Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bägül ÿaprajygy.
Ýazylan wagty: 17 февраля 2018 Ýazan Mayichka
Ba­gül ýap­ra­jy­gy
Be­ýik kom­po­zi­tor Lýud­wig Wan Bet­ho­we­ni Pa­ri­žiň Sun­gat aka­de­mi­ýa­sy­nyň ha­ky­ky ag­za­ly­gy­na ka­bul etme­li di­ýen ka­ra­ra ge­lin­ýär. Baş­lyk­lyk ed­ýän adam şeý­le diý­ýär:
– Şu gün bu ýe­re be­ýik Bet­ho­we­ni aka­de­mi­ýa­my­za ag­za­ly­ga ka­bul et­mek üçin ýyg­na­nyş­dyk. Ýö­ne, gy­nan­sa­gam, aka­de­mi­ýa­da ýe­ke­je-de boş orun ýok.
Za­la üm­süm­lik ara­la­şyp­dyr.
– Ýö­ne – di­ýip, baş­lyk sö­zü­ni do­wam et­di­rip­dir we sto­luň üs­tün­de du­ran bulgury suw­dan pü­re-pür dol­du­ryp­dyr. On­da ar­tyk bir dam­ja-da ýer gal­man­dyr. Soň­ra ol şol ýer­de du­ran bä­gül çe­me­nin­den bir gül­ ýap­ra­jy­gy­ny go­pa­ryp, emaý bi­len su­wuň ýü­zün­de go­ýup­dyr. Pü­re-pür bul­gur­da­ky suw da­şy­na ag­man­dyr. Şon­da baş­lyk­lyk edi­ji se­si­ni çy­kar­man, otu­ran­la­ra na­zar aý­lap­dyr. Mu­ňa jo­gap hök­mün­de hem­me­ler el çar­pyp ug­rap­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, ýyg­nak Bet­ho­we­ni Sun­gat aka­de­mi­ýa­sy­nyň ha­ky­ky ag­za­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­mak bi­len ta­mam­lanypdyr.
Söý­gi zyn­jy­ry
Bra­ýan ço­la ýol­dan bar­ýan eken. Bir­de­nem, bir gy­ra­da öçüp ga­lan “Mer­se­de­se” gö­zi dü­şüp­dir. On­da al­jy­raň­ňy ýag­daý­da gar­ta­şan aýal otu­ran eken. Ol onuň aw­tou­la­gy­nyň de­ňin­de sak­la­nyp, özü­niň kö­ne “Pon­tiac”-yn­dan dü­şüp, eý­ýäm umy­dy­ny üzen ze­na­nyň ýa­ny­na ýö­ne­lip­dir. Ze­nan örän gor­kan eken, çün­ki onuň aw­tou­la­gy­nyň de­ňin­de bir aw­tou­la­gam sak­lan­man­dyr. Ol bu ýaş er­kek ki­şi­niň özü­ne ze­per ýe­ti­re­rin­den hem he­der et­män dur­man­dyr.
– Me­niň adym Bra­ýan An­der­son – di­ýip, ol özü­ni ta­na­dyp­dyr.
– Ha­nym, men si­ze kö­mek ede­ýin! Hä­zir­lik­çe siz me­niň aw­tou­la­gym­da otu­ryň, ol ýer si­z üçin az­da-kän­de ýy­ly bo­lar.
Bra­ýan aw­tou­la­ga se­re­dip, onuň te­ke­ri­niň sy­pan­dy­gy­ny görüp­dir. Ze­nan ýü­ze çy­kan nä­saz­ly­gy dü­ze­dip bil­män eken. Bra­ýan ýe­ňi­ni çer­mäp, işe gi­ri­şip­dir. Ýaş er­kek ki­şi te­ke­ri çal­şyp, ýyl­gy­ryp­dyr.
Aýal:
– Eden hyz­ma­ty­ňyz üçin si­ze nä­çe ber­me­li? Pu­luň gür­rü­ňi ýok – di­ýip, gys­san­maç sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip­dir.
Bra­ýan şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Si­ziň ma­ňa hiç hi­li ber­gi­ňiz ýok. Men di­ňe kyn pur­sat­da ýar­da­ma mä­tä­je kö­mek et­dim. Adam­la­ryň ma­ňa geç­miş­de nä­çe ge­zek kö­mek eden­di­gi­ni di­ňe Hu­daý bil­ýär. Eger-de sen, ha­ky­kat­dan-da, ma­ňa min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýän bol­saň, in­di­ki ge­zek, kim­dir bi­ri­niň kyn ýag­da­ý­da ga­lan­dy­gy­ny gör­seň, şol ada­ma kö­mek et we şon­da me­ni ýa­dy­ňa sal.
Ze­nan ho­şal­lyk bil­di­rip, öz aw­tou­la­gy­na ge­çip­dir. Bir­nä­çe ki­lo­metr ýol ge­çen­den soň­ra, ol gar­ba­nyş­ha­na sow­lup­dyr. Ol ýy­lan­mak hem-de bir zat­lar gar­ban­mak üçin ol ýe­re gi­rip­dir. Oňa hyz­mat ed­ýän ýaş ofisiantka ze­nanyň uzak­ly gün aýak üs­tün­de­di­gi bil­dir­se-de, ony ýyl­gy­ryp gar­şy alyp­dyr. Onuň hy­syr­dy­ly işi, göw­re­li­li­gi, gün­de­lik ala­da­la­ry bu ýaş ze­na­ny gü­ler ýüz­lü­lik­den mah­rum et­män eken.
Gar­ta­şan aýal ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edi­nip, oňa 100 dol­lar uza­dyp­dyr. Ofi­siant­ka ze­nan gaý­tar­gy­sy­ny ge­tir­mek üçin gi­den­de, aýal gar­ba­nyş­ha­na­dan tiz çy­kyp gaý­dyp­dyr. Ofi­siant­ka do­la­nyp ge­len­de, ol aýa­lyň eý­ýäm, gi­den­di­gi­ni bi­lip ga­lyp­dyr. Sto­luň üs­tü­ne se­redende, ol ýer­de ýaz­gyly kagyzyň du­ran­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Ol ýaz­gy­ny okan­da, gö­zü­ne ýaş aý­la­nyp­dyr. “Si­ziň ma­ňa hiç hi­li ber­gi­ňiz ýok. Men di­ňe ge­çip bar­ýar­dym. Şu gün edil hä­zir me­niň sa­ňa edi­şim ýa­ly ma­ňa-da kim­dir bi­ri kö­mek et­di. Eger-de sen ma­ňa ha­ky­kat­dan hem, gaý­ta­ra­syň gel­ýän bol­sa, mu­nuň üçin si­ziň et­me­li za­dy­ňyz – bu söý­gi zyn­jy­ry­nyň siz­de gu­tar­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­mäň!”.
Sto­luň üs­tün­dä­ki des­ma­lyň aşa­gyn­da ýe­ne-de köp pul ýa­tan eken.
Öýe ge­len­den soň, ýaş ze­nan adam­sy­na ýu­waş­lyk bi­len şeý­le di­ýen:
– Men se­ni söý­ýän Bra­ýan An­der­son!
Okalan sany: 106   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05019 sek. ýüklenen baýt: 34564