Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Mährem zenanlara sarpa.
Ýazylan wagty: 09 марта 2018 Ýazan NEXTTM

Mährem zenanlara sarpa. 

Ene! Zenan !Gyz! Gelin! Bu sözlerde, gör, nähili mähirlilik, duýgy, söýgi, adalatlylyk, pahim-paýhas, parahatçylyk, mylaýymlyk bar. Jümle-jahan tebigatynyň gelşigi gül bolsa, ynsanyýetiň ýaraşygy gelin-gyzlar. Adamzadyň dowamat-dowam ýaşaýşynyň sebäpkäri hasaplanýan zenanlar güneşiň nury kimin maşgala ojagyny mydama ýyly mähir bilen gurşamagyň aladasynda. Taryhymyza ser salsak türkmen zenanlaryndan Baýhatyny, Güljemalhany, Tumarşany ýatlaman geçmek bolmaz. Özüniň gözbaşyny öňki döwürlerden bäri alyp gaýdýan milli däplerimiz, zenanlarymyza goýulýan sylag-hormat şu günki günde–de dowam edýär. Zenanlar barada gürrüň açylanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde olaryň sarpasynyň belent tutulýandygy, kadaly şertlerde ýaşamagy, çagalary terbiýeläp ýetişdirmegi , zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. 

Şol maksat bilen eneligi we çaganyň saglygyny goramaga niýetlenilen merkezleriň gurulmagy, durmuş-üpjünçilik kömek pullarynyň tölenmegi, her dürli ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy , galy berse-de, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman desgalarynyň yzygiderli gurlup durulmagy maşgala ojagynyň berkligini saklamaga gönükdirilenişlerdir. Şeýle zenanlarymyza goýulýan hormat sarpanyň biri Halkara zenanlar gününe bagyşlap, sekiz çagaly enelerimiziň Hormatly „Ene mähri“ nyşany bilen sylaglanmagydyr. Şeýle sylaglara Saýat etrabyndan dört sany mährem eneleriň hormatly „Ene mähri“ nyşanyna, Şa serpaýyna mynasyp bolmagy hem biziň üçin guwandyryjy wakadyr. Munuň özi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky tagallalaryndan, şeýle hem zenanlara goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Şonuň üçin, bu günki günde türkmenistanly gelin-gyzlar, ene-mamalar özlerini dünýädäki iň bagtly zenanlaryň hatarynda goýýarlar. 
      
 Her ýylyň 8-nji martynda bellenilip geçilýän Halkara zenanlar gününiň Türkmenistanda-da uly şatlyk-şowhun bilen toýlanylmagy halkymyzyň, şol sanda zenan maşgalalaryň hem Berkarar döwletimizde bagtyýar, eşretli ýaşaýandygynyň aýdyň beýany bolup, ol il-günümiziň kalbyna iň bir islegli baýramçylyklaryň biri hökmünde ornady. Goý, elmydama Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan enelerimiziň jany sag, ömri uzak bolup, öz perzentleriniň arasynda başy dik bolsun!

Okalan sany: 87   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08688 sek. ýüklenen baýt: 31290