Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Güle meňzeş.
Ýazylan wagty: 17 февраля 2018 Ýazan Mayichka
Gü­le meň­ze
Bir ge­zek akyl­da­ryň ýa­ny­na gö­zü­ne ýaş aý­lap, bir gyz gel­ýär hem-de:
– Men in­di nä­me et­sem­käm? – di­ýip, agyň ara­syn­da zeý­ren­ýär. – Men he­mi­şe adam­la­ra ýag­şy­lyk et­dim, hiç ki­miň göw­nü­ne deg­me­dim, elim­den gel­ýän kö­me­gi­mi gaý­gyr­ma­dym. Men hem­me­le­re gü­ler ýüz­li, my­la­kat­ly bol­sam-da, köp­lenç ho­şal­ly­gyň, sy­lag-hor­ma­tyň de­re­gi­ne göw­nü­me de­gip, meni ýaň­sa al­ýar­lar. Hat­da açyk­dan-açyk duş­man­dy­gy­nam bil­dir­ýär­ler. Me­niň hiç hi­li gü­näm ýok, bu şeý­le bir ada­lat­syzlyk bo­lup, mer­te­bä­me ju­da agyr deg­ýär. Ma­ňa mas­la­hat ber­se­ňiz­läň, eý­sem, men nä­me et­me­li?!
Akyl­dar ga­py­ny açyp, sto­luň üs­tün­de ýüz gö­rül­ýän aý­na goý­ýar. – Yn­san adam­la­ryň ara­sy­na eg­na­çyk çyk­mak­dan çe­ki­ni­şi ýa­ly, dün­ýä­de hem bü­tin­leý göw­na­çyk ge­zip ýör­me­li däl­dir. Se­niň göw­nüň edil şu ga­py ýa­ly açyk. Her kim dur­mu­şy­ňa gös-göni bur­nu­ny so­kup bil­ýär. Şu aý­na­nyň ynsan gözelligini, bet­gel­şik­li­gini, aýyp­la­ryny gör­ke­zi­şi dek, se­niň ah­la­gyň päk­di­gi­ni gör­se­ler, sa­ňa my­ja­bat at­ma­ga, ki­çelt­mä­ge we göw­nü­ňe deg­mä­ge ýyk­gyn etjek tapylar. Kim­dir bi­ri­niň özün­den artykmaç­dy­gy­ny bo­ýun al­ma­ga her ki­miň gaý­ra­ty çat­ma­ýar. Şeý­le­lik­de, bi­de­rek adam go­wy bo­la­sy gel­män, päk yn­san bi­len duş­man bol­ýar.
– On­da men nä­me et­me­li? – di­ýip, gyz so­ra­ýar.
– Ýör, men sa­ňa öz ba­gy­my gör­ke­ze­ýin – di­ýip, go­ja tek­lip ed­ýär. Akyl­dar gy­zy ba­ga el­tip, şeý­le diý­ýär: – Men bu owa­dan gül­le­ri köp ýyl bä­ri su­wa­ryp gel­ýän hem-de ola­ra ideg ed­ýän. Ýö­ne bu gül­le­riň owa­dan­ly­gyn­dan, hoş­boý ysyn­dan nä­çe lez­zet al­sa­mam, ola­ryň gun­ça­sy­nyň açyl­ýan pur­sa­ty­na bir ge­ze­gem ga­bat gel­me­dim. Se­nem edil şu gül­ler ýa­ly bol: ýü­re­gi­ňi adam­la­ra al­ňa­sa­man, bil­dir­män aç. Edil kim­dir bi­ri­niň gül­le­ri suw­laý­şy ýa-da ola­ry go­pa­ryp de­pe­leý­şi ýa­ly özü­ňe dost bol­ma­ga my­na­sy­by, ýag­şy­lyk et­je­gi saý­gar­ma­ga ta­gal­la et!
Okalan sany: 130   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05492 sek. ýüklenen baýt: 30891