Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ÿeňil atletika.
Ýazylan wagty: 11 марта 2018 Ýazan Mayichka
Angliýanyň Birmingem şäherinde Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 17-nji Dünýä çempionaty geçirilýär. 1-nji martda başlanan çempionat 4-nji martda-da tamamlanar. Ilkinji günki ýaryşlarda beýikligine bökmekde erkekleriň arasynda-da, zenanlarda-da russiýaly ýeňil atletikaçylar altyn medala mynasyp boldular. Erkeklerden 20 ýaşly Danil Lysenko (2,36 metr) altyn, katarly Mutaz Essa Barşim (2,33) kümüş hem-de germaniýaly Mateuş Pşibilko (2,29) bürünç medal gazandy. Zenanlardan Mariýa Lasiskene 1-nji (2,01 metr), amerikaly soňky çempion Waşti Kanningem 2-nji (1,93), italiýaly Alessia Trost 3-nji (1,93) ýeri eýeledi. Şeýle-de 3000 metr ylgamakda efiopiýaly Genzebe Dibaba yzly-yzyna 3-nji çempionlygyny baýram etdi (8:45,05 minut). Niderlandlardan Sifan Hassan 2-nji, Beýik britaniýaly Laura Muir 3-nji orna mynasyp boldy.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12148 sek. ýüklenen baýt: 28973