Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hokkeÿçilerimiziñ üstünligi.
Ýazylan wagty: 08 марта 2018 Ýazan Mayichka
Türk­me­nis­ta­nyň hok­keý ýy­gyn­dy to­pa­ry Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň III di­wi­zio­ny­nyň saý­la­ma ta­py­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di. Türk­men hok­keý­çi­le­ri Bos­ni­ýa we Ger­so­go­wi­na­nyň paý­tag­ty Sa­ra­ýe­woda­ky “Dzet­ra” buz­ly meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren 3 du­şu­şy­gyn­da-da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Il­deş­le­ri­miz il­ki BAE-niň ýy­gyn­dy­sy­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 2-nji du­şu­şy­gyn­da Ku­weý­tiň mil­li to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Bi­rin­ji taým­da 8, ikin­ji­de 7, üçün­ji­de-de 9 şaý­ba ge­çi­ren türk­men hok­keý­çi­leri 24–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji du­şu­şy­gy­ny ýer eýe­le­ri bi­len ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry bu oýun­da-da şow­ly çy­kyş et­di. 1-nji taým­da ýer eýe­le­ri 3–1 öňe saý­la­nan hem bol­sa, 2–3-nji taým­lar­da de­giş­li­lik­de, 5 we 7 şaý­ba ge­çi­ren il­deş­le­ri­miz 13–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 3 du­şu­şyk­da 41 gol ge­çi­ren mil­li to­pa­ry­myz 9 utuk top­la­dy. Bu ne­ti­je­ler­den soň, Türk­me­nis­ta­nyň hok­keý ýy­gyn­dy­sy gel­jek ýyl 3-nji di­wi­zi­on­da çy­kyş eder. Ge­çi­ri­len 3 du­şu­şyk­da şah­sy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­bat­da-da mil­li to­pa­ry­my­zyň ez­ber oýun­çy­la­ry Döw­let Sö­ýü­now hem-de ýy­gyn­dy­my­zyň ka­pi­ta­ny Ah­met Gur­ba­no­wyň her­si 6 gol ge­çir­di. Il­deş­le­ri­miz­den Pa­wel Bar­kows­ki­niň 8, Aman­gel­di Aga­ni­ýa­zo­wyň 7, Ah­met Gur­ba­now bi­len Alek­sandr Wa­hows­ki­niň-de 6 gol pa­sy­ny be­ren­di­gi­ni hem bel­lä­liň.
Okalan sany: 53   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06435 sek. ýüklenen baýt: 30025