Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Haçandan bäri ulanylÿar?
Ýazylan wagty: 07 марта 2018 Ýazan Mayichka
Te­le­wi­zor, ka­me­ra, aw­tou­lag ýa-da te­le­fon ha­çan­dan bä­ri ula­nyl­ýar?! Bu­la­ry oý­lap tap­mak üçin yl­myň we teh­ni­ka­nyň bel­li bir de­re­je­de ös­me­gi­ne ze­rur­lyk du­ýul­dy. Eý­sem, ka­gyz, äý­nek, sa­gat ýa­ly has ýö­ne­keý zat­lar ha­çan­dan bä­ri ula­nyl­ýar­?! Bu­la­ryň äh­li­si bir ge­zek­de bir adam ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­me­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ola­ry il­kin­ji oý­lap ta­pan alym ha­sap­lan­ýan şah­sy­ýet­ler bar. Hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy­my­za or­na­şa­ny­na örän köp wagt ge­çen kä­bir zat­lar ba­ra­da gys­ga­jyk mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.Äý­nek: Aý­na­nyň mun­dan 4 500 ýyl ozal oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Mi­la­dy­dan ozal­ky 1000-nji ýyl­lar­da lu­pa hök­mün­de ula­ny­lan ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Em­ma lu­pa­nyň äý­nek şe­ki­li­ne getirilme­gi üçin köp ýyl ge­rek bol­dy. Ital­ýan ja­han­keş­de­si öz ese­rin­de Mar­ko Po­lo 1270-nji ýyl­da Hy­taý­da bo­lan ma­ha­ly ýa­şu­ly adam­la­ryň has oňat gör­mek üçin aý­na­dan peý­da­la­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Iň­lis aly­my Ri­çard Kor­son äý­ne­giň 1280-nji ýyl­da ital­ýan­lar ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär.Jü­bi sa­ga­dy: ne­mes sa­gat us­sa­sy Pe­ter Henl­ýaýn 1500-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da oý­lap tap­ýar.Ter­mo­metr: 1593-nji ýyl­da ital­ýan aly­my Ga­li­leo Ga­li­leý ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. 1714-nji ýyl­da bol­sa, Da­ni­el Gab­ri­el Fa­ren­geýt ta­ra­pyn­dan si­map­ly ter­mo­metr döredilýär.Mik­ros­kop: 1595-nji ýyl­da gol­land aly­my Za­ha­riý Ýan­sen ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar.Te­les­kop: XI asy­ryň ahy­ryn­da ast­ro­no­mi­ýa­da ula­nyl­ma­ga ni­ýet­le­nen lin­za­lar oý­la­nyp ta­pyl­ýar. XIII asyr­da iň­lis aly­my Fran­sis Be­kon sy­nag mak­sat­ly te­les­kop­la­ry oý­lap tap­ýar. XV asy­ryň baş­la­ryn­da Ga­li­leo Ga­li­leý has kä­mil te­les­kop­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar.Žur­nal: 1731-nji ýyl­da çap edi­len “The Gent­le­man’s Ma­ga­zi­ne” at­ly ne­şir dün­ýä­niň il­kin­ji žur­na­ly ha­sap­lan­ýar. Mun­dan ozal, bel­li bir ug­ra ba­gyş­la­nan žur­nal­lar çy­kary­lan hem bol­sa, “The Gent­le­man’s Ma­ga­zi­ne” halk köp­çü­li­gi üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji žur­nal ha­sap­lan­ýar.Pa­raş­ýut: adam­za­dyň uç­mak ar­zu­wy has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bar. Be­ýik­lik­den bök­mek üçin ni­ýet­le­nen pa­raş­ýu­ty oý­lap tap­mak üçin hem bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­lar edi­lip­dir. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş il­kin­ji pa­raş­ýu­ty 1783-nji ýyl­da Lui-Se­bast­ýan Le­nor­man oý­lap ta­pyp­dyr.Bug bi­len iş­le­ýän gä­mi­ler ilkinji gezek 1786-njy ýyl­da ABŞ-da peý­da bol­ýar.Azyk önüm­le­ri­ni sak­la­mak üçin ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri so­wuk am­mar­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ula­ny­lan hem bol­sa, so­wa­dy­jy­nyň il­kin­ji nus­ga­la­ry XIX asy­ryň baş­la­ryn­da peý­da bol­ýar.1892-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly su­rat­keş Emil Reý­no il­kin­ji mult­fil­mi dö­red­ýär.
Okalan sany: 152   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05787 sek. ýüklenen baýt: 31821