Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun eziz zenanlar!
Ýazylan wagty: 07 марта 2018 Ýazan Meret
Berkаrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Prezidentimiziň özlerine goýýan çuňňur hormat-sylagyndan ruhlanýan gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzyň ýürek buýsançlary, hoşallyk sözleri aýdymlarda, gazallarda ýaňlanýar.
Baharyň ilkinji günlerinde 8-nji mart baýramy bellenmegi örän ýerliklidir. Sebäbi bahar we zenan örän meňzeşdir. Baharyň ýeri zümerret ýüpekden düşäp, gülleriň içinde ýöreýşi ýaly, her zenan hem bu dünýäni nurdan we şatlykdan doldurýar. Olaryň her haýsy ähli başlangyçlaryň başy bolup durýar. 
Şahyryň belleýşi ýaly: “Bahar hem zenan-birmeňzeşdirler,olarda durmuşyň döredenleri bardyr. Bahar, zenana meňzeş hemişe mähirli, zenan hem owadan bahar ýalydyr.”
8-nji mart halkara zenanlar günüdir. Bu baýram zeminiň gül-gunçasy bolan aýal-gyzlaryň baýramydyr. Biziň ýurdumyzda aýallar barada köp alada edilýär. 
Olaryň arkaýyn zähmet çekip, işlemekleri üçin hemme mümkinçilikler döredilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda her ýylda aýal-gyzlaryň baýramçylygyna bagyşlap olara sowgatlar gowşurylýar.
Okalan sany: 463   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
07 марта 2018

dance


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07211 sek. ýüklenen baýt: 29951