Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Täze işewürlik toplumynyň açylyşy
Ýazylan wagty: 08 марта 2018 Ýazan NEXTTM
Täze işewürlik toplumynyň açylyşy

Biz taryha ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen meşgul bolup, dünýäniň ähli künjeginde uly isleg bildirilen harytlary öndürendigine göz ýetirýäris. Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda iň naýbaşy önümler hasaplanan örän nepis türkmen halylary we haly önümleri, dürli hili owadan matalarymyz, hojalyk üçin gerek bolan harytlarymyz uly meşhurlyk gazanypdyr.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçen döwürlerdäki halkymyzyň toplan medeni mirasy täzeden dikeldilip, ýokary derejede ösdürilýär. Bu işleriň netijeli ýola goýulmagynda bolsa türkmen telekeçilerine, umuman, işewürlere uly orun degişlidir. Olar halkymyzyň baý däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny döwrebap işler bilen baýlaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Döwletimiziň yzygiderli goldawy hem-de milli Liderimiziň hut özüniň aýrtyn üns bermegi netijesinde, şeýle-de döwletimizde ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamy, hukuk bimýady, işewürlik üçin has amatly ýagdaýlaryň döredilmegi ýurdumyzda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegine ýardam berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýaşaýyş-durmuň we medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde hususy gurluşyk kärhanalary täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki desgalary gurup, ulanmaga berýärler. 

Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleriň döredilmeginde baý tejribe topladylar. Gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda paýtagtymyzda täze işewürlik toplumynyň,  ýagny täze desgalaryň iri toplumynyň – edara binalarynyň we söwda merkezleriniň açylyş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz serişdeleriniň hasabyna Aşgabadyň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G. Kulyýew köçesiniň ugrunda işewürlik we söwda toplumyny emele getirdiler. Bina edilen desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary şol bir binagärlik keşbinde ýerine ýetirilipdir. Bu meňzeşlik türkmen telekeçileriniň ählisiniň işiniň bir maksada – Watana, halkymyza gulluk edip, halal ýol bilen döwlet tapmaga gönükdirilendigini görkezýär. Bu binalar paýtagt şäherimiziň doly täze keşbe giren bir böleginiň aýratyn sazlaşygyny hem  emele getirýär. Gurlan desgalar Aşgabadyň söwda köçesine öwrülen 96 sany binany özünde jemleýär.

“Adam eli - gyzyl gül” diýlişi ýaly, bu owadan binalar gysga wagtyň içinde peýda boldy. Bu gurlan kaşaň binalar gündogardan günbatara tarap uzap barýan kerweni ýada salýar. Başy al-asmanda seleňleýän gözel ymaratlar, oklaw ýaly göni köçeler, daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenen ýanýodalar her bir ynsanyň kalbyna şatlyk paýlaýar.

Bu gözel  binalary synlanymyzda, türkmen topragyndaky bir wagtky bazarlar, söwda-täjirçilik işiniň taryhy merkezleri, şu topragyň üstünden geçen Beýik Ýürek ýoly hakyndaky ýazgylar biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu künjekdäki belent ymaratlar döwrüň gazananlaryny özünde jemleýär hem milli binagärlik sungatymyzyň özboluşly aýratynlygy, owadanlygy bilen göreni haýran galdyrýar. 

Dürli öwüşginli “Ak gaýa”, “Ak ýaýla”, “Döwlet gurluşyk”, “Täze jaý”, “Rysgal mebel”, “Ýüpek ýoly”, “Altyn” ýaly ýazgyly ak mermere bürenen söwda nokatlary özleriniň hyzmatlary bilen, aýry-aýry kärhanalaryň öndürýän önümleri bilen halkymyzy begendirdiler.  Bu söwda nokatlarynda ähli zat bar. Alyjylar iň ownuk harytlardan başlap, harytlaryň dürli görnüşlerini tapyp bilýärler. Indi alyjylara haýsydyr bir harydy gözläp, ähli dükany, ähli bazarlary söküp ýörmegiň geregi ýok.  Diňe şol gözleýän harydynyň şu dükanaryň haýsysynda bardygyny biläýmeli.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragy bu ýoluň ugrundaky iň uly söwda merkezleriniň hem biri bolupdyr. Türkmen täjirleriniň önümleri uzak ýurtlarda hyrydar halar önümler hökmünde tanalypdyr. Şundan ugur alsak,  Senagatçylr we telekeçiler birleşmesiniň täze işewürler merkeziniň hut “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda gurlup ulanylmaga berilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. 

Ýurdumyzda telekeçilige, hususy işe isleg bildirýänler üçin we bu ugruň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hususy telekeçiligi goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi we bu ugurda alnyp barylmaly işleri kesgitledi. Onda telekeçilere köpräk erkinlik bermek hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususylaşdyrmak ýaly işleri güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde öňe ädilen ýene bir ädim boldy.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem  dünýä bazarlaryna çykarmaga – eksport etmäge  hem gönükdirilendir. Şonuň üçin ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda hususy telekeçilik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine uly itergi berýär. Maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny, amatly maýa goýum ýagdaýyny, haryt bolçulygyny hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün edýär. Bu bolsa halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna getirýär. 

Okalan sany: 117   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05074 sek. ýüklenen baýt: 36197