Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bagtyýarlygyň mukamy-mermer binalar.
Ýazylan wagty: 08 марта 2018 Ýazan NEXTTM
Bagtyýarlygyň mukamy-mermer binalar.

Beyik Perwerdigär türkmene şanly ykbal, sowulmaz döwran, tükenmez akyl-payhas, pähim-parasat hem baky bagtyýarlyk eçildi. Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistan – beýik ýüpek ýolunyň ýüregi’’ atly kitapbynda beyan edilyän hekayatlaryň birinde hem şeyle diyilyär: Türkmenler aslynda yeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatcylygy gorap  saklamak üçin yaradylan halk...

Şöhratly taryhy bolan gadymy hem müdimi halkymyz geçmişde sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň aňrybaş nusgalaryny döredip, dünýä belli bolupdyr. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, Beýik Seljuklar döwletinde çüýşe gap ýasamak has-da ösüpdir. Owadanlygy bilen gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleriň bezeginde, çyralar we agramlyk daşlar ýasalanda aýna ulanylypdyr. Golaýda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Daňdanakan galasynyň otaglarynyň birinden köp sanly aýna önümleriniň bölekleri we abat saklanyp galan özboluşly çüýşe gaplaryň hem-de ownuk metal gurallarynyň birnäçesi tapylýar. 

Bu zatlaryň hemmesi türkmen topragynda aýna önümçiliginiň baý tejribesiniň bolandygyna şaýatlyk edýär.
    

Milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda oňyn meýiller we täzeçe çemeleşmeler bu günki gün has-da uly orun eýeleýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş-medeni hem-de senagat maksatly desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyz senagat taýdan kuwwatlanýar. Döwletimizi dünýäde senagat boýunça ösen döwlete öwürmek üçin beýik işler durmuşa geçirilýär,  dürli maksatly döwletli desgalar toplumlaýyn gurulýar. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda paýtagtymyzyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň ençemesi bezeýär. Golaýda şeýle desgalaryň ýene-de birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy.

 Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gokdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe  senagat zolagynda Orta Aziýa sebitinde örän uly senagat desgalarynyň biri bolan “Türkmen aýna önümleri”  kärhanasydyr.  Bu kärhananyň gurulmagy senagat pudagyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklaryň ýokary hilli aýna önümlerine isleglerini üpjün etmek bilen şertlendirilendir.    Ýigrimi dört gektar meýdany tutýan bu kärhana senagat şäherjigini ýatladýar.  Bu toplum birnaçe desgalardan ybarat bolup,  aýnanyň hem aýna önümleriniň dürli görnüşlerini öndurmäge niýetlenýär. Bölümleriň her birinde dünýä belli, öňdebaryjy kompaniýalaryň häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Kärhanada gurluşyk hem-de beýleki maksatlar üçin aýna önümleri bilen birlikde, azyk we derman senagaty üçin niýetlenen çüýşe gaplary hem öndüriler.

 Seýle hem täze kärhananyň çäginde işlejek hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly ýaşaýşy hem-de dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilendigini görüp, göwnüň ganatlanýar. Şu ýerde ýene-de bir aýratyn bellemeli zat, desga üçin gerekli çig mal önümleriniň ýudumyzyň çäginden alynmagydyr. Bu bolsa Diýarymyzyň tebigy baýlyklara baýdygyny äşgär edýär. Bu döwrebap desga innowasion tehnologiýalar bilen dünýä standartlaryna laýyk gelýän “fioat” tehnologiýasy esasynda önümleri öndürip, şeýle harytlara bolan islegleri doly kanagatlandyrar. Kärhana güýçli kuwwatlylygy bilen  Orta Aziýa sebitinde ilkinji orunda durup, geljekde önümlerini eksport etmek bilen, döwletimiziň ykdysadyýetiniň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşar. Şular ýaly ajaýyp desgalaryň gurulmagy halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanmagyna, önümçiligiň pugtalanmagyna uly itergi berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde paýtagt şäherimiz, oba-kentlerimiz tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Bu gün başy al-asmanda  seleňleýän mermer binalar göýä parahatçylygyň, asudalygyň sazyny çalyp, bagtyýarlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. 

Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05302 sek. ýüklenen baýt: 33499