Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Ýazylan wagty: 15 февраля 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy


 

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy.

Täze işewürlik toplumy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G.Kulyýew köçesiniň ugrunda guruldy, bu köçäniň iki tarapynda hem kaşaň, häzirkizaman düzümleri bolan işewürlik merkezleri peýda boldy.

Olaryň gurulmagy üçin umumy meýdany 69 gektara deň bolan ýer bölegi milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bölünip berildi. TSTB-si bu taslama 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirip, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ýüze golaý binany ulanmaga bermäge doly taýýarlady.

Nobatdaky binagärlik – şähergurluşyk taslamasynyň gerimi, ýerine ýetirmek möhletleri we hili milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän hususy bölegiň barha artýan mümkinçilikleriniň subutnamasydyr. Döwletimiziň yzygiderli goldawy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň yzygiderli üns bermegi, döwletimizde ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamy, hukuk binýady, işewürlik üçin has amatly ýagdaýlaryň döredilmegi ýurdumyzda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegine ýardam berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar, Diýarymyzyň dürli sebitlerinde hususy gurluşyk kärhanalary täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýlekileri ulanmaga berýärler. TSTB-niň agzalaryna obany ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta ugrukdyrylan pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe desgalaryň gurluşygy ynanyldy.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleriň döredilmeginde baý tejribe topladylar, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler. Ilatyň uly isleginden peýdalanýan harytlaryň önümçiligi, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika ulgamlary türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orny eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly möhüm ugurlarynda öz orunlaryny berkidýärler.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň paýtagtymyzda ýaşaýyş toplumlarynyň nobatdaky tapgyrlaryny, kottej toplumlaryny, dolandyryş-işewürlik merkezlerini gurýandyklary hususy bölegiň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, önümçilik mümkinçilikleriniň hem-de işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün döwlet Baştutanymyz söwda dükanlary bolan üç gatly edara merkezleriniň ýüzlerçesini öz içine alýan desgalar toplumynyň ýene birini kabul etdi. Täze binalar oňaýly ýerleşdirilişi bilen tapawutlanýar. Enjamlaşdyrmagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Işewürlik merkezleri hökmünde hereket etmeginden başga-da, şeýle edaralar toplumy şähergurluşygynda uly ähmiýetli binagärlik derejesine eýedir.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde peýda bolan işewürlik toplumynyň ýerleşýän ýerine egindeşleri bilen awtobusda ugrady. Ýolugra Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar. Fewral aýynyň ýagyşy şäher ýollaryny ýuwdy we howanyň sowuga ýakyn tämizligini döretdi. Köçeleriň ýakalaryndaky arçalaryň reňki açyldy. Munuň özi geljekki bol hasylyň buşlukçysyna öwrüldi.

Ýylyň ähli paslynda özboluşly keşbi bolan paýtagtymyzy synlap, döwlet Baştutanymyz bu ýerde amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipesiniň adamlaryň ýaşaýyş we durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, olar üçin oňaýly zähmet we dynç alyş şertlerini üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Her bir täze taslama hut şu ugra, şol sanda ýurdumyzyň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir.

... Dabara geçirilýän ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar, şol sanda daşary ýurtly işewürler ýygnandylar.

Ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar.

Döredijilik toparlary, estrada aýdymçylary baýramçylyk aýdymlaryny, tanslaryny ýerine ýetirýärler.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi. Şeýlelik bilen Aşgabadyň täze işewürlik toplumy açyldy.

Bina edilen desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary şol bir binagärlik görnüşde ýerine ýetirilipdir, bu bolsa doly täze keşbe giren şäheriň bu böleginiň aýratyn sazlaşygyny emele getirýär.

Paýtagtymyzyň demirgazygynda kemala gelen işewürlik toplumy telekeçilik durmuşynyň jemlenýän ýene bir merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Bu toplumyň açylmagy bilen, bu ýerde müňlerçe täze iş orunlary hem döredildi.

Döwlet Baştutanymyz “Altyn” söwda merkeziniň binalar toplumynda goýlan türkmen telekeçileriniň öndüren gurluşyk serişdelerini we senagat önümlerini gözden geçirmäge başlady.

Gurluşyk senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, döwrebap, uzakmöhletleýin hem-de ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we estetika ugurlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň möhümdigini yzygiderli belleýär. Hut şu wezipä laýyklykda, türkmen telekeçileri önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrýarlar, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrýarlar we ýurdumyzyň gazylyp alynýan baýlyklaryny senagat taýdan gaýtadan işläp, bu ugra degişli önümleriň mukdaryny artdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde şu günki dabara gatnaşýan daşary ýurtly ilçiler bilen gürrüňdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu gün açylýan desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşynyň, olarda görkezilýän harytlaryň köpdürlüliginiň ýurdumyzyň telekeçileriniň hünär we tehnologiýa taýdan has-da kuwwatlanandygyny görkezýändigini belledi.

Ulanmaga berlen täze aýna önümçiligi kärhanasy ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi berkitmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Öňde bize uly işler garaşýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geljek hepdede Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystandaky çäginiň, şu ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşyygyna badalga berler. Şeýle hem öz serişdeleriniň hasabyna milli gurluşykçylaryň tagallasy bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde, Türkmenistanyň güýji bilen gurlan Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň açylyş dabarasy bolar. Bu dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza Hindistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň Prezidentleri gelerler.

Birnäçe wagtdan soň üç sany iri halkara ýaryşlary bolan “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly diplomatlary ýurdumyzda guralýan giň möçberli çärelere gatnaşmaga çagyryp, ýakyn wagtda Türkmenabatda täze Halkara howa menziliniň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy, dabara gatnaşyjylar we hormatly myhmanlar täze howa menzilinden Aşgabada uçarlar.

Daşary ýurtly diplomatlar öz gezeginde Türkmenistanyň okgunly ösüşine we bu ýerde ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň gerimine haýran galýandyklaryny belläp, bu özgertmelere şaýat bolýandyklary, halkara derejesinde ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, toplumlaýyn desgalaryň gurluşygy boýunça ägirt uly işleri alyp barýandyklary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, şäherleriň we obalaryň döwrebap derejede özgerdilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklary üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Döwletimiziň tutuş ýurdumyzyň ösüşi üçin ykdysadyýetiň hususy pudagyna aýratyn ähmiýet berýändigini we mundan beýläk-de işewür 
hem-de hojalyk başlangyçlarynyň höweslendiriljekdigini belläp, milli Liderimz ähli pudaklarda telekeçilik başlangyçlaryny işjeňleşdirmek üçin zerur mümkinçilikleri döretmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Birleşmäniň ýolbaşçysy ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Kiçi we orta telekeçilik ýurdumyzda sazlaşykly ösdürilýär. Hususy kärhanalar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak, içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşarky bazarlara işjeň çykýarlar. Goňşy döwletlere dürli harytlary ugratmak bilen eksport ugurlaryny artdyrýarlar.

“Altyn” söwda merkeziniň işgäri bu ýerdäki harytlaryň görnüşleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyza görkezilýän önümleriň häsiýetli aýratynlyklary, onuň daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden hil we baha babatda tapawudy hakynda gürrüň berdi.

Dükanyň tekjelerinde ýuwujy serişdeleriň, şampunlaryň, öl el süpürgiçleriň, durmuş himiýasyna degişli başga-da köpsanly harytlaryň köp görnüşleri goýlupdyr. Ýurdumyzda öndürilen önümler ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Öý hojalyk harytlarynyň ozal daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleri häzirki döwürde özümizde öndürilip başlandy. Olar elýeterli bahadan bolmak bilen, ekologiýa taýdan arassalygy bilen hem alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar.

Söwda merkeziniň içinde goýlan dürli harytlar soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanandygyny, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigini alamatlandyrýar. Munuň özi elektron önümçiligi, dürli gurallaryň, gündelik sarp edilýän harytlaryň önümçiliginde aýratyn ähmiýetlidir. Olaryň göze gelüwliligi, bezeg aýratynlyklary özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar.

“Ak hünji” hususy kärhanasynyň öndüren bezeg panelleri we penopolestroldan ýasalan binagärlik bezeg serişdeleri görkezilýär. Olaryň kömegi bilen jaýlaryň içki we daşky bezeginiň özboluşlylygyny üpjün etmek bolýar.

“Kaskad” komaniýasy şäher köçeleri üçin dürli serişdeleri, ýaşaýyş jaýlaryna we edara binalaryna niýetlenip, agaçdan, metaldan, aýnadan ýasalan önümleri görkezýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleriniň üsti ýerli çig maldan taýýarlanan önümleriň täze görnüşleri bilen ýetirilýär. Sazlaşykly ösýän gurluşyk senagatyny sarp edijilerini ýurdumyzyň gipsokarton hem-de alçipan ýaly önümler bilen üpjün edilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky bina bardy. Bu ýerde “Döwlet gurluşyk” söwda merkeziniň edara binasyndan başga-da, seýilgähler we dynç alyş zolaklary üçin niýetlenen önümler, tebigy serişdeler, plastik önümleri, şol sanda gapylar, penjireler, dürli görnüşli turbalar we beýlekiler satylýan dükan ýerleşýär.

Merkeziň işgäri döwlet Baştutanymyza soňky ýyllarda binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan mazaýkanyň nusgalary, görnuşleri hem-de olary taýýarlamagyň aýratynlyklary, şäheriň binagärlik keşbiniň bezeginde ulanylyş görnüşleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem bu ýerde dürli görnüşi örtük plitalary, ýerli serişdelerden öndürilen kafeller görkezilýär. Ýurdumyzyň sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýan himiki usul bilen arassalaýyş serişdelerine aýratyn orun berlipdir.

Döwlet Baştutanymyz alyjylaryň isleglerini nazara alyp, bu önümleriň görnüşlerini artdyrmak we olary eksporta ugratmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ala-ýaz” işewürlik we söwda merkezine bardy. Bu ýerde alyjylara mebel we haly önümleri hödürlenilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanyň ilaty ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hilli döwrebap mebellere we hojalyk harytlaryna hem alyjylaryň islegi artýar.

Iň oňat dünýä tejribeleriniň ulanylmagy netijesinde, mebel we öý hojalyk harytlary önümçiligini işjeň ösdürmek maksady bilen hususy ulgama giň goldaw berilýär. Häzirki döwürde döwletimiz haryt öndürijilerimiziň halkara ösüşi bilen aýakdaş gitmegi üçin ähli şertleri döredýär. Bu ýerde görkezilýän önümler ýerli telekeçileriň öý hojalyk harytlaryna bolan islegleri doly kanagatlandyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Ýumşak mebelleri taýýarlamak boýunça iş alyp barýan “Abraýly önüm” kärhanasynyň önümleri hem özüne çekiji bolup durýar. Olaryň bezeg aýratynlyklary häzirkizaman bazarynyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirilýär. Olar birsyhly däl, eýsem özboluşly aýratyn görnüşleri hem öndürýärler.

“Çigildem” nyşany bilen öndürilýän mebelleriň meşhurlygy barha ýokarlanýar. Şeýle hem bu ýerde durmuş tehnikasynyň, mebelleriň, ýorgan-düşekleriň, aşhana önümleriniň birnäçe görnüşleri görkezilýär. “Ala-ýaz” täze söwda merkezi kärhananyň öz dükanlaryny we söwda merkezlerini hem-de hyzmatlar ulgamyny giňeldýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň telekeçileri hojalyk harytlaryna bolan islegleriň doly kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işleri alyp barýarlar.

Önümleriň görkezilen nusgalary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz olaryň hil aýratynlyklary we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän görkezijileri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi. Gözel nagyşlary bilen haýran galdyrýan, tebigy ýüňden we ýüpekden taýýarlanylýan el halylary we haly önümleri il içinde meşhur bolup, uly islegden peýdalanýar.

Döwlet Baştutanymyz halyçylykda ulanylýan tehnologiýalar we serişdeler, hususan-da, haly dokalýan sintetiki ýüplük, onuň önümçiligi bilen hem gyzyklandy. Ekologiýa taýdan arassa bu ýüplük ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda işlenip çykarylýan arassa polipropilenden hem-de akril ýüplüginden taýýarlanylýar. Şeýle hem bu ýerde “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de “Nowruz haly” kärhanasynyň önümleri görkezildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň içerki bazarlarynda bolçulygy üpjün etmek üçin sazlaşykly işler alnyp barylýar. Halk hojalyk harytlarynyn öndürilişini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, hyzmatlar ulgamyny we söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary goýulýar. Häzirki zaman söwda enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze söwda merkezleri ilata we ýurdumyza barha köp gelýan daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli hyzmat edýärler.

Ýurdumyzyň işewürliginiň sazlaşykly ösüşi edara binalaryna bolan islegi ýokarlandyrýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi oňa seslenmek bilen, köpsanly edara ediş we täjirçilik binalaryny gysga wagtda gurdular. Olaryň birbada ulanmaga berilmegi telekeçileriň gazanýan üstünligidir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary täze işewürlik we söwda merkezleriniň açylyşy bilen ýene bir gezek gutlap, bu ýerden Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän aýna kärhanasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyzda gurluşygyň depgini barha ýokarlanýar. Bu bolsa ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegleriň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, ýerli çig mallaryň hasabyna gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine kuwwatly itergi berilýär.

Häzirki döwürde täzeçil usullara we dünýä ylmynyň hem-de tejribesiniň öňdebaryjy ýörelgelerine daýanýan milli ykdysadyýetimiz senagat taýdan ösüşiň täze ýoluna düşdi. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply we halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de köp görnüşli önümleri öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly pudaklaryny täzeçil usulda, baý tebigy serişdelerimizi netijeli peýdalanmak esasynda ösdürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytaryň ornuny tutýan önümçilik ösdürilýär, sebitler senagat taýdan galkynýar, adamlaryň ýaşaýyş we durmuş şertleriniň ýokary derejesi ýola goýulýar.

Muňa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe senagat zolagynda kuwwatly gurluşyk toplumynyň kemala gelmegi hem aýdyň subutnamadyr. Bu künjekde metal we dürli armaturalaryň önümçiligi boýunça “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gaz-beton zawody, şeýle hem ýerli tebigy serişdelerden örtük materiallaryny taýýarlaýan “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde mermer we granit daşlaryny işläp taýýarlaýan fabrik hereket edýär.

Ýerli çig mallaryň binýadynda aýna önümçiligi boýunça täze senagatyň uly geljegi açyldy. Bu ýerde deňi-taýy bolmadyk “Türkmen aýna önümleri” häzirki zaman kärhanasynyň gurluşygy hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýulýan aýna önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzdi.

Senagat toplumynda bir-biri bilen baglanyşykly tehnologiki ulgam bolup, ol çäge kwarsynyň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki we dürli galyňlykdaky ýalpyldawuk aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, şeýle hem aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr.

2015-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen bu taslama Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze toplumyň eýeleýän meýdany 24 gektara barabar bolup, onda önümçilik bölümlerinden başga-da, edara ediş binasy, 48 maşgala niýetlenen iki sany ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk iki umumyýaşaýyş jaýy, çagalar we sport meýdançasy, şeýle hem toplumyň desgalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmäge niýetlenen inženerçilik-tehniki düzüm bar.

Onuň çägi baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýerde oturdylan ýazgylar, täze toplumyň möçberleri hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde şanly waka mynasybetli ak öýler oturdyldy. Ol ýerde türkmen toýlaryna mahsus ýagdaý emele geldi. Teatrlaşdyrylan çykyşlarda halkymyzyň gadymy däpleriniň özboluşlylygy we nesilden-nesle geçijiligi, ýagşy dessurlar beýan edildi. Folklor toparlarynyň çykyşlarynda gadymy döwrüň kerwensaraýlarynyň, ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky bazarlaryň keşpleri janlandyryldy.

Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Ahal welaýatynyň häkimi, daşary ýurtly işewürler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Kärhananyň merkezi girelgesiniň ýanyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli lybasdaky gyzlar gül desselerini gowşurdylar.

Milli Liderimiz kärhananyň girelgesine tarap barýar. Bu ýere kärhananyň gurluşykçylary we hünärimenleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz ýol ugruna daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Olar bilen hyzmatdaşlykda aýna kärhanasyny gurmak boýunça iri möçberli taslama amala aşyryldy. Myhmanlaryň hatarynda, şeýle hem Türkiýäniň ylmy toparlarynyň wekili hem bar, ol Stambuldaky iri halkara ýokary okuw mekdebiniň – Fatih uniwersitetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýanyndaky Ykdysadyýet we tehnologiýalar uniwersitetiniň Hormatly doktory milli Liderimiz bilen söhbetdeşlikde ýurtlarymyzyň arasynda olaryň ylmy-barlag we bilim merkezleriniň ylmy alyşmalara, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna, şol sanda innowasiýa tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olaryň binýadynda senagat önümçiliklerini döretmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýa häsiýetli ykdysadyýetiň kemala gelmegine, senagat toplumynyň ýokary tehnologiýaly önümçilige geçirilmegine, ylmyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bu ugurlarda ösdürilmgine uly üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistany hem-de Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, munuň özi bolsa häzirki taryhy döwürde köp ugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bilim ulgamynda we önümçilik pudaklarynyň köp ugurlary boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Biz hemişe daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň islendik tekliplerini we başlangyçlaryny kabul edýär, ol başlangyçlar ynsanperwerlik we ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň abadançylygyna hem-de ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, tutuş Orta Aziýa sebitinde örän uly senagat desgalarynyň biri bolan täze «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Milli Liderimiz biz bu ýere gelmezden ozal paýtagtymyzda telekeçiler tarapyndan gurlan edara ediş we söwda maksatly binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açdyk we ulanmaga berdik diýip, sözüni dowam etdi. Olar 96 binadan – dükanlardan we telekeçileriň edara binalaryndan ybaratdyr. Bu ýerde köpçülikleýin sarp edilýän harytlaryň dürli görnüşleri alyjylara hödürlener.

Täze toplumyň Aşgabadyň ilaty üçin uly sowgatdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz munuň özi telekeçiligi ösdürmek boýunça döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydygyny aýtdy.

Bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir ýola gutlap, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek barada öz öňümizde belent maksadyň goýlandygyny belledi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti çig mallaryna baý döwletdigi, bu serişdeleri mähriban halkymyzyň bähbidine tygşytly we netijeli peýdalanmagyň, senagat pudagynyň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň täze we kämil tehnologik enjamlary omaşdyrylan döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, zerur harytlaryň dürli gömüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Netijede, bazarlar halkyň sarp edýän harytlary bilen doldurylýar hem-de goşmaça iş orunlary döredilýär.

Soňky döwürde ýurdumyzyň senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösýändigi we onuň hil taýdan täze derejä çykýandygy hem-de bu wezipäniň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýändigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda iri önümçilikleriň ulanmaga berlendigini, beýleki köpsanly kärhanalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň we halk hojalygynyň senagat harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin birnäçe iri maýa goýum taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle taslamalaryň biri-de şu gün açylyp, ulanmaga berilýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda iri senagat kärhanasynyň bina edilmegi senagat pudagyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklaryň ýokary hilli aýna önümlerine isleglerini üpjün etmek bilen şertlendirilendir. Bu taslamany «Tepe Türkmen» türk kompaniýasy amala aşyrdy.

Täze senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň tehnologiýa enjamlary ornaşdyryldy. Degişli hünärmenler taýýarlandy.

Bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Önümleriň hemmesi ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 15 görnüşini çykarmak ýola goýuldy. Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara eksporta iberiler.

Täze kärhanada işlejek hünärmenleriň we olaryň maşgala agzalarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, abadan durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin hem zerur şertler döredildi. Şu maksat bilen, bu ýerde 48 maşgala niýetlenen iki sany iki gatly ýaşaýyş jaýy, şeýle hem 400 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän bu kärhanada 833 adamy zähmet çeker, munuň bolsa ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer. Milli Liderimiz döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze kärhananyň Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 
ulanmaga berilýän “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň işe girizilmegi bilen ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýurekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, täze kärhananyň işgärlerine bolsa öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluna söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyza türk işewürleriniň adyndan çuňňur hormatyny beýan etdi. Şeýle hem myhman ýurdumyzda durmuşa geçirilýän hem-de ykdysady, durmuş ösüşine gönükdirilen giň möçberli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi hem-de bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan senagatlaşdyrmak ugruna eýermek arkaly Ýewraziýa sebitinde senagat merkezine öwrüldi.

Şu gün dabaraly ýagdaýda açylýan we dürli görnüşli aýna önümleriniň önümçiligi boýunça täze kärhananyň gurluşygynyň tamamlanmagy ýurduň ýokary ykdysady ösüşiniň aýdyň netijesidir. Rifat Hisarjyklyogly kärhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmeginiň netijesinde onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegini şertlendirýändigini nygtady.

Myhmanyň belleýşi ýaly, türk hyzmatdaşlary geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň nurana geljegine ynam bildirýärler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän yzygiderli goldawyna daýanýarlar.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda senagat we eksport maksatly desgalaryň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtap, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy milli Liderimize Watanyň we mähriban halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň toý bagyny kesýär we toplumyň önümçilik binalaryna geçýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz alypbaryjynyň haýyşy esasynda düwmä basyp, aýna önümçiliginde iri desga bolan senagat toplumynyň önüm ulgamyna badalga berdi. Aýna önümleriniň we aýna gaplarynyň önümçilik tehnologiýasy hakyndaky wideofilmde önümçilik toplumynyň işi barada giňişleýin maglumat berilýär.

Bellenilişi ýaly, aýna önümçiligi häzirki zaman “float” tehnologiýasy esasynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär. Täze usul aýnany ýylmamak üçin ozalky ulanylýan usulyň zerurlygyny aradan aýyrýar. Munuň özi aýna önümçiliginde hem-de onuň esasynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk senagatynda we lukmançylykda ulanylýan aýna gaplarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik döredýän artykmaçlykdyr.

Hünärmen milli Liderimize Finlýandiýanyň “Glastone” kysymly enjamynda aýnalaryň senagat taýdan gaýtadan işlenilişiniň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bu pejiň önümçilik kuwwaty 300 müň inedördül metr taplanan aýna barabardyr. Onuň berkligi adaty aýnalardan 5 esse ýokarydyr. Bu aýnalar “howpsuz” bolup, olar gurluşyk pudagynda, awtomobil, durmuş tehnikalary we mebel önümçiliginde ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň “Buhler” we Awstriýanyň “Lisec” kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen enjamlarynyň kömegi arkaly taplanan aýnalaryň reňklenişine we laminirlenilişine syn edýär. Olarda birnäçe ses peseldiji we energiýa tygşytlaýjy dürli görnüşli aýnalar öndürilýär.

Ýurdumyz üçin täze aýna önümçiliginiň görnüşleri we çig mallaryň nusgalary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezildi. Hünärmeniň belleýşi ýaly, önümçilik çig maly baýlaşdyrmak, reňklenen aýnalary, aýna gaplaryny taýýarlamak we aýnany senagat taýdan gaýtadan işlemek ýaly bölümlerden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýnanyň görnüşine we ähmiýetine görä ýokary hilli serişdeleriň saýlanylyşyna, olaryň taýýarlamak ulgamlarynda ulanylyşyna ünsi çekdi. Hek, kwarsly çäge, dolomit, natriý sulfaty we ýurdumyzda bar bolan känlerden kärhana gelip gowuşýan beýleki serişdeler aýna önümçiliginde netijeli ulanylýar.

Bu ýerde “Zippe” kompaniýasynyň ýörite enjamlary oturdylyp, onuň kömegi bilen degişli garyndylar ulanylyp, aýnalara reňk berilýär. Ähli serişdeler ýörite elekden geçirilýär, guradylýar we gerek bolan serişde taýýar bolýança garylýar.

“HOPN Glass Industriýes AG” önümçilik peç enjamynyň işi, onuň aýratynlyklary barada milli Liderimize gürrüň berildi. Serişdeleriň fiziki we himiki düzümlerine laýyklykda aýnalaryň berkligi, daşky görnüşi we termodurnuklylygy ýaly görkezijileri emele gelýär. Olardan önümçilik serişdeleri alynýar.

1100 dereje gyzgynlygy bolan ýörite wanna erginler akdyrylýar. Olaryň agramy hem-de serişdäniň üstüniň gyradeňlenmegi bilen ergin serişdeler tekiz we göni görnüşe eýe bolýar.

Soňra aýna erginleri 3 millimetrden 12 millimetre çenli dürli galyňlyk alynmak üçin dartdyrylýar. Soňra ol ulgamdan aýrylyp, taplanýan bölüme geçýär. Bu ýerde Belgiýanyň “Cnud” kompaniýasynyň enjamy taplamak işini ýerine ýetirýär. “Float” tehnologiýasynda işiň şu tapgyry aýratyn möhüm hasaplanýar. Aýna taplanyp bolandan soň, önüm dessine sowadylýar. Şeýlelikde, ol gatadylýar we berkidilýär.

Şeýle hem Owadandepedäki täze kärhananyň tehnologiýa ulgamy dürli görnüşli aýnalaryň we azyk önümleri, derman serişdeleri üçin niýetlenen reňkli aýna gaplaryň önümçiligini özünde jemleýär. Italiýanyň “Bottero” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy içgiler üçin niýetlenen bankalary, çüýşeleri, şeýle hem sygymy 0,25 –den 3 litre çenli bolan lukmançylyk aýna gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Önümçilik ulgamynyň ähli düzümlerine awtomatik usulda gözegçilik amala aşyrylýar we ol halkara ölçeglerine laýyk derejede tehnologiýa taýdan dolandyrylýar. Serişdeleri taýýarlamakdan başlap, taýýar önümlere çenli ähli pursatlarda talap edilýän hil derejesiniň hem-de olaryň görkezijileriniň gözegçiligini ýola goýýan barlaghana ýokary tehnologiýaly enjamlar we gurallar bilen üpjün edilipdir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ulanylmaga berilmegi degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini has azaltmaga we geljekde daşary ýurtly sarp edijiler üçin aýna önümleriniň dürli görnüşleriniň eksportuny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Kuwwatly aýna önümçiliginiň ýola goýulmagy bu ulgamyň önümleriniň bazarlarynyň geljekde has-da artmagyny üpjün eder.

Täze senagat desgasy ýurdumyzyň aýna önümçiliginde täze önümçilik bolmak bilen, onda önümçilik ulgamlarynyň anyklygyny, döwrebap ugurlaryny nazara almak bilen, milli hünärmenler daşary ýurtlarda degişli okuw we taýýarlyk işlerini geçdiler. Bu toplumda jemi müňe golaý täze iş orny döredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýaly önümçilik bilen tanyşlygy tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýadygärlik ýazgy ýazdy hem-de kärhananyň işgärlerine täze awtomobilleriň açarlaryny gowşuryp, açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Okalan sany: 567   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
15 февраля 2018

Teleÿaÿlym arkaly täze binalaryň açylşyna seretdik. Hormatly Prezidentimiz tåze binalary hut őzi açyp halkyna sowgat bermegi has-da begençli, buÿsançly hem tolgunduryjy boldy. Ajaÿyplyklaryň hőwri kop bolsun!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08339 sek. ýüklenen baýt: 83761