Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gadymy hem müdimi küşt oÿny.
Ýazylan wagty: 09 марта 2018 Ýazan Mayichka
Küşt oýny 19 asyryň ortalarynda sportuň köpçülikleýin we meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. Küşt boýunça dünýäniň resmi çempionatlary,kontenent ýaryşlary,halkara ýaryşlary giňden geçirilip, sport äleminde görnüklilige eýe boldy. Sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda,küşt dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ýaýrap,diňe bir güýmenje,sport däl-de,eýsem ylym hökmünde-de uly işler geçirilip başlandy. Öz gezeginde,küşt oýny çagalaryň arasynda höwes bilen oýnalynýan oýun we uly gyzyklanma bilen meşgullanylýan sportuň bir görnüşidir.Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejeli türgenleri taýarlaýan “Küşt” sport mekdepleri bardyr we şonuň bilen bir hatarda,çagalar baglarynda,orta mekdeplerde,ýokary okuw jaýlarynda küşt sapaklarynda tälim bermeklik kämilleşdirilýär. Çagalaryň umumy intilektual ösüşine we onda şahsyýetiň kemala gelip,kämilleşmeginde küşt oýny bilen meşgullanmaklygyň peýdasynyň uludygyny pedagoglar nygtaýarlar. Soňky ýyllarda küşte bolan gyzyklanmanyň has-da artýandygyny göz öňünde tutmak bilen,bu ulgamy kämilleşdirmek wajyp mesele hökmünde öňe sürülýär.Çagalaryň ünsüni çekmek we olary geljekde ýokary derejeli küştçiler edip,professional derejä çenli ýetirmek sport ulgamynyň işgärleriniň-tälimçileriň borjy bolup durýar. Ýaş küştçileri profesional derejede taýarlaýan ulgamy kämilleşdirmek üçin okuw-türgenleşik prossesiniň gurluşyny we düzümini täzeden işläp düzmelidir. Kämilleşdirilen nazary maglumatlardan peýdalanmaklygy,kompýuter tehnologiýasyny seljermekde we amaly sapaklary geçirmekde,dünýä çempionatlarynda oýnalýan oýunlary,çempionlaryň,grossmeýsterleriň oýun tärlerini(stillerini), oýun tapgyrlaryndaky täzelikleri öwrenmekligi her bir okuw-türgenleşik sapaklaryna girizmeli. Häzirki zaman ýaş küştçileri taýarlaýan ulgam,çaganyň psihikasynyň we oňa mahsus bolan psihiologiki aýratynlyklaryna baglylykda düzülmeli.Düzülen bu ulgam netijede,ýaş türgeniň içki duýgularyny (resurslaryny) maksimal derejede daşyna çykarmaga,psihikasynyň ösüşindäki şahsy (diňe özüne mahsus bolan) aýratynlyklar ýüze çykarmaga we döwrebap şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär. Ýaş sportsmenleri köpýyllyk gözegçilik etmeklik bilen,her bir ýaş türgeniň sportda görkezýän grafiginiň “gyýşyk”(öwrümli) çyzygyny brdygyny aýdyp bilýäris.Bu diýildigi,türgen hemişe bir drejede netije görkeznmeýär.Kimdir biri käbir sepgitlere ýetip,belli bir netijäni görkezip,şondan soň yzygiderli şowsuzluga sezewar bolýar.Käbirleri bolsa, tizlenmänem,haýallaman hem bir derejede gitdigiçe gowy netije görkezip, üstünlik düşekçesine çykýar. Bolup geçýän zatlara girişip,aýratynlykda her bir türgene haçan we nähili kömek etmelidigini anyklamak çagalar bilen işleýän türgeniň esasy wezipesi bolup durýar. Ýaş türgenleri taýarlaýan täze metodikalar ýaş küştçiniň islendik oýun ýagdaýynda ugur tapyp,dogry meýilnama düzmeklik maksdy bilen özbaşdak pikirlenmek ukubyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bize mälim bolşy ýaly,başlangyç topara alnan 16 türgeniň soňy bilen bary-ýogy 2-3 sanysy ýokary derejeler gazanýarlar.Munuň esasy sebäbi,ýaş türgenleriň indewidual kemçilikleri göz öňünde tutulmaýar,her bir türgen bilen aýratyn iş geçirilmeýänligi bolup durýar. Küşt sportdyr, ylymdyr we sungatdyr.Şunuň ýaly köp ugurlylyk bilen häsiýetlendirilýän küşt oýnunda küştçiniň oýna bolan emosional,hususy we fiziki taýarlyk görkezijileriniň ýeterlik derejede bolmaklygyny talap edýär.Ýaş küştçiler ýetişdirilende ýüze çykýan kynçylyklar şularyň islendiginiň ýetmezçiliginde ýüze çykyp biler.Eger küştçi döwi utulan bolsa,bu onuň gowşakdygyny,debýut bilmeýändigini,nazaryýet düşünjesiniň ýokdugyny ýa-da ýüze çykan pozisiýa düşünmän,baş alyp çykyp bilmeýändigini aňladmaýar.Bu onuň,meselem, emosional taýdan şol döwe taýyn däldigini aňladyp bilýär. Türgenleşik sapaklarynda ýäş küştçiniň,esasan,indewidual aýratynlyklaryna üns bermeli.Çünki,ýaş türgenler 6-7 ýaşdan sport bilen meşgullanyp başlaýarlar we şu döwürde çaganyň ýatkeşlik ,ünslilik we pikirlenmeklik ýaly psihiki mümkinçilikleriniň kemela gelýän wagtydyr.Çaganyň psihiki mümkinçilikleriniň ösüşine tälimçi hem oňaýly täsir edip bilýär. Türgeniň ýokary hilli we netijeli bolmagy üçin hökmany suratda,her bir çaga aýratyn gatnaşyk ýoluny,ýagny,berilýän materiallary alyp,dogry özleşdirip biljek usulyny sapagyň gurluşyna girizmeli.Bu diýildigi,her bir ýaş küştçiniň psihiki mümkinçilikleriniň(ýatkeşlik,pikirlenmek,ünslilik) haýsy biriniň ösendigini anyklamaly.Her bir çagada psihiki mümkinçilikler özboluşly kämilleşýär. Käbir çagalarda ýatkeşligi güýçli bolýar.Olar öwredilen materiallary ýatlap,ulanmaly ýerinde aňsatlyk bilen ýadyna düşürip bilýärler.Emma,käbir çagalar bolsa,ýatkeşligi pes bolup,pikirlenmek ukuby güýçli bolýar.Bular ýatkeş çagalardan tapawutlylykda çalt pikirlenip bilýärler.Munuň ýaly çagalar bilen işlenende,öwrenilýän materialyň düzümini nirden,nädip,näme üçin,haçan gelip çykandygyny anyk düşündirmeli.Olar bu maglumatlardan pikirlenmek arkaly özleri netije çykarýarlar.Hat-da, kähalatlarda, indi öwrenilmeli materiallaryň düzümine çalymdaş pikirleri “oýlap tapýarlar”.Ýagny,çaga görüp-eşitmedik maglumatyny özbaşdak pikirlenip akyl ýetirýär-özboluşly “açyş edýär”. 
Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08102 sek. ýüklenen baýt: 33918