Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
OKUWÇYLARYŇ BEDEN ÖSÜŞINI BAHALANDYRMAGYŇ TÄZE TEHNOLOGIÝASY
Ýazylan wagty: 09 марта 2018 Ýazan Mayichka
 “Orta mekdeplerde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek” atly ylmy işimiz esasynda geljekde okuwçylaryň beden ösüşini we beden taýýarlygyny bahalandyrmaga we gözegçilik etmäge ýardam berjek “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň kadalary” atly bedenterbiýe we sport monitoring maksatnamasy işlenip düzüldi. Bedenterbiýe we sport monitoring maksatnamasy döwletimizde bedenterbiýä we sporta gönükdirilen elektron programmalaryň ilkinjisidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport ulgamy üçin milli programmamyzyň ýokdugy hem-de ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ösmegi sebäpli elektron dolandyryş ulgamyny giňden ornaşdyrmak, peýdalanmak maksady bilen bilim we bedenterbiýe-sport ulgamy üçin elektron programmasy taýýarlanyldy. Işiň dowamynda mekdep sporty üçin okuwçylaryň elektron pasporty we maglumatlar gory işlenilip düzüldi. Mundan başga-da şu elektron programmanyň kömegi bilen mekdep sportunyň netijeliligine gözegçilik etmegiň elektron dolandyryş ulgamyny girizmek işleri alnyp baryldy. Mekdep bedenterbiýesini kämilleşdirmek üçin bedenterbiýe we sport monitoring programmasy bilen utgaşykly goşmaça sapaklar üçin maksatnama düzülip, okuwçylar ýörite synag toparlarynda gözegçilik edildi. Bu goşmaça maksatnama üç bölümden bolup, ol bedenterbiýe mugallymynyň pedagogiki işine we okuwçylaryň bedenterbiýesini kämilleşmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleri özünde jemleýär. Maksatnamanyň 1-nji toplumy “Sagdyn bol!” diýlip atlandyryldy. Ol esasan okuwçylaryň beden ösüşiniň kämilleşdirilmegine gönükdirildi. Bu maksatnama esasynda düzülen beden ösüşiniň testirlemeleri okuwçylar üçin gyzyklanma oýny hasaplanylýar, onda ýönekeýje enjamlary ulanmak bilen bäsleşmek mümkinçiligi döreýär we her bir okuwçy bal reýtingi esasynda köp utuk toplamaga ymtylýar. Maksatnamanyň 2-nji toplumy “Taýýar bol!” diýlip atlandyryldy. Bu maksatnama esasan mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe kadalaryny tabşyrmaklaryna gönükdirildi. Bedenterbiýe kadalaryny tabşyryp bilmedik okuwçylar bilen şahsylaşdyrylan meýilnama boýunça ýumuşlar tabşyryldy, sapakdan daşary taýýarlyk topary döredildi we goşmaça sapaklar geçirildi. Maksatnamanyň 3-nji toplumy “Ýeňiji bol!” diýlip atlandyryldy. Maksatnamada “Türkmenistan - sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygarynda geçirilýän Milli spartakiadanyň düzümindäki we ýerli şertlere laýyklykda sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryň 10 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilip, köp utuk toplamaklaryna üns berildi. Utuklary bahalandyrmagyň özüne çekiji taraplary: aýry-aýry okuwçylaryň däl, eýsem tutuş synpyň, tutuş bilim edarasynyň beden taýýarlygyny bahalandyrmaga mümkinçilik bermegidir. Şeýle başlangyçlaryň amala aşyrylmagy okuwçylara diňe bir özi üçin däl, tutuş synp üçin çykyş etmäge mümkinçilik berýär we synpyň umumy hasabyna öz şahsy utuk goşandyny goşmaga itergi berýär. Bedenterbiýe we sport monitoring maksatnamasy okuwçylarda uly üstünliklere eltýän mehanizimler bolan inkär etmek, ymtylmak we bäsleşmek ýaly häsýetleriň ýüze çykmagyna hem itergi berdi. Sebäbi beden ösüşiniň we taýýarlygynyň hem-de sport ýaryşlarynyň netijeleriniň dinamikasy öz synpdaşlary bilen deňeşdirmeleri, okuwçylara kemçiliklerini we artykmaçlyklaryny seljermäge ýardam berdi. Şeýle çemeleşme okuwçylary bu sapaga has-da işjeň we döredijilikli çekmäge hem ýardam berdi, saglyga jogapkärçilikli çemeleşmäni kemala getirmek başartdy. Synag-tejribe synplarynda bedenterbiýäniň görnüşleri geçirilende okuwçylaryň ýaş we jyns aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, bedenterbiýe we sport monitoring maksatnamasy hem-de “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygarynda geçirilýän mekdep spartakiadasynyň sport görnüşleri peýdalanyldy. Barlag we synag-tejribe synplarynda boýy, agramy, döş kapasasynyň aýlawy, bedeniň agram-boý gatnaşygyndaky indekslerinde ähli öwrenilýän synplaryň görkezijileri boýunça maglumatlaryň düýpli tapawudynyň bolmandygyny belleýäris. Synag-tejribe synplarynda tejribäniň ahyryna çenli okuwçylaryň beden taýdan ösüşiniň görkezijilerinde üzül-kesil üýtgeşmeler boldy. Barlag we synag-tejribe synplarynyň okuwçylarynyň boýy we agramy boýunça görkezijileri kän bir tapawutlanmaýar. Ýöne öýkeniň ýaşaýyş sygymy we penje güýji ýaly görkezijiler boýunça synag-tejribe synplarynyň okuwçylarynyňky ýokary boldy. Netijede, okuwçylar günüň dowamynda ep-esli wagtlap öz işjeňligini ýitirmezden, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp bilýärler. Bu bolsa olara dürli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler boýunça barlag synplarynyň okuwçylarynyň öňüne geçmäge mümkinçilik berdi. Dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň görkezijileri synag-tejribe synplarynda 37%, barlag synplarynda 21,5% deň boldy (P<0,05). Okuwçylaryň monitoring maksatnamasynyň esasynda bedenterbiýe-sport bäsleşiklerine höwesiň döremegi olaryň hereket işjeňliginiň ýüze çykmagyna getirdi. Netijede barlag toparyna garanyňda tejribe toparyň okuwçylarynyň sport ýaryşlara işjeň gatnaşygyny oglanlarda 25,0%-e çenli, gyzlarda bolsa 14,8%-e çenli ýokarlandyrmak başartdy. Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe boýunça okuw sapaklaryny guramak üçin täzeçe çemeleşmeleri gözlemekde bäsleşik görnüşleriniň özüne çekijiligi nazara alynýar. “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň kadalary” atly monitoring maksatnamasy esasynda mekdep okuwçylar bilen işlemekde birnäçe meseläni çözmäge – olaryň hereket etmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga, joşgunly hyjuwlaryny höweslendirmäge, öz bedenine erk etmegi öwretmäge, beden taýdan görkezijilerini we hereket sazlaşygynyň başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýe sapaklarynda we okuwdan daşary işlerde monitoring maksatnamasyny yzygiderli ulanmak okuwçylaryň hereketleriniň kämilleşmegine, saglygynyň berkemegine, akyl we beden taýdan işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Bedenterbiýe sapaklarynyň düzümine monitoring maksatnamasynyň girizilmegi okuwçylaryň bedenterbiýe sapaklaryna we özleriniň beden taýdan ösüşine şahsy garaýyşlaryna oňyn täsir edýär. Bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak beden ösüşiniň we beden taýýarlygynyň derejesiniň, şeýle hem okuwçylaryň ýörite okuwda işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Bu bolsa olaryň dürli bäsleşiklerde gazanan netijelerinde öz beýanyny tapýar.
Okalan sany: 116   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05109 sek. ýüklenen baýt: 35275