Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Amul–Ha­zar 2018” aw­to­ral­li, yl­gaw we we­lo­si­ped sport ýa­ryş­la­ry.
Ýazylan wagty: 09 марта 2018 Ýazan Mayichka
Türk­me­nis­ta­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni giň­den ta­nyş­dyr­mak bu ýa­ryş­la­ryň esasy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan hä­zir­ki ýyl­da ýur­du­myz özü­niň bu ga­dy­my ýo­luň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­dä­ki or­nu­ny gaý­ta­dan di­keld­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan we eý­ýäm giň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ken “Amul–Ha­zar 2018” aw­to­ral­li, yl­gaw we we­lo­si­ped sport ýa­ryş­la­ry bu iş­le­re, gür­rüň­siz, tä­ze iter­gi be­rer. Bu sport çä­re­le­ri yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň, şeý­le hem tu­tuş sport ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şar.Şu hep­dä­niň ba­şyn­da Amul top­ra­gyn­da iki sport ýa­ry­şy­na – yl­gaw we we­lo­si­ped ýa­ry­şy­na ba­dal­ga be­ril­di, ola­ra ýe­di ýaş­dan ýet­miş ýa­şa çen­li is­len­dik adam gat­na­şyp bi­ler. Şeý­le­lik­de, ag­zy­bir­lik­de bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­lip, Amul­dan Ha­za­ra çen­li ara­lyk üs­tün­lik­li ge­çi­ler.2018-nji ýy­lyň 9–14-nji sent­ýabry ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek “Amul-Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de hä­zir­ki wagt­da iri möç­ber­li aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek­de baý tej­ri­be­le­ri bo­lan “Amau­ry Sport Or­ga­ni­sa­ti­on” we “Eсo Raсe” fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len des­lap­ky gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Kon­sal­ting, ut­gaş­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar­dan dür­li sport to­par­la­ry­ny ça­gyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ryň edil­me­gi­ne, şeý­le hem dün­ýä bel­li te­le­ýaý­lym­la­ryn­da we beý­le­ki ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çä­re­le­ri be­ýan et­mek we ma­ha­bat et­mek iş­le­ri­ne üns be­ril­ýär.Da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy bi­len ta­nyş­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş­ler hem-de hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lun­da mö­hüm ulag mer­ke­zi hök­mün­de or­nu­ny ber­kid­ýän ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň se­na­gat taý­dan ös­en ýer­ler­inde gaý­nap joş­ýan tä­ze dur­mu­şy gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar.Ral­li ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­jek ug­ru­nyň des­lap­ky çyz­gy­sy taý­ýar­la­nyp, ol bäş tap­gy­ra bö­lün­di. Olar Amul–Ma­ry, Ma­ry–Der­we­ze, Der­we­ze–Türk­men kö­li, Türk­men kö­li–Ýaň­ga­la, Ýaň­ga­la–Awa­za ugur­la­ry­dyr. Mun­dan baş­ga-da, ýa­ryş­la­ryň teh­no­lo­gik üp­jün­çi­li­gi, şol san­da GSP – ut­gaş­dyr­ma, hem­ra ara­gat­na­şy­gy, uçar­la­ryň ug­rat­ma­gy, bi­wu­ak­la­ry we iý­mi­ti gu­ra­mak, aw­tou­lag­la­ra ýan­gyç guý­mak üçin da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­ri çek­mek ýa­ly me­se­le­le­ri iş­le­mek we­zi­pe­le­ri dur­ýar.
Okalan sany: 201   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05555 sek. ýüklenen baýt: 31931