Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşdy
Ýazylan wagty: 09 марта 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşdy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz         Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen medeni, ykdysady, syýasy hyzmatdaşlygy giňden ýola goýdy. Bu dost-doganlyk gatnaşyklaryň biziň ýurdumyzyň mundan beýläkde güýçli depginde gülläp ösmeginde uly ähmiýeti bar.
         
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň çäklerinden daşda we serhetdeş ýurtlar bilen hemişe dost-doganlygy pugtalandyrmak üçin diňe bir öz ýurdumyzyň däl, beýleki döwletleriň hem ösmegi üçin il-ýurt bähbitli şertnamalary baglaşyp, olar billen durnukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Ýurdumyzyň röwşen geljegini, halkymyzyň bol-elin ýaşaýşyny dünýä ýurtlarynyň abadançylygyny berkitmek üçin, ýurdumyzyň içeri, daşary syýasatyny özara dostlukly gatnaşyklarynyň uly ähmiýeti bar.

Ýakyn günlerde Arkadagymyz iş sapary bilen Birleşen arap emirliklerine gidýär.Halklaryň arasynda dostlyk-gatnaşyklary öz köklerini örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan – parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynda dünýäde dost doganlyk gatnaşyklary günsaýyn pugtalanýar. Halkara gatnaşyklarynda döwlet syýasatynda birek-biregiň ykdysady taýdan özara bähbitli hyzmatdaşlygy nebijesinde halkara ulag aragatnaşygy gaz geçirijileri geçirmek, elektrik toguny geçirmek ýola goýuldy . Ynsanperwerlik bilen birek-birege kömek bermegiň netijesinde Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlary bilen il-ýurt bähbitli söwda hyzmatdaşlygynyň  has netijeli ýola goýulmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegine getirýär.

“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabyndaky halkara medeni, ylmy, ykdysady, syýasy gatnaşyklaryň halkyň hakydasynda öçmejek yz galdyranlygy baradaky goraýyşlaryň bu günki günde hem döwrebap kämilleşýär. Berkarar döwletimiz daşary ýurtlar bilen parahatçylykly, birek-biregiň bähbidini aramak şerti bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dowam edýär.

Okalan sany: 180   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07269 sek. ýüklenen baýt: 31499