Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hoşniýetli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar
Ýazylan wagty: 08 марта 2018 Ýazan NEXTTM
                          Hoşniýetli hyzmatdaşlyk                               rowaçlanýar

Ata Watanymyz Türkmenistanda ähli ugurlarda, sol sanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, gadymy Ýüpek ýoly transmilli awtomobil, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelýän bu ýollar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine, üstaşyr ýük daşalýan ýollaryň artmagyna, şeýle-de medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegine uly itergi berýär.

Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap dikeltmekde hormatly Prezidentimiz uly işleri alyp barýar. Baryp, 2007-nji ýylyň 12-nji maýynda milli liderimiz Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri bilen Türkmenbaşy şäherinde üçtaraplaýyn gepleşikleri mahaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda hyzmadaşlyk köprüsine öwrüljek Gazagystan – Türkmenistan - Eýran halkara demr ýoluny gurmak başlangyjyny beýan edipdi. Şondan köp wagt geçmänkä-de Tähranda Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň arasynda ylalaşyga gol çekildi. Şeýlelik-de, 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz “Demirgazyk - Günorta” transmilli polat ýolunyň gurluşygyna badalga berdi. Bu ägirt uly taslama ýedi ýylda amala aşyrylyp, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. 

Esasy bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýoly diňe bir onuň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleri däl, eýsem, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryny hem gyzyklandyrdy. Olar ýokarda agzalan synag otlusynyň görkezijileri netijesinde, bu ulag geçelgesiniň ýük daşamakda şu mahalky gatnalýan ugurlardan has amatly, has gysga we has arzan boljakdygyna anyk göz ýetirdiler. Çünki bu halkara ulag geçelgesi Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň gämi duralgalaryna çykmaga diýseň amatlydygyndan başga-da, Hindi ummanynyň hem-de Pars aýlagynyň ýurtlaryndan gelýän üstaşyr ýükleri Demirgazyk we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna daşamakda ep-esli harajadyň tygşytlanmagyna mümkinçilik döreder.  Sebäbi ol ýükler Gürgen – Etrek – Bereket – Uzen demir ýoly arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň soňam Russiýanyň üstünden geçmeli bolar. Elbetde, bu ugur häzirki Sues kanalynyň üstünden geçýän ýola garanyňda üç esse gysgadyr. Munuň özi üstaşyr ýük daşamakda “Demirgazyk - Günorta” geçelgesiniň ähli döwletler üçin has amatly boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr. Şu maglumatlar bolsa  Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli demir ýolunyň geljeginiň has uludygyny görkezýär.  

Häzirki döwürde bütin dünýä hemişelik Bitarap Watanymyzy tebigy gaz ýurdy höküminde tanaýarlar. Çünki halkara bilermenleriň geçiren barlaglary, düýpli seljermeleri biziň Watanymyzyň tebygy gaza diýseň baýdygyny, mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny bütin Ýer ýüzüne mälim etdi. Şeýle bolansoň hormatly Prezidentimiziň tagalasy netijesinde, tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmakda uly işler amala aşyrylýar. Muňa mysal hökmünde gysga möhletde gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan – Özbegistan –Gazagystan - Hytaý transmilli gaz geçirjisini, ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi ulgama birleşdirýän “Güdogar - Günbatar” gaz geçirjisini, häzirki wagtda 214 kilometrlik türkmen böleginde gurluşygy  batly depginlerde dowam edýän Türkmenisan – Owganystan – Pakistan - Hindistan halkara gaz geçirjisini we beýlekileri görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy ýanwarynda bolan Ministrler Kabinetiniň  giňişleýin mejlisindäki çykyşynda: “Fewral aýynyň 23-ne Türkmenisan – Owganystan – Pakistan - Hindistan halkara gaz geçirjisiniň düýbüni tutarys” diýdi. 

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji fewraly türkmen halkynyň taryhynda belli seneleriň biri boldy. Bu gün Mary welaýatynda Türkmenistan - Owganystan – Pakistan - Hinditan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan – Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki - süýümli aragatnaşyk ulgamlamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat - Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar bolup geçdi. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani,  Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jewed Akbar gatnaşdylar.

Dört dowletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilmeli TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käniniň tebygy baýlyklary Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň (733 km), Pakistanyň Kwetta hem-de Multan şäherleriniň (827 km) üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka diýen ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Bu iri gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolup, onuň 214 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginden geçýär. TOPH gaz geçirjisiniň gurulmagy netijesinde, ortaça 12 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler. Bu gaz geçirijisi arkaly her ýylda 33 millard kubmetre çenli gaz akdyrmak meýilleşdirilýär. Bu turbageçiriji boýunça gazyň ilkinji akymyny 2019-njy ýylda ugratmak göz öňüne tutulýar. 
Ýeri gelende ýatlasak, 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi, şol ýyl döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna beslenip gelipdi. 

Şu günki wakalaryň bolsa “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda bolup geçmeginiň çuňňur manysy bar. Häziki döwürde ady rowaýata öwrülen bu gadymy ýol, ençeme asyrlar mundan ozal türkmen topragyndan hem geçip, bu gün täze görnüşde dikeldilýär, döwletleriň we halklaryň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwerlik-medeni gatnaşyklary berkitmek we has-da işjeňleşdirmek pikirlerini özünde jemleýär.  Möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmegiň nukdaýnazaryndan amatly hasaplanylýan TOPH gaz geçiriji taslamasy şol asylly maksada kybap gelýär.

TOPH gaz geçirijisiniň ugrunda täze elektrik ulgamyny çekmek göz öňünde tutulyp, elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem şol ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgam geçiriler. Bu bolsa üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamynyň ösmegi bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. 

Ýollary, köprüleri we şuňa meňzeş desgalary gurmagy gadym döwürlerden bäri asylly iş hasaplap gelýän türkmen halky bu däpleri mynasyp dowam edip, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýärler. Ine, Serhetabat - Turgundy demir ýolunyň gurulmagy hem-de işe girizilmegi bu asylly işleriň biri bolup, ol ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-owgan gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam berer. 

Täze desgalarda işlere badalga berilmegi hem-de Serhetabat - Turgundy demir ýol şahasynyň ulanylyp başlanmagy biziň Bitarap döwletimiziň sebitdäki döredijilikli başlangyçlarynyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny tassyklaýar. Bu halkara bähbitli işler sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem ýardam edýär.

Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08639 sek. ýüklenen baýt: 38152