Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Figuralaÿyn typmak (dowamy)
Ýazylan wagty: 06 марта 2018 Ýazan Mayichka
1960-njy ýylda Skwo-Wellide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bu jübüt 6-njy orny eýeleýär. IX Olimpiýa oýunlarynda L.Belousowa bilen O.Protopopow altyn medaly gazanýarlar. I.Rodnina we A.Ulanow, soňra A.Zaýsew, T.Moskwina we T.Mişin, T.Žuk we A.Gorlik, L.Smirnowa we A.Suraýkin, T.Karelina we G.Proskurina dagylaryň atlary jübütleýin typmakda, I.Grişkowa we W.Ryžkin, L.Pohomowa we A.Gorşkow buzda ýerine ýetirilýän tanslarda, S.Çetweruhina ýekebara typmakda dünýäniň iň güýçli figuraçylarynyň sanawyna girdiler. Ýapyk buzly meýdançalaryň gurulmagy, figuraly typmagyň geografiýasynyň adatdan daşary giňelmegi, teleýaýlymlar boýunça berilýän giňişleýin habarlar figuraly typmagyň ähli görnüşleriniň uly meşhurlyga eýe bolmagyna täsir edýär. Köpçülikleýinligi bilen bir hatarda figuraçylaryň ussatlygy hem has artdy. Howa şertlerine garamazdan, öwretmeklik prosesi ähmiýetli gowulandy, köpeldi, wagtyň aglaba bölegi döredijilik gözleglerine sarp edilýär. Häzirki zaman ses ýazgylary, tälimçiniň we horeografyň döredijilik gatnaşyklary sapaklaryň saz we horeografiki medeniýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi, figuraçylaryň ussatlygynyň ösmeginde wajyp orun tutdy. Bu prosesde S.Žuk, E.Çaýkowskaýa, I.Moskwin we beýleki tälimçilere aýratyn orun degişlidir. Açyk hem ýapyk meýdançalardaky buzuň üstündäki maşklar dürli ýaşdaky adamlaryň – mekdebe çenli ýaşlylardan gartaşan adamlaryň bedenine sagaldyş-gigiýeniki täsir edýär. Buzda figuralaýyn typmak ilkinji nobatda adamlara ägirt uly lezzet berýän dynç alşyň wajyp serişdesi hasaplanýar. Häzirki wagtda ol juda elýeterli boldy: konkileriň we köwüşleriň goýberilişi has artdy we paýtagtymyz, ak şäherimiz Aşgabatda buzly köşkleriň ikisi gurlup, ulanylmaga berildi. Buzda typmaklyk onuň bilen meşgullanýanlaryň beden taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär, hereketleriň utgaşyklylygyny we görnüşlerini kämilleşdirýär. Göni çyzykly we aýlawly ýüklemelere durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin buzda typmaklygyň maşklarynyň wajyp ähmiýeti umumy köpçülik tarapyndan ykrar edilendir. Merkezi nerw ulagmynyň, direg-daýanç hereket apparatlarynyň işleriniň dürlüçe kämilleşdirilmegi, gan aýlanyş, dem alyş ulgamlarynyň, iýmit çalşygynyň ýokarlanmagynyň kämilleşdirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Dürli ulgamlaryň işlerini kadalaşdyrýan ýüklemeleriň göwrümi ýeterlik derejede ýeňil amala aşyrylýar we sapak prosesinde dolandyrylýar. Bu bolsa figuralaýyn typmaklygy beden taýdan az taýýarlyklylaryň we 4-5 ýaşly çagalaryň bedenterbiýe serişdesi hökmünde ulanmagyna mümkinçilik berýär. Buzda typmagyň estetiki terbiýäniň serişdesi hökmünde-de ähmiýeti bimöçberdir. Bu görnüşiň ähli maşklary owadan, sazly medeniýet duýgusyny terbiýeleýär, çeperçilik tagamyny, depginlilik duýgusyny ösdürýär. Buzda typmagyň maksatnamasyna ýekebara typmak (aýallar we erkekler), jübütleýin typmak (aýal – erkek) we buzdaky sport tanslary (aýal – erkek) girizilendir. Görnüşleriň hersi özbaşdak mana eýedir, emma olaryň arasynda öňdebaryjy we birleşdiriji ýekabara typmak hasaplanylýar. Sport görnüşu hökmünde erkekleriň arasynda ýekebara typmak 1868-nji ýylda resmileşdirildi. Ol konkide ylgaýanlaryň birinji kongresinde ilki Amerikada, soňra Ýewropada – konkide ylgaýanlaryň Wena jemgyýeti tarapyndan tassyklanyldy. Şol wagt ýekebara typmagyň “mekdep” (häzirki hökmany figuralar), erkin typmaklyk we ýörite figuralaryň differensiasiýalaşdyrmasy bolup geçýär. Typmaklygyň soňky görnüşi Russiýada has giň ösüşe eýe boldy we rus figuraçysy N.A.Panin-Kolomenkin ýörite figuralary ýerine ýetirmek boýunça 1908-nji ýylda Londondaky Olimpiýadada Russiýada ilkinji bolup, altyn medala mynasyp boldy. Emma şondan soň şahsy typmaklyk iki görnüşli diýlip tassyklanyldy we oňa hökmany figuralary (olar 41 sany) ýerine ýetirmek we erkin typmaklyk (ol hemme gatnaşyjylar üçin hökmany maşklar bilen gysga maksatnama we hususy erkin maksatnama paýlanan) girizilýär. Hökmany maşklaryň gysga maksatnama girizilmegi figuraçylaryň tehniki ussatlygyny deňeşdirmegi ýeňilleşdirýär, sebäbi onuň üçin adatça ýokary kynçylykly dürli maşklar saýlanyp alynýar (çylşyrymly böküşler, böküşleriň kaskady we aýlaw bilen tilsimleşdirilen böküşler). Şeýlelik bilen, erkekleriň ýekebara typmagy häzirki wagtda iki görnüşli göz öňüne getirilýär we onda ýeňiji bolana iki toplum kiçi medal gowşurylýar. Aýallaryň ýekebara typmagy has soňrak resmileşdirildi. Resmi taýdan bu 1906-njy ýylda Dawosda bolup geçdi. Eger erkekleriň we aýallaryň hökmany maşklary birmeňzeş bolsa-da, aýallaryň erkin typyşy ýokary çeperçiligi, çeýeligi we sazly hereketleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Ondan soňra jübütleýin (garyşyk) typmaklyk ýüze çykdy. Jübütleýin typmak boýunça halkara birinjilik ilkinji gezek 1908-nji ýylda Sankt-Peterburgda geçirildi we özüniň ýokary göze gelimliligi bilen halky özüne çekdi. Hut şol wagtdan başlap hem jübütleýin typmagyň wagty kesgitlenilýär – 5 minut. Jübütleýin typmagyň özboluşly tehnikasy ilkinji nobatda şahsy typmaklygyň figuralaryny deň hem sazlaşykly ýerine ýetirmeginden, maşklarda typmaklygyň tehnikasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmakdan (mysal üçin, bilelikdäki aýlanmalar, daşyňdan aýlanmalar we ş.m.), şeýle hem maksatnamany has bezeýän dürli görnüşli çylşyrymly biri-biriňi goldamalardan ybaratdyr. Häzirki wagtda jübütleýin typmakda gysga maksatnama girizildi, oňa ähli bäsleşýän jübütler üçin hökmany elementler girýär. Buzda figuralaýyn typmaklygyň üçünji görnüşi – buzuň üstündäki sport tanslary has soňrak Angliýada döreýär (XX asyryň 50-nji ýyllarynda) we dessine ykrarnama gazanýar. Bu görnüş depgine we tans sazynyň häsiýetiniň hereketlerine doly garaşlylygy bilen tapawutlanýar. Onda diňe bir ol ýa-da beýleki bäsleşigiň maksatnamasyny kesgitleýän hökmany tanslaryň ýerine ýetirilmeginde däl, eýsem erkin tanslar ýerine ýetirilende hem hereketleriň ýokary derejedäki tertipliligi talap edilýär. Ýekebara typmaklyk (hökmany we erkin maşklar) figuralaýyn typmaklygyň köpdürli görnüşleriniň esasysy hasaplanylýar. Hökmany maşklar konkä erk etmegiň tehnikasyna ulgamlaýyn we dürli taraply özleşdirmäge, içden we daşdan dugalaýyn taýmaga, egrelmeleriň garşysyna hereketlenmäge, öwrülmelere mümkinçilik berýär. Olar aýlanmalary, sekizlemeleri we dürli öwrülmeleri özleşdirmekde esas bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi üýtgeşik tehniki esaslary döredýär. Hökmany figuralaryň terbiýeleýjilik ähmiýeti türgenlerde zähmetsöýerlik, durnuklylyk, hereketleriň tertipliligi ýaly sypatlary kemala getirýändigi bilen baglanyşyklydyr we olarsyz figuralaýyn typmagyň bir görnüşinde-de üstünlik gazanmak mümkin däldir. Erkin typmaklyk ýokary tehnikany özleşdirmekde, ýörite çydamlylygy, täze tehniki çözgütleriň gözlegindäki döredijilik endiklerini terbiýelemekde we sazyň laýyklygyny we ýakymlylygyny duýmagy ösdürmekde figuralaýyn typmagyň ähli görnüşleri üçin esas hasaplanylýar. Diňe şahsy typmaklygyň hemişe kämilleşdirilmegi jübütleýin typmakda we buzuň üstündäki sport tanslarynda türgenleri taýýarlamagyň dürli ugurly wezipelerini çözmek üçin ynamlylyk döredýär. Figuralaýyn typmaklygyň ähli görnüşlerini mundan beýläk hem ösdürmegiň umumy ymtylyşy ilkinji nobatda figuralaryň tehniki taýdan çylşyrymlylygyny ýokarlandyrmak hasaplanylýar. Emma beýleki tarapdan uly derejede maksatnamalaryň taýýarlygynyň kompozisiýaly taraplaryny, typmaklygyň ussatlygyny ösdürmek bellenilýär. Häzirki döwürde figuralaýyn typmak ösüşiň ýokary derejesine ýetdi. Onda esasy orny ýekebara typmagyň “mekdebi” aýratyn orun tutýar. Hökmany figuralar bölüminde kiçi medallar üçin bäsleşmeklige täsir edýän figuraly çyzgylaryň geometriki dogrulygyna ýetmekde mundan beýläk hem ussatlygy ýokarlandyrmaklyga garaşylýar. Ýekebara erkin figuralaryň tehnikasy we olaryň kompozisiýasy häzirki wagtda has-da ýokary derejä ýetdi. 2,5 we 3 öwrümli aýlanmalar iri möçberli bäsleşiklerde figuraçylaryň maksatnamasynda günübirin hadysa öwrüldi. Yzly-yzyna dürli görnüşli bökmeler, böküş tilsimleri we pyrlanmalar, kynçylykly ädim tilsimleri ele almaklyk ýekebara erkin typmaklygyň ussatlaryny biri-birinden tapawutlandyrýar. Mundan beýläk hem figuralaryň tehnikasynyň çylşyrymlaşmagyna garaşylýar – 3,5 we ondan hem köp öwrümli aýlanmalar, dürli böküş we aýlanma elementleriniň çylşyrymly sazlaşygy, aýratyn-da typmakdaky ussatlygyň ýokarlanmagy. Geçen asyryň soňky ýyllarynda öňki Sowet Soýuzynyň türgenleri jübütleýin typmakda hünärmenlerde has uly täsirler galdyrdylar. Bu duetler typmagyň şahsy usulyny ele almak bilen juda ýokary tehnikany, horeografiki we ussatlyk taýýarlygyny görkezdiler. Üznüksiz döredijilik gözlegleri we täzeçe çemeleşmeler, öňdebaryjy horeografiki mekdep bilen ysnyşykly gatnaşyk jübütleýin typmagyň sowet mekdebiniň bütindünýä ykrarnamasyna getirdi. Buzdaky sport tanslary has gysga wagtyň içinde ýokary ösüşe eýe boldy. Häzirki wagtda Russiýanyň buzdaky sport tansynyň mekdebi ýokary ösüşleri başdan geçirýär, has ýokary we dürli taraply tehnikany şöhlelendirýär, tans maksatnamasynyň ýokary derejede goýluşy we çuň sazlar bilen bezeleşi hünärmenleri haýrana galdyrýar. 
Okalan sany: 101   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05221 sek. ýüklenen baýt: 38159