Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
"Laureus" baÿragy.
Ýazylan wagty: 11 марта 2018 Ýazan Mayichka
Spor­tuň Os­ka­ry diý­lip gör­ke­zil­ýän “Lau­re­us” Dün­ýä sport baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri Mo­na­ko­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da mä­lim edil­di. 2000-nji ýyl­dan bä­ri “Lau­re­us” sport aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan beri­lýän bu ab­raý­ly sy­lag­lar­da ýy­lyň er­kek tür­ge­ni diý­lip, şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer saý­lan­dy. 36 ýa­şyn­da­ky us­sat ten­nis­çi ýy­lyň gaý­dyp ge­l­şi sy­la­gy­na-da my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, Fe­de­re­riň “Lau­re­us” baý­rak­la­ry­nyň sa­ny 6-a ýe­tip, ol bu ba­bat­da öň­de bar­ýar. Ol 2005–2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da 4 ge­zek ýy­lyň er­kek tür­ge­ni diý­lip saý­la­nyp­dy. Ame­ri­ka­ly ten­nis­çi Se­re­na Wil­liams bol­sa, 4-nji sa­par ýy­lyň ze­nan tür­ge­ni baý­ra­gy­ny eýe­le­di. Ýy­lyň to­pa­ry diý­lip, “Merce­des” F1 to­pa­ry saý­lan­dy. Is­pa­ni­ýa­ly golf­çy Ser­jio Gar­si­ýa ýy­lyň ösüş gör­ke­zen tür­ge­ni, şweý­sa­ri­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Mar­sel Hug ýy­lyň pa­ra­lim­pi­ýa tür­ge­ni, fran­si­ýa­ly ýah­ta­çy Ar­mel Le Kleaş ýy­lyň he­re­ket­li sport­lar tür­ge­ni diýlip, yg­lan edil­di. Ozalky ýyllarda Pe­le, Ýo­han Kroýff, Zi­ne­din Zi­dan, Ni­ki Lau­da, Ser­geý Bub­ka ýa­ly dün­ýä spor­tu­nyň öň­de­ba­ry­jy şah­sy­ýet­le­ri­niň alan “Ömür­bo­ýy ba­şar­nyk” baý­ra­gy bu ýyl ame­ri­ka­ly, öň­ki ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Ed­win Mo­ze­se be­ril­di. 3-nji ge­zek gow­şu­ryl­ýan adat­dan da­şa­ry üs­tün­lik sy­la­gy­na-da ge­çen ýy­l fut­bo­ly taş­lan ro­wa­ýa­ty oýun­çy, ita­li­ýa­ly Fran­çes­ko Tot­ti la­ýyk gö­rül­di.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06960 sek. ýüklenen baýt: 30018