Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gõreş
Ýazylan wagty: 11 марта 2018 Ýazan Mayichka
Gündelik türgenleşik meýilnamalary” atly makalamyzda göreş sportunda üstünlikleriň açary bolan türgenleşik meýilnamalary, olaryň tapgyrlary, gurluşy, häsiýetnamasy, ýaryşlar ulgamy, umuman, ýaryşlaryň köpgörnüşliligi bilen baglanyşykly ençeme soraglara jogap tapyp bilersiňiz. Şeýle-de türgenleşikleri meýilleşdirmekligiň gündelik resminamalary, mezotapgyr, makrotapgyr we türgenleşik ýylyna edilýän meýilnamalar barada gerekli maglumatlar alyp bilersiňiz. Gollanma göreş sporty boýunça belli rus hünärmenleri G.S.Tumanýanyň we W.W.Gožiniň «Текущие тренировачные планы» (Москва, “Советский спорт”, 2000) okuw gollanmasyna salgylanyp hem-de internet maglumatlary bilen üsti ýetirilip ýazyldy. Bu makala ýörite we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, sport mekdepleriniň tälimçileri, umuman, göreş sportuny söýüjiler üçin niýetlenendir. Ylmyň adamyň aň-düşünjesine täsir edip, adamy özüniň öňünde we tebigatyň öňünde goragsyzlygyny ýeňip geçmekligi onuň esasy gazanan üstünlikleriniň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportunyň dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek, türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmakdan ybaratdyr. Türgenleşikleri meýilleşdirmekligiň gündelik resminamalaryna mezotapgyra, makrotapgyra we türgenleşik ýylyna edilýän meýilnamalar degişlidir. Mezotapgyry iki sany tapgyrda düzülip bilner (öý hem-de merkezleşdirilen taýýarlykdan). Olaryň birinjisi türgenleşigiň adaty şertlerinde, ikinjisi düzgün boýunça ýörite okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda geçirilýär. Mezotapgyrlaryň sany içinde kesgitli göreşijiniň gatnaşmaklygy meýilleşdirilýän barlag ýaryşlarynyň sanyna baglydyr. Birnäçe mezotapgyrlar türgenleşik makrotapgyryny düzýärler, 3 sany makro tapgyr bolsa – türgenleşigiň ýyllyk tapgyryny düzýär. Eger-de tälimçi ussatlyk derejesine ýeten göreşijiler üçin hödürlenýän türgenleşik ýylynyň gurluşyny kabul edýän bolsa, onda ol “çarhlaýyn esasnamany” doly kabul etmelidir. Bu bolsa aşakdaky dürli meseleleri kabul etmeklik zerurlygyny aňladýar: dürli türgenleşik maglumatlary; türgenleşik günleri (esasy we dolandyryjy); öý we merkezleşdirilen taýýarlygyň tapgyrlary. Bu tälimçiniň türgenleşik ýylynda taýýarlaýyş, ýaryş we geçiş tapgyrlaryny bellemekligini aňladýar. Şeýle çözgüt kabul edilende türgenleşik ýylynda makro tapgyrlaýyn ýa-da taslama meýilnamasyny ulanmaklyk amatly bolýar. Bu tälimçiniň ussatlyk işjeňligini täzeden gurnamak bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin berlen hödürnamalara doly düşünmeklik we “çarhlaýyn esasa” ýykgyn edilen, has geljegi bolan usulyýeti özleşdirmeklik zerurdyr. Bu bolsa dürli umumy we ýörite ýüklenmeleriň yzygiderliginiň hasabyna göreşijileriň işe ukyplylygyny dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Başlangyç taýýarlykly toparlar bilen işlenende okuwçylaryň, okaýan hem-de zähmet çekýän ýaşlaryň türgenleşiklerini meýilleşdirmeklik boýunça gerek bolýan hödürnamalar “Türgenleşik ýylyny meýilleşdirmek” bölüminde berilýär. türgenleşik mezo tapgyry näme? Ol haýsy böleklerden ybarat? Mezo tapgyrlaryň dürli görnüşleri bellenende nähili geçişler bolýar? Olaryň arasynda nähili baglanyşyk bar? Olaryň içinde haýsylary has täsirli bolup durýar? turnir hem-de matç ýaryşlarynyň merkezleşdirilen taýýarlygyň meýilnamasyny nähili düzmeli? Ýaryşlara taýýarlygyň dowamylylygy we şowlulygy nämä bagly? öý hem-de merkezleşdirilen taýýarlygyň şertlerinde turnir ýaryşlarynyň öňüsyrasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşmalarynyň “çarhlaýyn” meýilnamasyny nähili düzmeli? türgenleşik makro tapgyry näme? Makro tapgyrlaryň nähili görnüşleri, dowamlylygy, maksady, meseleleri, usullary we guramaçylyk görnüşleri bar? Türgenleşik ýylynda olaryň sany näçä deň bolmaly? ady belli türgenleriň taýýarlygynyň şahsy tejribeligi ylmy barlaglaryň serişdesi bolup bilermi? Bu ýagdaýda barlaglaryň haýsy usuly ulanylyp bilner we türgenleşik makro tapgyrynyň meýilnamasynyň esasy ýörelgesi nähili kesgitlenilip bilner? Ady belli türgenler tarapyndan marko tapgyrlary meýilleşdirmekligiň şahsy tejribeligi nähili ylmy hem-de tejribe gymmatlygyny düzýär? täze öwrenijiler we ussatlyk derejesine ýeten göreşijiler üçin türgenleşik ýylynyň gurluşynyň haýsy görnüşleri bar? Haýsy hadysalar türgenleşik ýylyny meýilleşdirmeklige eltýär? türgenleşik ýylyndaky ýaryşlaryň umumy kabul edilen we tapgyrlaýyn ulgamlarynyň maksady näme? Ýaryşlaryň nähili görnüşleri bar? Haýsy närseler (faktorlar) olaryň bir ýyldaky sanyny kesgitleýär? sportuň beýleki görnüşlerindäki ulanylýan ýyllyk türgenleşikleri meýilleşdirmekligiň tejribeligini başa-baş göreşlerde ulanyp bolýarmy? türgenleşik ýylynyň taslama meýilnamasy näme? Ol umumy kaşbul edilen meýilnamadan nähili tapawutlanýar? türgenleşik ýylynyň dowamynda nähili türgenleşdirmelidigini biler ýaly meýilnamany nähili düzüp bolar? Türgenleşik ýylyny meýilleşdirmekligiň iň çylşyrymly serişdesi bolup durýandygyny tälimçiler ýatdan çykarmaly däldirler. Olimpiýa ýylyndaky türgenleriň iň gowy netijeleri seýrek ýagdaýlarda 50%-e ýetýänligi muňa şaýatlyk edýär. Olmpiýaçylar bolsa – dünýäniň iň gowy türgenleri bolup durýarlar hem-de olary iň gowy tälimçiler taýýarlaýarlar. Şonuň üçin tälimçiler gollanmanyň “Meýilleşdirmeklige eltýän hadysalar” hem-de “Ýyllyk tapgyryny meýilleşdirmek boýunça esasy netijeler” bölümlerine köp üns bermelidirler.
Okalan sany: 100   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,32153 sek. ýüklenen baýt: 34752