Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Monitoring maksatnama.
Ýazylan wagty: 10 марта 2018 Ýazan Mayichka
MEKDEP OKUWÇYLARYŇ BEDEN ÖSÜŞINI WE BEDEN TAÝÝARLYGYNY BAHALANDYRMAGYŇ TÄZE TEHNOLOGIÝASY BOLAN MONITORING MAKSATNAMASYNY MEKDEP BEDENTERBIÝESINE ORNAŞDYRMAKLYGYŇ USULYÝETI.
Biziň ylmy işimiziň esasynda hem okuwçylaryň beden ösüşini we beden taýýarlygyny bahalandyrmaga we gözegçilik etmäge ýardam berjek “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň kadalary” atly bedenterbiýe sport monitoring programmasy işlenip düzüldi. Işlenilip düzülen bedenterbiýe we sport monitoring programmasy döwletimizde bedenterbiýä we sporta gönükdirilen elektron programmalaryň ilkinjisidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport ulgamy üçin milli programmamyzyň ýokdugy hem-de ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ösmegi sebäpli, elektron dolandyryş ulgamyny ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak, peýdalanmak maksady bilen bilim we bedenterbiýe-sport ulgamy üçin elektron programmany taýýarladyk. Işiň dowamynda mekdep sporty üçin okuwçylaryň elektron pasporty we maglumatlar gory işlenilip düzüldi. Mundan başga-da şu elektron programmanyň kömegi bilen mekdep sportynyň netijeligine gözegçilik etmegiň elektron dolandyryş ulgamyny girizmek işleri alnyp baryldy. Mekdep bedenterbiýesini kämilleşdirmek üçin bedenterbiýe sport monitoring programmasy bilen utgaşikly goşmaça sapaklar üçin maksatnama düzülip okuwçylary ýörüte synag toparlarynda taýýarlanyldy. Bu goşmaça maksatnama üç bölümden bolup bedenterbiýe mugallymyň pedagokiki işine we okuwçylaryň bedenterbiýesini kämilleşmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleri özünde jemleýär. Maksatnamanyň I toplumyny “Sagdyn bol” diýip atlandyryldy. Onda esasan okuwçylaryň beden ösüşiniň kämilleşdirilmegine gönükdirildi. “Sagdyn bol” maksatnamamyzyň esasynda düzülen beden ösüşiniň testirlemeleri okuwçylar üçin gyzyklanma oýny hasaplanylýar, onda ýönekeýje enjamlary ulanmak bilen bäsleşmek mümkinçiligi döreýär we her bir okuwçy bal reýtingiň esasynda köp utuk toplamaklyga ymtylýarlar. Maksatnamanyň II toplumyny “Taýýar bol” diýip atlandyrdyk. Bu maksatnamada esasan mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe kadalaryny tabşyrmaklaryna gönükdirildi. Bedenterbiýe kadalaryny tabşyryp bilmedik okuwçylar bilen şahsylaşdyrylan meýilnama boýunça ýumuşlar tabşyryldy, sapakdan daşary taýýarlyk topary döredildi we goşmaça sapaklar geçirildi. Maksatnamanyň III toplumyny “Ýeňiji bol” diýip atlandyryldy. Maksatnamada “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygarynda geçirilýän Milli spartakiadanyň düzmindäki we ýerli şertlere laýyklykda sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryň 10 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilip köp utuk toplamaklaryna üns berildi. Bu utuklarda bahalandyrmagymyzyň özüne çekiji taraplary: aýry-aýry okuwçylaryň däl, eýsem tutuş synpyň, tutuş bilim edarasynyň beden taýýarlygyny bahalandyrmaklyga mümkinçilik berýär. Şeýle başlangyçlaryň amala aşyrylmagy okuwçylara diňe bir özi üçin däl, tutuş synp üçin çykyş etmäge mümkinçilik berýär we synpyň umumy hasabyna öz utuk goşandyny goşmaga itergi berýär. Bedenterbiýe sport monitoring maksatnamamyz okuwçylarda uly üstünliklere eltýän mehanizimler bolan inkär etmek, ymtylmak we bäsleşmek ýaly häsýetleriň ýüze çykmagyna hem itergi berdei. Sebäbi beden ösüşiniň we taýýarlygynyň hem-de sport ýaryşlaryň netijeleriniň dinamikasyny öz synpdaşlary bilen deňeşdirmeleri okuwçylara kemçiliklerini we artykmaçlyklaryny seljermäge ýardam berdi. Şeýle çemeleşmäniň kömegi bilen okuwçylary bu sapaga has işjeň we döredijilikli çekmäge, saglyga jogapkärçilikli çemeleşmäni kemala getirmek başartdy.
Okalan sany: 57   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07383 sek. ýüklenen baýt: 32023