Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tejribe işiň esasynda bedenterbiýe sport monitoring maksatnamanyň netijeliliginiň ylmy esaslandyrmasy.
Ýazylan wagty: 10 марта 2018 Ýazan Mayichka
Tejribe işiň esasynda bedenterbiýe sport monitoring maksatnamanyň netijeliliginiň ylmy esaslandyrmasy. Pedagogiki synag-tejribe 2013-2015 ý.ý. aralygynda Aşgabat şäheriniň 8,17 we 47-nji orta mekdepleriň binýadynda adaty şertlerde geçirildi. Barlag we synag-tejribe 15-17 ýaşly mekdep okuwçylardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Her ugurdaş synpdan üç synag-tejribe we üç barlag synplary boýunça jemi 504 sany ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Synag-tejribe synplaryndaky bedenterbiýäniň görnüşleri geçilende, okuwçylaryň ýaş we jyns aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen bedenterbiýe sport monitoring maksatnamasyny hem-de Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy şygarynda geçirilýäm mekdep spartakiadasynyň sport görnüşleri peýdalanyldy. Pedagogiki synag-tejribede beden ösüşiniň depginine garap geçeliň (8-9-njy tablisalar we 1-nji surat). Barlag we synag-tejribe synplarynda, boýy, agramy, döş kapasasynyň aýlowy, bedeniň agram boý gatnaşygyndaky indekslerinde ähli öwrenilýän synplaryň görkezijileri boýunça maglumatlaryň düýpli tapawudynyň bolmandygyny belleýäris. Bu tapawudyň ýoklygynyň sebäbi ýokardaky agzap geçen görkezijilerimize laýyklykda ösüş depgini biologiki ýaşyna we tebigy taýdan ösüşi bilen doly gabat gelýär, alynan görkezijileri daşary ýurt edebiýatlaryndaky teklip edilýän ülňeler bilen deňeşdirmizde hem kesgitli tapawudyň ýoklygy bilen düşindirilýär. Synag-tejribe synplarynda, tejribäniň ahyryna çenli okuwçylaryň beden taýdan ösüşiniň görkezijilerinde üzül-kesil üýtgeşmeler boldy. Barlag we synag-tejribe synplarynyň okuwçylarynyň boýy we agramy boýunça görkezijileri kän bir tapawutlanmaýar. Ýöne beýleki görkezijiler boýunça ( öýkeniň ýaşaýyş sygymy we penje güýji) synag-tejribe synplarynyň okuwçylary özleriniň barlag synplaryndaky ýaşytdaşlaryndan ýokary. Synag-tejribe synplarynyň ählisinde penje güýji oglanlarda 13,7%-e çenli gyzlarda 11,9%-e çenli artdy (P < 0,05 - 0,01). Öýkeniň ýaşaýyş sygymynyň görkezijisi ähli synplaryň oglanlarynda 9%-e, hem-de 8-nji we 10-njy synpda okaýan gyzlarda anyk ululyga 12,4%-e çenli artdy (P< 0,05). Bedeniň hereket edýän jisime bolan hereket reaksiýasy synag tejribe toparmyzda barlag toparyna garanyňda oglanlarda 15,2%, gyzlarda 12,8% ýokarlandy (P < 0,05 - 0,01). Mekdep bedenterbiýesine goşulan monitoring maksatnamasy we spartakiadanyň görnüşleri tejribe-synag synplarynyň okuwçylarynyň umumy beden ösüşiniň görkezijileriniň jemi (penje güýjiniň we öýkeniň ýaşaýyş sygymynyň ulalmagynyň hasabyna) oglanlarda 6,6%, gyzlarda bolsa 7,4%-e çenli ýokarlanmagyna ýardam berdi (P< 0,05). Barlag synpyndaky okuwçylaryň beden taýýarlygynyň görkezijileriniň ýokarlanmagy köplenç halatda anyk däldir. Diňe käbir synplarda beden taýýarlygynyň anyk ýokarlanmagy hasaba alyndy: 17-ýaşda oglanlarda 1000 m ylgamakda hem-de arkan ýatyp göwräni galdyrmakda; 16-ýaşda oglanlarda bat alyp uzynlygyna bökmekde; 17-ýaşda gyzlarda 1000m ylgamakda we uzynlygyna bökmekde. Okuw ýylynyň dowamynda okuwçylaryň beden taýýarlygynyň ýokarlanmagy olaryň beden ösüşiniň we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklarynyň kanunalaýyk netijesi boldy diýip hasaplamak mümkin. Synag-tejribe synplarynda köplenç ýagdaýda (P<0,5 - 0,01) beden taýýarlygynyň anyk ýokarlanmagy hasaba alyndy. Ýöne käbir görkezijiler, başarnyklaryň ýetmezçilik etmegi hem-de sapaklaryň dowamlylygynyň az bolmagy we türkmen gyzlarynyň etniki psihologiki aýratynlyklaryna görä barlag toparyň görkezijilerinden üzül-kesil üýtgedi. Bu görkezijilere gyzlarda ýyndamlyk başarnygyny talap edýän 30 m ylgamakda 6,6%, 100 m ylgamakda bolsa bary-ýogy 3,8% barlag toparyndan tapawutlandyrmak başartdy. Çydamlygy talap edýän 1000 m ylgawda bolsa 5,6%-e çenli ösüş gazanmaklyk başartdy. Bu görkezijileri gyzlaryň bedenterbiýe sapaklaryna aerobika, şeýping we tans sporty ýaly görnüşleriň goşylmagy bilen we okuwçylaryň jyns aýratynlyklaryny gözöňünde tutmak bilen has hem ýokarlandyryp bolar diýip çaklaýarys. Synag tejribe toparmyzyň görkezijileri barlag toparyna garanyňda oglanlarda 30 m ylgamak 10,7%, 1000 m ylgamakda bolsa 12,2% ýokarlandymagy başartdy. Çeýýeligiň görkezijisi bolan oturan ýeriňden öňe epilmek 15-17 ýaşly okuwçylarda oglanlarda 19,2%, gyzlarda bolsa 9% ösüş gazanmak başartdy. Synag tejribe toparmyzda güýç başarnyklaryny ösdürmek has ýeňil boldy. Şol sebäpli hem barlag toparyna garanyňda synag-tejribe synplarynyň ählisinde turnikde göwräňi çekmek oglanlarda 21,1%, gyzlarda pes turnikde 19,1%, direnip we arkan ýatyp göwräni galdyrmak gyzlarda we oglanlarda degişlilikde 18,5%-den, 23,7%-e çenli tapawutlykda (P<0,05 - 0,01) ýokarlandyrmak başartdy, duran ýeriňden we bat alyp uzynlygyna bökmek boýunça görkezijiler oglanlarda-da, gyzlarda-da anyk 6,4%-den, 11,2% (P<0,05) ululyga çenli ýokarlandy. Eliň ýaryjy güýjini häsýetlendirýän oturan ýeriňden 1kg agramlykly topy uzaga zyňmak testiniň görkezijileri oglanlarda 19,2,9%-e, gyzlarda bolsa 9,3%-e çenli barlag toparyna garanyňda ýokarlandyrmak başartdy. Şeýlelikde 15-17 ýaşly mekdep okuwçylaryň beden taýýarlygynyň görkezijileriniň jemi synag tejribe toparlarymyzda 15,4%, gyzlarda bolsa 10,6%-e çenli, barlag topary bilen deňeşdireňde takyk ululyga (P<0,05) ýokarlandyrmak başartdy. Muňa synag-tejribe synplarynyň okuwçylarynyň bedenterbiýe sapagyna we okuwdan daşary işlerine monitoring maksatnamasynyň goşulmagynyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygarynda geçirilýän milli spartakiadanyň ýerli derejede geçirilişine has üns berilendigi şeýle-de beden başarnyklaryny ösdürmekde kadalaşdyryjy çemeleşmäniň amala aşyrylmagy ýardam edendir we 15-17 ýaşly mekdep okuwçylaryň beden terbiýesiniň girizilen monitoring maksatnamasy sazlaşykly hereket başarnyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär diýip hasaplamak bolar. Synag-tejribe geçilmezden öň, okuwçylar özleriniň köpçülikleýin bedenterbiýe sport ýaryşlara gatnaşygynyň pesligini aýdan bolsalar, synag-tejribe tamam bolandan soň bu ýokary synp okuwçylaryň köpçülikleýin bedenterbiýe sport ýaryşlara gatnaşygy artdy. Okuwçylar yzgiderliklde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy şygarynda geçirilýän milli spartakiýada hem-de sagdynlyk we bagtyýarlyk aýy mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlara gatnaşdylar. Netije-de, okuwçylar ep-esli (günüň dowaynda) wagtlap, öz işjeňligini ýitirmezden bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp bilýärler. Bu bolsa olara dürli köpçülikleýin bedenterbiýe sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler boýunça barlag synplarynyň okuwçylarynyň öňüne geçmäge mümkinçilik berdi. Dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň görkezijileri synag-tejribe synplarynda 37 %, barlag synplarynda 21,5 % deň boldy (P<0,05). Okuwçylaryň monioring maksatnamanyň esasynda bedenterbiýe-sport bäsleşiklere höwes döremegi olaryň hereket işjeňliginiň ýüze çykmagyna getirdi. Netije-de barlag toparyna garanyňda tejribe toparyň okuwçylarynyň sport ýarşlara işjeň gatnaşygyny oglanlarda 25,0%-e çenli, gyzlarda bolsa 14,8%-e çenli degişlilikde ýokarlandyrmak başartdy. Şeýleleikde mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe boýunça okuw sapaklaryny guramak üçin täzeçil çemeleşmeleri gözlemekde bäsleşik görnüşleriniň özüne çekijiligi nazara alynýar. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň kadalary atly monitoring maksatnamasy esasynda mekdep okuwçylar bilen işlemekde birnäçe meseläni çözmäge, olaryň: hereket etmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga; joşgun-hyjuwlaryny höweslendirmäge; öz bedenlerine erk etmegi öwretmäge; beden taýdan görkezijilerini we hereket sazlaşygy başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýe sapaklarynda we okuwdan daşary işlerde monitoring maksatnamany yzygiderli ulanmak okuwçylaryň hereketleriniň kämilleşmegine, saglygynyň berkemegine, akyl we beden taýdan işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Bedenterbiýe sapaklarynyň düzümine monitoring maksatnamanyň girizilmegi okuwçylaryň bedenterbiýe sapaklaryna we özleriniň beden taýdan ösüşine şahsy garaýyşlaryna oňyn täsir edýär. Bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak beden ösüşiniň we beden taýýarlygynyň derejesiniň, şeýle hem okuwçylaryň ýörite okuwda işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Bu bolsa olaryň dürli bäsleşiklerde gazanan netijelerinde beýanyny tapýar. Monitoring maksatnamanyň ulanylmagy bilen geçirilen pedagogiki synag-tejribämiz okuwçylaryň beden ösüşine we beden taýýarlygyna oňyn täsiri barada öňe süren ylmy çaklamamyzy tassyklaýar.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05354 sek. ýüklenen baýt: 37503