ýurt­dan adam­lar bar. Sa­naw­da­ky 38 hy­taý­ly öz baý­lyk­la­ry­ny 65 gö­te­rim art­dy­ryp­dyr­lar. 159 ame­ri­ka­ly­nyň baý­ly­gy 18 gö­te­rim kö­pe­lip­dir.
25,9 mil­liard dol­la­ry bo­lan hy­taý­ly işe­wür Hui­ka Ýa­nyň baý­ly­gy ge­çen ýyl 350 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr.
Ara­gat­na­şyk pu­da­gy ösüş­de
Sa­naw­da teh­no­lo­gi­ýa we ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň has gurp­la­nan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Sa­naw­da­ky 57 mil­li­ar­der bu pu­dak­lar­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Ola­ryň baý­ly­gy umu­my­lyk­da 35 gö­te­rim (262 mil­liard dol­lar) ýo­kar­la­nyp­dyr.
“Facebook” so­si­al se­ti­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mark Zu­ker­berg öz baý­ly­gy­ny 45 gö­te­rim, ýag­ny 22,6 mil­liard art­dy­ryp­dyr.
Sa­naw­da­ky 440 mil­li­ar­de­riň şu ýyl 1,05 tril­li­on dol­lar ga­za­nan­dy­gy aý­dyl­ýar. 58 mil­li­ar­de­riň bol­sa, baý­ly­gy aza­lyp­dyr. Pat­rik Dra­hi öz em­lä­gi­ni iň köp ýi­ti­ren mil­li­ar­der bol­dy. Ol baý­ly­gy­nyň 39 gö­te­ri­mi­ni (4,1 mil­liard dol­lar) ýi­ti­rip­dir. Baý­ly­gy aza­lan­dy­gy ýa-da beý­le­ki­le­riň baý­ly­gy­nyň has kö­pe­len­di­gi se­bäp­li ge­çen ýyl­ky mil­li­ar­der­le­riň 60-sy sa­na­wa gi­rip bil­me­di.
Okalan sany: 106   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06206 sek. ýüklenen baýt: 31293