Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
"Agadir Grand Prix"
Ýazylan wagty: 11 марта 2018 Ýazan Mayichka

Agadir şäherinde (Marokko Patyşalygy) badalga alan dzýudo boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly ýaryşda Türkmenistandan bolan türgenler çykyşlaryna üstünlikli başladylar.

52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe bolan halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa üstünlik gazandy. Ýaryşlara dürli derejeli ýaryşlarda has ýokary netijeleri gazanan ildeşlerimiziň 8-si gatnaşýar.

Gülbadam Babamuratowa dzýudo, sambo we beýleki başa-baş söweşleriniň türkmen mekdebiniň ajaýyp türgen gyzlarynyň biridir. Onuň gazanan üstünlikleriniň hatarynda geçen ýylky birnäçe ähmiýetli ýaryşlardaky ýeňişleri bar: Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşda, “Memorial Harlampiýew” atly sambo boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda, Daşkentde sambo boýunça Aziýa çempionatynda, Aşgabatdaky V Aziýa oýunlarynda hem-de Soçide (Russiýa Federasiýasy) sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda gazanan altyn medaly bar.

Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05848 sek. ýüklenen baýt: 29562