Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Küşt tälimçisi.
Ýazylan wagty: 10 марта 2018 Ýazan Mayichka
Küşt tälimçisi diňe bir küşti gowy görýän adam bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol psiholog bolmaly, küşt oýnunyň adamyň psihikasyna we saglygyna edýän oňaýly täsirini pedagogiki nukdaýnazardan görkezip bilmeli. Şonuň bilen baglylykda, küşt sporty bilen meşgullanjak çagalary mediko-biologiki taýdan seçip almak, ýarawsyz, ýagny, psihiki taýdan durnuksyz, ýürek-damar keselleri bolan çagalary goýbermezlik wezipesi bolup durýar. Sebäbi, küşt oýny küştçä imosional we intelektual ýüklenmäniň düşmegine getirýän sportuň görnüşi bolup, nerw we ýürek-damar keselli çagalarda bu keselleriň ýitileşmegi mümkin. Aýdylanlara esaslanyp, küşt sport mekdeplerine gatnaýan çagalara, aýratyn hem, köp we uly gyzyklanma bilen türgenleşýänleri lukmançylyk barlagynda saklamaly. Çagany nädip küşt oýnuny öwretmeli? Nämeden başlamaly? Bu örän kyn soraglar, munuň üçin pedagogyň ýokary okuw jaýlarynda alan fiziologiki we psihiologiki bilimleri gerek bolýar. Psihiki ösüşiniň,akyl we pikirlenme mümkinçilikleriniň her ýaşdaky aýratynlyklary bilmeli. Çagalary küşt sportuna saýlap-seçip alnanda, tälimçi olaryň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Ýagny, sport bilen meşgullanmaga gelen çaganyň barlag görkezijileri kada(normatiw) laýyk gelse we sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga garşy görkezmeler ýok bolsa, onda oňa biologik we ruhy talabyny kanagatlandyrmak üçin sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermeli. Tälimçi sporta saýlamak üçin onuň şol sport görnüşine baglylykda tebigy ýa-da gazanylan başarnyklarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaly. Sportuň küştden tapawutlylykda, beýleki ähli görnüşlerinde diýen ýaly, çaganyň fiziki ösüşine laýyklykda ýa-da nesle geçijilik genetikasyndan ugur almak bilen saýlap-seçip bolýar. Meselem, basketbola uzyn boýly, elleri uzyn çagalary diagostiki barlag geçirip saýlap bolýar. Ýa-da kiçi ýaşly çagalaryň fiziki ösüşini prognoztiki barlag geçirip(ata-enesiniň fiziki ösüşine baglylykda), öňden onuň geljekgi beden gurluşyny çaklamak bolýar. Emma küşt sportuna saýlap seçilende çaganyň beden gurluşy, fiziki ösüşini bahalandyrmak peýdasyzdyr. Çünki, küşt sportunda esasan, onuň akyl taýdan başarnyklary wajyp rol oýnaýar. Çaganyň munuň ýaly başarnyklaryny kesgitlemek tälimçi-mugallyma kynçylyk döredýär. Tälimçi testleriň, sowalnamalaryň, galyberse-de ikiçäk oturyp gürleşmegiň üsti bilen çaganyň başarnyklaryny bahalandyryp bilýär. 3-4 türgenleşik sapagyndan soň, çaganyň sportuň bu görnüşinden ussatlyk derejesine ýetmäge mümkinçiliginiň bardygyny, onuň türgenleşikde özüni alyp barşy, geçilen materiallary özleşdirşi we akyl ýetirşine görä kesgitläp bolýar. Emma kähalatlarda, çaganyň türgenleşik sapaklaryna uýgunlaşmasy kyn geçip, göräýmäge netije çykmajak ýaly bolsa-da, ykjam öwrenişenden soňra,onda “oýanma” bolup geçýär, gitdigiçe gowy netijeler görkezýär. Şonuň üçin küşt sporty bilen meşgullanmak üçin gelen çagalaryň hemmesine-de, olaryň başarnyklarynyň derejesine garamazdan, aýratyn gatnaşyk ýoluny tapyp işlemeli. Çagalary köplenç, has kiçi ýaşdaka küşt bilen meşgullanmaga berýärler. Bu dogrumy? Bu soraga her bir çaganyň şahsy mümkinçiliklerini we psihiki ösüşiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup jogap bermeli. Çagalaryň köpçiligine 9-10 ýaşdan küşt bilen meşgullanmak bolýar. Elbetde, düzgünden çykýan ýagdaýlar hem köp duş gelýär. Has zehinli mekdebe çenli ýaşly çagalar bar. Bular üçin aýratyn çuňňur işlenilen gatnaşyk bolmalydyr. Gynansakda, ýurdumyzyň sport ulgamynda häzirki döwürde çagalary okatmagyň ylmy-amaly taýdan işlenilen görnüşi,maksatnamasy ýok. Nämeden başlamaly, haýsy görnüşde okatmaly, türgenleşige näçe wagt sarp etmeli belli däl. Ilki bilen çaga küşt tagtasyny ,mallaryň göçülişini öwrenýär. Ol hemme zatdan öňürti, öz mallaryny urgy astynda goýmajak bolup, bar ünsüni, pikirini şolara berýär. Soňra ol mallaryň özara gatnaşygyny özleşdirýär, ynha, şondan soň küşt oýnamaga başlaýar. Onda käbir düşünjeler döräp ugraýar, duýgurlygy ösýär, gitdigiçe oýundan lezzet alýar. Çagalar üçin islendik güýmenjäniň oýundygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Şonuň üçin hem, olara küşt hemişeki gyzyklanyp oýnaýan oýnuna öwrülmeli. Olar oýundan lezzet alýarlar,az ýadap,köp täze zatlary özleşdirýärler. Munuň bilen bir hatarda, takyk, peýdaly bilimleri hem alýarlar. Çagalar üçin türgenleşik uzaga çekmeli däldir, üýtgeşik we dürli hili sapaklar geçirilmeli:oýun başlangyçlary(debýutlar) we olara mahsus bolan hileler, 2 we 3 göçümli meseleler, etýudlar... Küşt oýnuny öwretmegiň kynçylygy mekdebe çenli we başlangyç synpdaky çagalary okatmak üçin niýetlenen okuw kitaplarynyň we tassyklanylan umumy maksatnamanyň ýoklugyndan ybaratdyr. Biz bu taslamany çagalaryň güýmenjeden edýän talaplaryndan ugur almak hem-de türgenleşmegi üçin ähli gerek bolan şertleri göz öňünde tutmak bilen işläp düzdük. Tälimçiler çagalary saýlap-seçip almakda, olar bilen aýratyn gatnaşyk ýoluna tapmakda we iň esasy türgenleşik sapaklaryny(BTT-1 we BTT-2 üçin) geçirmekde bu makaladan peýdalanyp bilerler. 
Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06538 sek. ýüklenen baýt: 33596