Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Atçylyk sporty barada umumy düşünje.
Ýazylan wagty: 12 марта 2018 Ýazan Mayichka
ATÇYLYK SPORTY BARADA UMUMY DÜŞÜNJE
 Atçylyk sportunyň ýönekeý görnüşleri gadym zamanlarda döräp başlapdyr. Orta Aziýa halklarynyň atly nökerleriniň dürli at çapyşyk ýaryşlary we at üstündäki oýunlary, gadymy grekleriň atly arabajyklardaky ýaryşlary, orta asyrlarda atly nökerleriň at üstündäki söweş tälimlerini beriji dürli-dürli (gylyçlaşmak, naýzalaşmak, altyn gabagy nyşanlap atmak) oýunlary we gadymy Olimpiýa oýunlaryndaky atly sport ýaryşlary bularyň hemmesi sportuň geçen döwürlerdäki çylşyrymly ýollarydyr. Atçylyk sportunyň ösüş taryhynda her hilli üýtgeşmeler bolsa-da, onuň soňky maksady üýtgemezden, özüne erk edip bilýän beden taýdan sagdyn, güýçli we çalasyn hem batyr adamlary terbiýelemek bolup galypdyr. Orta Aziýada gadymyýetde dörän berkarar türkmen döwletleriniň atly nökerleriniň öz atlaryny harby ýörişlere ýörite seýisläp taýýarlamak, nökerleri at üstünde naýzalaşmagy, gylyçlaşmagy öwretmek, atlara we nökerlere bolsa bilelikde batyrgaý hereketleri öwretmek ýaly tälimleri öwredipdirler. Türkmen halkynyň Görogly şadessanynda Görogly begiň Nişapur şäherinde gyr atyny alty aý ýörite seýisläp, at üstünde görkezen oýunlary häzirki zaman atly geziminiň ýokary mekdebiniň ýaryşlaryna meňzese, Nişapur galasynyň gädiginiň üstünden atly böküp, galanyň daşyndaky garymyň hem birgez aňyrsyna böküp geçmegi, gyr atyň Araz çaýyndan böküp geçmegi häzirki zaman atly sportunyň üç görnüşli ýaryşlaryna meňzeşdir. “Orta Aziýa halkalarynyň milli at üstündäki oýunlary atçylyk sportunyň başlangyç gözbaşydyr” diýip, rus atşynas alymlary A.Krasnikow, Ý.Barminsow bu pikiri ýene bir gezek tassyklaýarlar. Türkmen milli medeniýetindäki “Göroglynyň at oýnadyşy”, “Saparmämmet”, “Taý atym”, “At çapan” ýaly türkmen halk sazlary türkmen atçylyk sportunyň, at çapyşyklarynyň örän gadymyýetde dörändiklerine şaýatlyk edýär. Orta asyrlarda Haçly ýörişler döwründe Palestinada, günorta-günbatar Türkiýede Orta Aziýadan ol ýere kömege baran atly goşunlar haçly goşunlar bilen ýüzbe-ýüz söweşenlerinde ýewropalylar olardan at üstündäki dürli harby tilsimleri, hereketleri, çylşyrymly maşklary görüp öwrenipdirler. Şeýlelikde, gündogar halklarynyň at üstündäki oýunlarydyr atly emelleriniň esasynda XV-XVI asyrlarda Italiýada atçylyk sportunyň häzirki zaman görnüşleriniň biri – atly gezimiň ýokary mekdebi döreýär. Şonuň bilen bir döwürde Fransiýada, Ispaniýada ýörite meýdançalarda at oýnatmagyň mekdepleri döreýär. XVI-XVIII asyrlarda bolsa Angliýada atly sportuň çylşyrymly görnüşi – päsgelçilikli çapuwlar – atçylyk sportunyň has çylşyrymly stipl-çez görnüşi döreýär. Wagtyň geçmegi bilen dürli ýurtlarda atlary sport ýaryşlaryna seýisläp, türgenleşdirmegiň usulyýetleri we ýaryş geçirmegiň düzgünleri kämilleşdirilýär. XX asyryň başlarynda we ortalarynda jahan uruşlarynyň başlanmagy bilen atlaryň harby ulag serişdesi bolup ulanylmagy täzeden güýjeýär we giň gerim alýar. Atly goşunlaryň ähmiýeti artmak bilen atyň öwredilen çylşyrymly hereketlerine talap artýar. Atçylyk sportunyň halkara we Olimpiýa oýunlaryndaky taryhyna ser salyp geçeliň. Olimpiýa oýunlary Gadymy Gresiýada uly baýramçylyk we sport ýaryşlary görnüşinde geçirilipdir. Olimpiýa oýunlary b.e.öň 776-njy ýyldan başlanýar we her dört ýyldan geçirilip bäş gün dowam edipdir, ol biziň eýýamymyzyň 394-nji ýylynda üznüksiz uruşlar zerarly ýatyrylýar. B.e.öň 680-nji ýyldan başlap Olimpiýa oýunlarynyň tertipnamasyna at goşulan arabajyklarda ylgaw ýaryşlary boýunça bäsleşikler geçirilip başlanylýar. B.e.öň 648-nji ýyldan bolsa oýunlaryň tertipnamasyna at çapyşyk ýaryşlary goşulýar. Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýyldan başlap täzeden dikeldilýär. Onuň tertipnamasyna 1900-nji ýylda ilkinji Pariž olimpiýadasyndan başlap atçylyk sporty ýaryşlarynyň nusgawy görnüşleri girizilýär. 1921-nji ýylda atçylyk sporty boýunça Halkara Federasiýasy – FEI döredilýär. Häzirki wagtda ol federasiýasynyň düzümine 100-den gowrak ýurtlar agza bolup girdi. Türkmenistanyň milli atçylyk sporty federasiýasy 1987-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda ol gurama FEI-niň düzümine kabul edildi. Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň edara jaýy Ženewa (Şwesariýa) şäherinde ýerleşendir. Atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň Ýewropa çempionaty 1953-nji ýyldan başlap geçirilýär, atly gezimiň ýokary mekdebi boýunça halkara çempionat ýaryşlary 1966-njy ýyldan bäry geçirilýär.
Okalan sany: 86   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05139 sek. ýüklenen baýt: 32755